text
stringlengths
453
39.2k
BMG-niň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyndaky hüjümiň aňrysynda kimiň bolandygyny anyklamak boýunça derňewi “öli”, emma Orsýet Günbatar ýurtlarynyň “täze mehanizmini döretmek” tagallalary üçin açyk diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi aýtdy. Wasiliý Nebenziýa bu beýanaty bilen 22-nji noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň derňewleri dowam etdirmek meselesini maslahat etmeginiň yzýany çykyş etdi. Geçen aýda Orsýet Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyndaky hüjümleriň kim tarapyndan amala aşyrylandygyny anyklamak boýunça derňew mehanizminiň ygtyýarlygynyň möhletiniň uzaldylmagyna birnäçe gezek weto gadagançylygyny girizdi. Nebenziýa himiki hüjümlerde Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunynyň günäkärdigini aýdan we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň aglabasy tarapyndan goldanýan BMG-niň bilelikdäki derňew mehanizminiň (JIM) “doly ynamdan gaçandygyny” aýtdy. Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň dowamynda 330 müňden gowrak adam wepat boldy we millionlarça adam ýaralandy. BMG-niň derňew mehanizminiň tarapdary Matthew Rykroft “BMG-niň bilelikdäki derňew mehanizmi bolmasa-da, biz çekilmekçi däl” diýip, 21-nji noýabrda aýtdy we başga halkara adalat mehanizmleriniň gözlenýändigini belledi.
Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizioldi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr. Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri, ol hem 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar. Bu gün Aşgabat ýurduň syýasym durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir, onuň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlenendir. Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir. Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär. Bu günki günde Aşgabat ş. ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Bu ýerde tele- we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen toy döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýändir.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 29-njy oktýabrda Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç bilen duşuşýar. Wuçiç soňky gezek Putin bilen bir ýyl mundan ozal duşuşypdy. Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda gepleşik geçirýär, emma ÝB-niň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna garşy çykyş edýär. “Biz Orsýete garşy sanksiýalardan ýüz öwüren ýewropa ýurtlaryň biri bolup, Orsýete bolan açyk we dostlukly gatnaşygymyzy subut etdik”, diýip Wuçiç Moskwada premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen söwda barada geçiren gepleşikleriniň yzýany aýtdy. Wuçiç Serbiýanyň bu syýasatyny mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini mälim etdi. Serbiýanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy bilen Serbiýada gazy saklamak üçin kärhanalaryň sanyny artdyrmak barada ylalaşyga gol çekmäge ýakynlaşandygyny aýtdy. Orsýet Serbiýadan azyk önümleriniň importyny artdyrdy. Medwedewiň žurnalistlere aýtmagyna görä Orsýetiň Serbiýadan satyn alýan azyk önümleriniň möçberi şu ýylyň birinji ýarymynda 40% artypdyr.
Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşinýan Ýerewanda, protest mahalynda tussag edildi. Paşinýan premýer-ministr Serž Sarkisýan bilen başa barmadyk gepleşikden gysga wagt soňra tussag edildi. “Adamlar Nikoly [Paşinýan] azat etmeli” diýip, oppozisiýadaky kanun çykaryjy Sasun Mikaelýan özi hem tussag edilmezinden öň žurnalistlere aýtdy. Olar Sarkisýanyň häkimiýetden ýapyşmagy diýýänlerine garşy tapgyr onunjy gün köpçülikleýin protest bildirýärler. Ermeni polisiýasy biraz soň Paşinýanyň tussag edilendigi baradaky habarlary ret etdi we oppozisiýa lideri paýtagtdaky protest ýygnanyşygyndan “mejbury alnyp gaýdyldy” diýdi. Sarkisýan günüň birijnji ýarymynda Paşinýan bilen duşuşmaga gelip,oppozisiýany “şantaž etmekde” aýyplady. "Men bu ýere seniň işden çekilmegiň barada gürleşmäge geldim” diýip, Paşinýan Ýerewanyň “Marriott” myhmanhanasynda başlanan duşuşykda premýer-ministr aýtdy. “Bu dialog däl, bu şantaž” diýip, Sarkisýan metbugat wekilleriniň hem goýberilen duşuşyk otagyndan çykyp gitmezinden öň aýtdy. Sarkisýan çykyp gitmezinden öň Paşinýanyň syýasy ýaranlarynyň parlament saýlawlarynda diňe “alty ýa ýedi prosent ses alandyklaryny” aýdyp, ony halkyň adyndan gürlemezlige hem-de hökümetiň öňünde ultimatum goýmazlyga çagyrdy. Paşinýan Sarkisýanyň reallykdan arasynyň üzülendigini aýtdy we öz tarapdarlaryny has kän bolup, bütin ýurt boýunça parahat ýörişe, raýat boýun egmezligine çagyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Ylym ynsan baýlygy» atly sergi gurnaldy «Ene kalby nepisligiň nusgasy» Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän «Ylym ynsan baýlygy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar. 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş» atly sergi gurnaldy Çagalar geljegimizi nurlandyrýan güneş 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli « Mirasyň bezegi türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň birnäçesi Hatyra güni mynasybetli muzeýde giňden geçirildi. TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň geçiren söhbetdeşliginde muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, Daşoguz teleradiostudiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulysy Bally Narçyýew hem-de TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy Ýakup Atabaýew dagylar çykyş edip, eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýandygy barada gürrüň etdiler. * * * TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň geçiren maslahatynda-da mähriban topragymyza çäksiz söýgüniň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde halkymyz dürli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmegi başarandygy dogrusynda çykyşlar edildi. Çäreleriň ählisinde Garaşsyz Watanymyzda döretmek, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi. 04.10.2022 ý. © Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 744000, Türkmenistan, ş.Daşoguz. N.Andalyp şaýolunyň 25-nji jaýy. Tel: +993 322 2 28 44, Fax: +993 322 9 28 73
Oktýabr aýyna çenli dowam etjek bu sergä dünýaniň 200 töweregi ýurdunyň we halkara guramalarynyň gatnaşjakdyklary habar berilýär. “Gowy şäherde gowy ýaşaýyş” şygary astynda geçirilýan bu halkara sergisine 70 milliona golaý adamyň barjakdygy çaklanylýar. 18 million ýaşaýjysy bolan Şanhaý şäheri dünýaniň iň iri 10 şäheriniň biri bolup durýar. Bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň, Orsýetiň prezidentleriniň Şanhaýa baranlyklary habar berildi. Prežident G.Berdimuhamedowyň Hytaýa edýän häzirki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem “Expo-2010” sergisine gatnaçjakdygyny türkmen metbugaty habar berýär.
Salgysy: Aşgabat ş., B.Annanow köç., 28. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi Tel: (+99312) 43-51-97 E-mail: guljahan7272@gmail.com Kafedra 1935-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň binýadynda ýerleşýär. Kafedranyň işgärleriniň kuwwatlylygynyň özenini ylymlaryň kandidatlary düzýär. Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary “Akuşerçilik” dersiniň bölüminde göwreliligiň we dogrumlaryň kadaly geçişini, şeýle hem akuşerçilik patologiýalaryny öwrenýärler, fantom okuwyny geçýärler. “Ginekologiýa” bölümine ginekologik keselleriniň öwrenilmesi, şeýle hem çaga we ýetginjekler ginekologiýasy meseleleri girizildi. Okuw döwründe talyplar akuşerçilik-ginekologiýa stasionarynyň ähli bölümleriniň işi bilen tanyşýarlar, tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda amaly endikleri özleşdirýärler. Esasan hem göwreli aýallara we ginekologik näsaglara gyssagly kömek bermekde nazary meseleleriň öwrenilmegine we amaly endikleri özleşdirmäge, olaryň özbaşdak işde ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda amaly sapaklarda ýagdaýly meseleleri çözmeklik, keselleriň taryhyny seljermeklik, nozologiýalar babatda häzirki zaman maglumatlar bilelikdäki tematiki modullar, kafedranyň işgärleri tarapyndan işlenip düzülen rol oýunlary, akuşerçilik we ginekologik fantomlar, wideomateriallar giňden ulanylýarlar. Talyplary özbaşdak okatmaklyk üçin okuw meýilnamasy tarapyndan göz öňünde tutulan ähli temalaryň girizilmegi bilen internet-portaly döredildi. Bilimleriň test barlagy we jemleýji sapagy uzak aralykdan tabşyrmaklyk ornaşdyryldy. Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Ginekologiýa” okuw kitaby neşir edildi, 100-den gowrak usuly gollanmalar, şol sanda: “Akuşerçilik boýunça beýanlaryň ýygyndysy”, “Ginekologiýa boýunça beýanlaryň ýygyndysy” işlenip taýýarlandy. Kafedranyň beýan we amaly sapaklarynyň multimediýa tanyşdyryşlary döredildi. Okuw meýilnamalaryna “Howpsuz enelik” maksatnamasynyň ýörelgelerini ornaşdyrmaklyk dowam etdirilýär. Bu maksatnama boýunça okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyp, okuw interaktiw seminarlary geçirilýär. Kafedranyň ylmy işiniň esasy ugurlary - aýallaryň reproduktiw funksiýasynyň bozulmalaryny anyklamagyň we bejermegiň kämilleşdirilişi; jyns ýollaryndan geçýän keselleriň öňüni almak; maşgalany meýilleşdirmek. Bularyň ählisi ene, perinatal we ginekologik keselçiligi we ölümi azaltmaklyga, Türkmenistanyň ilatynyň aýallarynyň saglyk we ýaşaýyş hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Kafedranyň işgärleri ýurduň ilatyna maslahat beriş we lukmançylyk kömegini bermeklige gatnaşýarlar. Olar her gün kliniki maslahatlary geçirýärler, keselleriň taryhlaryny alyp barýarlar, has çylşyrymly ýagdaýlary gözden geçirýärler, anyklaýşyň we bejerginiň täze usullaryny ornaşdyrýarlar, sanitar awiasiýasynyň ugry boýunça gyssagly we meýilnamalaýyn kömegini amala aşyrylýar. Kafedranyň işgärleri öz hünär derejesini yzygider ýokarlandyrýarlar we pedagogika hem psihologiýa boýunça okuwlary geçýärler. Radioda we telewideniýede çykyş etmek, döwürleýin neşirlerde makalalary taýýarlamak, lukmanlar we ilat üçin beýanlaryň okalmagy sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmegine we aýry-aýry keselleriň öňüni almaklyga ýardam berýär.
Häzirki wagtda “Parahat” HK gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemegiň esasynda çagalar üçin pýureleri, şeýle hem kokteýlleri taýýarlaýar. “Parahat” hususy kärhanasy şu ýylyň ahyryna çenli ýaşy 6 aýlykdan uly bolan çagalar üçin şüleleriň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileri birleşmesiniň resmi internet sahypasynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasy bilen bilelikde süle, greçka we tüwi şüleleriniň önümçilik tehnologiýalary işlenilip düzülýär. Bu işde irki ýaşdaky çagalar üçin önümleriň hiline, howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Çaga önümlerini öndürmek bu kärhananyň esasy ugurlarynyň biridir. Kärhanada tebigy çig malyň esasynda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan peýdaly we ekologiýa taýdan arassa önümler öndürilýär. Häzirki wagtda “Parahat” HK gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemegiň esasynda çagalar üçin pýureleri, şeýle hem kokteýlleri taýýarlaýar.
2022 nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäginde “Ýüpekçilik – gadymy senet”atly sergi gurnaldy. Türkmenleriň ýüpekçilik medeniýeti öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýüpekçiligiň halkymyzyň iň inçe, gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy çeşmeler, ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw- agtaryş işleri şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäkleri taryhy ýerleriň Ýüpek ýolynyň çatrygynda ýerleşip, onuň ykdysady taýdan howpsuzlygyny üpjün etmekde we yzygiderli amala aşyrylmagynda esasy köpri bolup hyzmat edipdir. Türkmenleriň döreden gymmatlyklaryna ýüpek matalary, Beýik ýüpek ýoly boýunça alnyp barylan söwda gatnaşyklarynda uly isleg bildirilen harytlaryň biri bolupdyr. Söwda kerwenleri arkaly Mary, Ürgenç, Nusaý, Dehistan ýaly uly şäherleriň şowhunly bazarlarynda Çyn-Maçyndan, Şamdan, Yrakdan, Eýrandan, Hindistandan, Kawkaz ýurtlaryndan getirilen matalaryň, şalyň, çig ýüpegiň söwdasynyň bolandygy orta asyr ýazuw çeşmelerinde teswirlenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň guramagynda “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpekçilik-gadymy senet” atly sergi gurnaldy. Maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa açdy. Maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçilik kafedrasynyň uly mugallymy Arzygül Kakalyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Jeren Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler. Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde ýüpekçiligiň taryhy, pileleriň görnüşleri we ýüpek dokmaçylygynda ulanylýan gurallar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da türkmen milli egin-eşikleriniň aglaba bölegi: keteni köýnekler, donlar, başgaplar, başatgyçlar goýlupdyr. Ik egirip oturan türkmen zenanynyň görkezilmegi serginiň milliligini artdyrýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gurnan sergisinde döwrebap lybaslar, ýüpekden dokalan haly we haly önümleri, matalar, ýagny, pombarhatlar, keteniler, düýpli gyňaçlaryň sergilenmegi ýüpekçilik pudagynyň häzirki döwürde kämilleşýändiginiň beýanydyr.
Ýyldyz — jümmüşinde termoýadro sinteziniň reaksiýalary bolup geçýän (ýa-da öň bolup geçen), öz grawitasiýasynyň güýji bilen saklanýan, ýagtylyk goýberýän massiw gaz şary. Alp daglarynda ýyldyzly asman, Şweýsariýa Ýere iň ýakyn ýyldyz Gün bolup, ol G spektral klasynyň adaty wekilidir. Ýyldyzlar grawitasion gysylmanyň netijesinde gaz-tozan gurşawyndan (esasan, wodorod bilen geliden) emele gelýärler. Ýyldyzlaryň jümmüşindäki maddalaryň temperaturasy million kelwin, ýüzündäki maddalaryň temperaturasy bolsa, müň kelwin bilen ölçelýär. Ýyldyzlaryň aglaba köpüsiniň energiýasy içerki oblastlarda wodorodyň geliýe öwrülmeginiň ýokary temperaturadaky termoýadro reaksiýalarynyň netijesinde bölünip çykýar. Ýyldyzlar ýygy-ýygydan Älem-jahanyň esasy jisimleri diýlip atlandyrylýarlar, sebäbi olar tebigatdaky ýagtylyk ýaýradýan maddalaryň esasy massasyny özlerinde saklaýarlar. Ýene bir bellärlikli mesele hem, ýyldyzlaryň otrisatel ýylylyk sygymy bardyr. Uly Magellan Buludynda ýyldyzlaryň emele gelýän oblasty Güne iň ýakyn ýyldyz Sentawr proksimasy bolup durýar. Ol Gün ulgamynyň merkezinden 4,2 ýagtylyk ýyly (4,2 ýgt. ýyly = 39 Pm = 39 trillion km = 3,9·1013 km) uzaklykda ýerleşýär. Ýönekeý göz bilen seredilende (gowy görüş ýitiliginde) asmanda her ýarym şarda 3000 sanydan, jemi 6000 töweregi ýyldyz görmek bolýar. Ýerden görünýän ähli ýyldyzlar (şol sanda iň kuwwatly teleskoplar bilen görülýänler) galaktikalaryň ýerli toparynda ýerleşýär.
Alymlar diňe gara deşikleriň merkezinde duş gelnen we şol sebäpdenem görünmeýän grawitasiýa ýeke-täkliginiň (singulýar) düýpgöter başgaça, ýagny üç ölçegli fazada döräp biljegini görkezipdirler. Cambridge uniwersitetinden bolan alymlar kompýuter simulýasyýalarynyň kömegi bilen "sap ýeke-täkligiň" bolaýmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýärler. Bu bolsa Eýnşteýniň degişlilik teoriýasyna şübhä döredýär. Geçirilen ylmy barlagyň netijeleri "Physical Review Letters" atly žurnalda çap edilipdi. Eýnşteýniň umumy degişlilik teoriýasy biziň grawitasiýa baradaky häzirki garaýşymyzyň esasyny emele getirýär: Älem-jahanda ýyldyzlaryň ýaşynyň hasaplanmagyndan başlap, nawigasiýada peýdalanýan GPS tolkunlaryna çenli ähli zat mundan ugur alýar. Teoriýa görä, madda özüni emele getiren wagty ýeri deformasiýa duçar edýär we biziň grawitasiýa diýip atlandyrýan zadymyz hut şol deformasiýasynyň özenini emele getirýär. Umumy degişlilik teoriýasynyň çap edilmeginden geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan ähli ylmy-barlaglar şowly netije beripdi. Ýöne ýeke-täklik barasynda dürli ýagdaýlaryň bolmagy onyň esasy kemçiligini emele getirdi. Ýeke-täklik şeýle bir nokatdyr, ýagny ol ýerde grawitasiýanyň güýji ýere, wagta we fizika kanunlarynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Umumy degişlilik teoriýasyna görä, ýeke-täklikler gara deşikleriň merkezinde bardyr we olar ähli hadysalaryň kesişýän nokadyndadyr. Hadysalaryň kesişýän nokady "gaýdyşy bolmaýan nokatdyr". Ol ýerde grawitasiýanyň täsiri çakdanaşa güýçli, ýagny ondan gutulmak mümkin däl. Şonyň üçinem ýeke-täkligi synlamak mümkin bolmaýar. Matematikler eýýäm 40 ýyldan köp wagtdan bäri ýeke-täkligiň emele gelýän ýerlerinde şeýle aýratynlyklaryň bardygyny çak edip gelýärler. Alymlar muňa "kosmiki senzuranyň gipotezi" diýip at berýärler. Dogry bolan halatynda, kosmiki senzura diýmek, ýagny gara deşiklerden daşaryn bu ýeke-täkligiň ölçäp bolar ýaly täsiri ýokdur. Şeýle ýagdaýda umumy degişlilik teoriýasy öz güýjüni goraýar. Soňky ýyllarda alymlar kompýuter simulýasiýalarynyň kömegi bilen "sap ýeke-täklikleriň" bolup biljegini öňe sürýärler. Hadysanyň kesişýän nokadyndan çetde durýan ýeke-täkliklere "sap ýeke-täklikler" diýilýär. Sap ýeke-täklik kosmiki senzura gipotezi, umumy degişlilik teoriýasynyň älem-jahanyň döreýşi baradaky tezisini ret edip biler. Ýöne bu ähli ähtimallyklaryň bary diýseň ýokary derejede kämilleşen dünýälere degişlidir. Meselem, 2016-njy ýylda Kembric uniwersitetiniň iki sany doktorantura talyby sap ýeke-täkligiň bardygy babatdaky garaýşy öňe sürüpdirler. Ýöne olaryň garaýşy bäş ölçegli älem-jahana degişli ekeni. Cambridge uniwersitetiniň fiziki-matematika we fizika teoriýasy kafedrasyndan Toby Crisford we Jorge Santos atly ylmy işgärleriň amala aşyran täze ylmy-barlagynyň netijesine görä, sap ýeke-täkligiň dört ölçegli dünýäde bolup biljegini öňe sürülýär. Bu garaýşa görä, sap ýeke-täklik "Anti-de Sitter giňişligi" diýip atlandyrylýan özbaşdak aýratyn bir giňişlikde emele gelip biler. Ol ýerde älem-jahan eýer görnüşine eýedir. Umumy degişlilik teoriýasyna görä bolsa, älem-jahanlar tapawutly görnüşe eýe bolup biler. "Anti-de Sitter giňişligi" hem şol bolup biläýjek görnüşlerden diňe biridir. "Anti-de Sitter giňişliginiň" gurlyşy ýylmanak giňişlikden diýseň tapawutlydyr. Ol giňişlikde şeýle böwet bar, ýagny şöhle ol ýere baryp ýetende yzyna serpikýär. "Bu bir gutynyň içinde bar bolan, diwarlaryň arasyndaky wagt giňişligidir. Biziň çakymyza görä, olaryň dürli sebitleri özüne çekmäge ukyby bar we biz hut şeýle mümkinçiligi ulgamy energiýa goşmak üçin ulanýarys. Netijede singulýaryň döremeginiň öňüni açýarys" diýip, Crisford aýdýar. Alymlaryň çykaran bu netijesi islendik giňişlikde simulýasiýa edilip bilinmeýändigine görä, biziň ýaşaýan älem-jahanymyzda iş ýüzüne geçirilmegi mümkin däldir. Ýöne bu şol bir wagtyň özünde, älem-jahan baradaky beýleki teoriýalaryň maňzyna ýetmek üçin, täze mümkinçilikler döredýär. Şeýle teoriýalaryň biri singulýara meňzeş täze ýagdaýlary ýüze çykarýan kwantýum grawitasiýasydyr.
Şu günler Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýynda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Mundan iki hepde ozal başlanan abatlaýyş işleriniň çäginde wokzalyň esasy binasynyň köçe tarapyna demir haýat aýlanyp, onuň öňünden geçýän Gurbansoltan eje şaýolunda agyr tehnika gurluşyk işlerini alyp barýar. Häkimiýetler bu ýerde nähili rekonstruksiýa işleriniň geçirilýändigi barada häzirlikçe halk köpçüligine anyk maglumat bermeýärler. Adatça, daşyna haýat aýlanan gurluşyk obýektlerinde nähili işleriň alnyp barylýandygy, gurluşygyň kim tarapyndan amala aşyrylýandygy, onuň gutarjak wagty barada maglumat ýazylan plakatlar asylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, demirýol wokzalynyň esasy girelgesiniň öňünden geçýän Gurbansoltan eje adyndaky şaýol giňeldilip, wokzalyň günorta we günbatar bölegindäki ýerasty geçelgeler ýumrulýar we olaryň deregine täzeleri gurulýar. Ýolagçylar, ulaglar çem gelen ýerden geçýär Alnyp barylýan bu rekonstruksiýa işleri sebäpli wokzalyň esasy binasyna hem zeper ýetip, onuň ýolagçylaryň otla garaşmak üçin niýetlenen perronynyň hem esasy bölegi ýumruldy. Şeýle-de, wokzalyň esasy girelgesiniň öňünde ýerleşen suw çüwdürimleri hem ýer bilen ýegsan edilip, onuň daş-töweregindäki onlarça agaç hem kesildi. Şol bir wagtyň özünde, Aşgabadyň esasy demirýol wokzalynyň öňünde dowam edýän bu rekonstruksiýa işleriniň çäginde Gurbansoltan eje şaýolunyň wokzalyň öňünden geçýän ýeri bölekleýin ýapyldy. Bu ýagdaýyň otly gatnawyna täsir ýetirip-ýetirmändigi barada anyk maglumat bolmasa-da, bu wokzala barýan we gaýdýan ýolagçylaryň gatnawynda käbir kynçylyklary döretdi. Mary welaýatyna sapara barýan 50 ýaşlaryndaky Akbibi daýza ýolagçylaryň wokzala barmagy üçin ýörite geçelgeleriň göz öňünde tutulmandygyny aýdyp, bu ýerde adamlaryň-da, ulaglaryň-da çem gelen ýerden geçýändigini aýdýar. “Awtoulagdan düşüp, wokzala girjek bolsaň durşuna başagaýlyk. Bu ýerde ýolagçylar üçin niýetlenen ýörite geçelgeler ýok. Şoň üçin adamlaram, awtoulaglaram, agyr gurluşyk maşynlaram çem gelen ýerden geçip dur. Özüňe seresaplyrak bolup geçäýmeseň, başga çykalga ýok. Durşuna kynçylyk”. “Döwletiň pul serişdesi bisarpa ulanylýar” Gepiň gerdişine görä aýtsak, gürrüňi edilýän wokzalda rekonstruksiýa işleri mundan 4 ýyl çemesi ozal geçirilipdi. Şonda wokzalyň esasy binasynda we onuň daş-töwereginde abatlaýyş işleri geçirilip, wokzalyň günbatar we günorta böleginde täze ýerasty geçelgeler gurlupdy. Käbir ýaşaýjylar häzirki wagtda bu desgalaryň gaýtadan ýumrulmagyny “döwletiň pul serişdesini bisarpa ulanmakdan başga zat däl” diýip düşündirýärler. “Käbir adamlar aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýärler. Emma beýleki tarapdan bolsa, häkimiýetler döwletiň pul serişdesini ýele sowurýarlar. Dört ýyllykda oturdylyp, boý alan, ýetişen agaçlaryň üstünden buldozer maşynlar bilen sürüldi” diýip, Akbibi daýza gürrüň berýär. Soňky ýyllarda Aşgabatda süňňi abat, rekonstruksiýa edilmegine zerurulyk ýok desgalaryň-da käbirleri ýumrulyp, olaryň deregine gaýtadan täzesi gurulýar. Şeýle gurluşygyň ýene biri Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Nesimi seýilgähinde gidýär. Mundan 1 ýarym ýyl ozal rekonstruksiýa edilen bu seýilgähde häzir agyr tehinka suw çüwdürimini ýumrup, agaçlary ýer bilen ýegsan etdi.
Noýabr aýynyň 10-11-ne paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu çäre üstümizdäki ýylda hem wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn, şeýle-de adaty tertipde geçirilýär. «Türkmentel» halkara maslahaty ýurdumyzda eýýäm 12 ýyl bäri geçirilip, ýylyň möhüm çäresine öwrüldi. Gysga döwrüň dowamynda bu çäre Türkmenistanyň telekommunikasiýa tehnologiýalary bilen gyzyklanýan raýatlary üçin wajyp waka bolup, sebit we halkara derejesinde geçirilýän esasy sergileriň we maslahatlaryň derejesine ýetdi. Ýurdumyzyň döwrebap tehnologik ösüşini aýdyň görkezýän bu onlaýn maslahatyň baş maksady aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary we teleradiogepleşikleri çygrynda gazanylan üstünlikleri, bu pudaklardaky dünýäniň häzirki zaman gazananlaryny, şeýle-de aragatnaşyk we IT-hyzmatlarynyň geljegi baradaky gözýetimleri halk köpçüligine ýetirmekdir. Domen adynyň hünärmenleri dünýä derejesinde gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar boýunça uly wise-prezidenti, ICANN-nyň prezidentiniň we baş direktoryň baş geňeşçisi Sally Kosterton (ICANN) we APTLD (Asia Pacific Top Level Domains) baş menedjeri Leonid Todorow. Sessiýalaryň birini ICANN-yň Gündogar Ewropa we Merkezi Aziýa bilen gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar boýunça uly menejeri Mihail Anisimow hem ýolbaşçylyk etdi. Çykyşlarynda we prezentasiýalarynda Türkmenistanyň telekommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda çalt ösýändigini, bu çäräniň ýokary derejede geçirilýändigini, Türkmenistanyň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem halkara onlaýn ýygnaklarynda domen atlarynyň meýdanynda tejribe alyşmagy bellediler.
Moldowan paýtagtynda 19-njy noýabrda Kişinýowyň şäher häkimini korrupsiýany hem içine alýan aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin wezipesinden boşatmalymy ýa-da ýok diýen sorag astynda referendum geçirilýär. Dorin Kirtoakäniň (Chirtoaca) işden çetleşdirilmegi üçin saýlawçylaryň azyndan 163,570-si “hawa” diýip ses bermeli. Birnäçe syýasy partiýa we fraksiýa, şol sanda Kirtoakäniň oppozisiýadaky Liberal partiýasy saýlawçylary referendumy baýkot etmäge çagyrdy. Saýlawyň kanuny bolmagy üçin oňa şäheriň azyndan üçden bir ýaşaýjysynyň, ses bermäge haky bolan 647 müň adamyň gatnaşmagy gerek. Kişinýowyň munisipal geňeşi sentýabrda häkimiň edaradaky işini togtadandan soň referendum gurnamagy sese goýdy. Bu çäre Kirtoake we ýene birnäçe şäher resmisi, şol sanda Kişinýowyň häkiminiň iki orunbasary paýtagtyň tölegli maşyn parklary tenderi üstünde aýyplanandan soň görülýär. Ýewropa tarapdar Liberal partiýanyň başlygynyň orunbasary Kirtoake özüne bildirilýän işe täsir ýetirmek aýyplamalaryny ret edýär.
Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Kongrese daşary ýurtly liderlere gizlin gözegçilik etmegiň adaty zatdygyny we onuň köp wagtdan bäri ABŞ-nyň gözegçilik operasiýalarynyň bir bölegidigini aýtdy. Şeýle-de, ol bu tejribäniň ähli döwletler tarapyndan amala aşyrylýandygyny sözüne goşdy. ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Jeýms Klapper kanunçykaryjylara bu ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumat ýygnaýan bölüminiň daşary ýurtly liderleriň meýillerini bilmek üçin ulanýan “esasy prinsipleriniň bir görnüşidir” diýdi. Şeýle-de, Klapper ABŞ-nyň ýaranlarynyň hem ýurduň resmilerine “gürrüňsiz” gizlin gözegçilik edendigini aýtdy. Metbugatda çykan maglumatlarda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Fransiýada we Ispaniýada millionlarça adamyň telefon gepleşiklerini gizlin diňländigi we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň telefon gepleşiklerine gözegçilik edendigi aýdylýar. Bu maglumatlar ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden tarapyndan äşgär edilipdi.
Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy. Türkmenistanda duşenbe güni Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellendi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna we baýdak sütünine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtyň ilaty ýygnandylar. Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy. Ýurduň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. 2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan baýdak sütüni 133 metre bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti hem geçirildi. Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 18-nji maý gijesinde Gruziýanyň paýtagty Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.
Halkara konwensiýalary, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara ulgamynyň wajyp bölegidir we FATF-yň maslahatlary bilen bilelikde bu ulgamda halkara standartlarynyň toplumyny döredýär. Konwensiýalar, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça milli ulgamyny guramagyň we hukuk üpjünçiliginiň düýpli esaslaryny düzýär, şeýle hem döwletleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň meselesini goşmak bilen, bu ugurda çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeli gurallaryny berkidýär. - Jenaýatçylykdan we terrorçylygy maliýeleşdirmekden alnan bikanun girdejileri kanunlaşdyrylmak, ýüze çykarmak, almak we muzdsuz almak hakyndaky Ýewropa Geňeşiniň 2005 ýyldaky Konwensiýasy (Warşawa konwensiýasy) - Korrupsiýa garşy BMG-nyň 2003-nji ýyldaky Konwensiýasy (Merid konwensiýasy) - Terrorçylyk, separatizm we ekstremizm bilen göreşmek hakynda Şanhaý konwensiýasy - Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş hakynda BMG-nyň Konwensiýasy (Palerma konwensiýasy) - Terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen göreş hakynda BMG-nyň Halkara konwensiýasy (Nýu-Ýork konwensiýasy) - Korrupsiýa üçin raýat-hukuk jogapkärçiligi hakynda Ýewropa Geňeşiniň 1999-njy ýyldaky Konwensiýasy - Korrupsiýa üçin jenaýat jogapkärçiligi hakynda Ýewropa Geňeşiniň 1999-njy ýyldaky Konwensiýasy - Jenaýatçylykdan alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, ýüze çykarmak, almak we muzdsuz almak hakynda Ýewropa Geňeşiniň 1990-njy ýyldaky Konwensiýasy (Strasburg konwensiýasy) - Neşe we psihotrop serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna göreş hakynda BMG-nyň 1988-nji ýyldaky Konwensiýasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň noýabrynda «Türkmen topragyň berekedi» atly sergi gurnaldy Ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda «Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda «Gadymyýetden gözbaş alan nepislik» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hatyra» atly sergi gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar Bilimli nesil – Watanymyzyñ beýik geljeginiň uly mertebesidir Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly muzeýara ylmy-usuly maslahat geçirildi
Dünýä ilatynyň 8 milliard belligine ýakynlaşmagy bilen, UNFPA bu sebitdäki ýurtlaryň şahsyýetler, jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin bolup biljek... 10 Iýul 2022 Dowamy > Täzelikler UNFPA Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy boýunça BMG-nyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýetiniň saparyny gurnaýar Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti şu hepde Türkmenistan hökümetiniň 2022-nji ýyldaky ilat we ýaşaýyş jaý...
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan. 1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar. 2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar. 3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär. 4. Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar. Pasportyň möhletini uzaltmak üçin, pasportyň möhletiniň gutarýan senesi 6 (alty) aýyň içine gireninden soň ýüz tutulup biliner. 5. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmandyr. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ahli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar. 6. Pasport 5 (bäş) ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär. Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär. 7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar. 8. Pasportlar şu halatlarda çalşyrylýar: hereket ediş möhleti tamamlananda; şahsy maglumatlary üýtgände; ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda; ulanmaga ýaramsyz bolanda; wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlanda; raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände. Zerur bolan halatlarda pasportlar möhleti tamamlanmazdan öň hem çalşylyp bilner. 9. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar: pasport çalşyrylanda; Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende; pasportyň eýesi aradan çykanda; tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda; Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär. Bellik: Tapylan pasportlar Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasyna (Ankara ş.) ýa-da Baş konsullygyna (Stambul ş.) tabyrylmaga degilidir.
Orsýetiň komandasynyň awtobusyna çüýşe zyňylyp hüjüm edildi we orsýetli sportsmen Türkiýe bilen 16-njy fewralda geçirilen futbol oýnunda öz köýnegini çykaryp prezident Wladimir Putiniň portretini köpçülige görkezdi. Türkiýäniň polisiýasy Ýewropa ligasynyň ýaryşynda Türkiýäniň “Fenerbahçe” komandasy bilen duşuşyga barýan moskwaly “Lokomotiw” komandasyna çüýşe oklan üç adamy tussag etdi. Futbol oýny Stambulyň Sukru Sarajoglu stadionynda geçirildi. Polisiýa bu üç ýaş adamyň içgili bolandygyny we olaryň hereketleriniň netijesinde awtobusyň bir aýnasynyň çat açandygyny aýtdy. Türkiýäniň mediasy “Fenerbahçe” klubunyň janköýerleriniň jogapkär bolandygyny habar berdi. Türkiýäniň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar noýabr aýynda Türkiýe Siriýa bilen serhediniň golaýynda orsýet uçaryny oka tutup ýere gaçyrandan soň dartgynly bolmagynda galýar.
Türkiýe ýurduň günorta-gündogarynda, kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde kürt jeňçilerini goldaýar diýip hasaplaýan ýerli häkimlerini işden aýryp, 24 munisipalitetde täze adminstrator belledi diýip, welaýat gubernatorynyň edarasy 11-nji sentýabrda aýtdy. Bu munisipalitetler Kürt Halk demokratik partiýasynyň – HDP-nyň ýerli goldawçylary tarapyndan dolandyrylýardy diýip, Diýarbekir gubernatorynyň edarasy aýtdy. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu partiýany PKK --niň, Kürt işçiler partiýasynyň giňeldilen görnüşi hasaplaýar. Emma HDP PKK bilen göni arabaglanyşygyynyň bardygyny ret edýär we pitneçiligi gepleşikler arkaly ýatyrmagy ündeýändigini aýdýar. Şu aralykda Ankara ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Güleniň on müňlerçe goldawçysynyň garşysyna geçirýän arassalaýyş çärelerini dowam etdirýär. Türkiýe Güleni iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynda aýyplaýar, Gülen bu aýyplamany ret edýär.
Türkmenistan daşary ýurda syýahat etmek we ýurduň içinde hereket azatlygy baradaky çäklendirmeleri ret edýär. Bu, Türkmenistanyň BMG-nyň Adam hukuklary komitetine 2020-nji ýylda hödürlenen üçünji döwürleýin hasabatynda beýan edilýär. Hasabatda COVID-19 epidemiýasyndan öňki ýagdaýlar jemlenýär. Soňra yzygiderli gatnawlaryň bardygyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatlaryna k öplenç düşündiriş bermezden daşary ýurda uçmaga rugsat berilmedi. Eýýäm bilet satyn alan adamlar uçara münüp biljekdigini anyk bilmeýärdiler. Hasabat bu maglumatlary ret edýär. "Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistany terk edip, Türkmenistana girmäge hukugy bar" diýilýär. Mundan başga-da, "Migrasiýa barada" Kanunyň 30-njy maddasy getirilýär, onda raýatyň gitmeginiň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň sebäpleriniň sanawy bar. Olaryň arasynda “gitmegi onuň janyna we saglygyna howp salýar”, “Türkmenistanyň raýatynyň adam söwdasynyň pidasy bolmagy ýa-da daşary ýurtda bolmagynyň gulçulygyna öwrülmegi” ýaly şübheli adamlar bar we ahyrynda, "onuň gitmegi Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine ters gelýär" (bu döwlet syrlary bolan adamlar hakda däl - sanawda olar üçin aýratyn bir zat bar). Şeýle hem hasabatda BMG komitetiniň içerki migrasiýany çäklendirmegiň serişdesi hasaplaýan propiska instituty barada düşündirişler bar. Theaşaýyş rugsadynyň "diňe sosial häsiýetlidigi" we sosial ýeňillikler, lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny almak üçin zerurdygy nygtalýar. Hasabatyň awtorlary, ýaşaýan ýerinde ýa-da bolýan ýerinde hasaba alynmak talaplarynyň bozulmagynyň administratiw jenaýat hasaplanýandygyny boýun alýarlar (Administratiw kodeksiň 369, 371-nji maddalary). Şeýle-de bolsa, “ýokardaky makalalary bozandygy üçin tussag edilenleriň ýokdugy” nygtalýar. COVID-19 epidemiýasy dünýäde başlansoň, hereket azatlygy bilen baglanyşykly ýagdaý has çylşyrymlaşdy. Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýurda aralaşmagyny inkär edýärler, ýöne muňa garamazdan öňüni alyş çäreleri hökmünde berk sanitariýa çäreleri görýärler. Halkara gatnawlar 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap ýatyryldy. Beýleki ýurtlarda galan raýatlar üçin eksport gatnawlary diňe awgust aýynda gurnalyp başlandy we olara çykmak aňsat däl. Gämi duralgalarynyň arasyndaky hereket gaty çäklidir. 50 ýaşdan uly adamlara adatça ýaşaýan ýerlerinden gitmek gadagan edilýär we ýaşlar gitmek üçin ýörite komissiýa tabşyrmaly. Awtobus we demir ýol baglanyşyklary kesildi we köp ýol ýapyldy. Komissiýanyň rugsady alnandan soň gämi gatnawyndan çykmagyň ýeke-täk kanuny ýoly içerki uçuşlardyr. Şeýle hem, sebitleriň arasynda bikanun taksiler hereket edýär.
7-nji fewralda Olimpiýa oýunlarynyň başlamagynyň öň ýanynda, Russiýanyň Soçi şäherindäki olimpiýa desgalarynyň köpüsiniň gurluşygy heniz hem tamamlanmady. Işçiler Olimpiýa oýunlary başlamazdan ozal, gurluşykdan galan zir-zibilleri arassalamaga, kanalizasiýa sistemalaryny berkitmäge we köçeleri bejermäge howlukýarlar. Köpräk görkez Azrak görkez 1 4-nji fewralda Soçiniň Olimpiýa şäherçesindäki işgärleriň biri “Bolşoý” buz öýi diýip atlandyrylýan desganyň öňündäki meýdança ot tohumyny sepeleýär. 2 3 Krasnaýa Polýana obasyndaky olimpiýa işgärleri gurluşykdan galan materiallaryň ýanynda dynç alýarlar.
Öz ýurdunyň daşynda ýaşaýanlaryň sany geçen ýylkylar bilen deňeşdireniňde barha artýar we mesgen tutmak üçin Birleşen Ştatlar iň meşhur ýer bolmaga dowam edýär. Bu Birleşen Milletler Guramasynyň ilat bölünişi tarapyndan çarşenbe güni ýaýradylan raportynyň iň esasy netijeleriniň biridir. Täze statistika görä, 2013-nji ýylda dünýäniň 3,2% ilaty, ýagny 232 million adam öz ýurdunyň daşynda ýaşaýar. Bu san 2000-nji ýylda 175 milliona, 1990-njy ýylda 154 milliona barabardy. BMG-niň raportynda bellenmegine görä, dünýäniň ähli halkara migrantlarynyň üçden ikisi Ýewropada we Aziýada ýaşaýar. Ýagny 2013-nji ýylda olaryň 72 milliony Ýewropada, 71 milliony hem Aziýada ýaşaýar.
Birleşen Ştatlar Türkiýäniň häkimiýetleriniň sosial media ulgamy bolan Twitteri gadagan etmek synanyşygyny tankytlady. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Türkiýäniň hereketleri bu ýurduň demokratiýanyň ýokary standartlaryna eýermek islegi barada aýdan beýanatlaryna ters gelýär diýdi. Anna güni Türkiýäniň telekommunikasiýa häkimiýetleri Twitteri suduň karary esasynda ýatyrýandyklaryny yglan etdiler. Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan Twitteri «ýok etjegini» aýdyp, haýbat atdy. Bu saýtda Erdoganyň eden gürrüňiniň ses ýazgysy ýaýradylyp, ony uly korrupsiýa skandalyna ilteşikli ýaly etdi. Prezident Abdylla Gül hökümetiň çäklendirmelerini ýazgaryp çykyş etdi. Ol sosial media platformalarynyň doly gadaganlygynyň tassyklanyp bilinmejegini aýtdy. ABŞ-nyň sözçüsi garaşsyz we päsgel berilmeýän medianyň demokratiýa bilen açyk jemgyýetiň düýp özeni bolup durýandygyny belledi.
“HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY “WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI - TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI Skip to main content “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY “WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY “WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk esasda terbiýelemek we Türkmenistanyň milli gahrymanlarynyň hatyrasyna 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabadyň ajaýyp ýerinde ýadygärlikler toplumyny we muzeýi öz içine alýan memorial toplum dikeldildi. Muzeýiň ekspozisiýasy 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwri barada gürrüň berýär. Ol ýerde sowuk we ot açýan ýaraglaryň, eşikleriň toplumy, harby esbaplar, arhiw resminamalary we söweş dioramalary görkezilýär. Şeýle-de muzeýde 1948-nji ýyldaky aýylganç ýer titremesiniň görnüşi suratlarda görkezilen. Bularyň hemmesi weýran bolan jaýlaryň nusgalary hem-de dikeldilen şäheriň keşbi foto-resminamalaryň üsti bilen görkezilýär. Muzeýiň ekspozisiýasy Türkmenistanyň muzeýleriniň esasy usulyýet merkezi bolan “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” işjeň ýardam bermegi netijesinde amala aşyryldy.
Liwanyň paýtagty Beýrutyň aeroportundan uçan we Efiýopiýa Howaýollaryna degişli uçar Ak deňiziň howa giňişliginde weýran boldy. Bu uçaryň ýolagçylaryndan 20 adamyň jesedi tapylypdyr. Liwanyň prezidenti Mişel Suleýman bu waka bilen bagly öz administrasiýasynyň alyp barýan işleri barada şu gün habarçylara maglumat berdi. “Liwanyň hökümetine degişli ähli guramalar bu heläkçilige uçran adamlary halas etmek barada elinden gelenini aýamaýarlar. Bu bir tragediýadyr. Biz şol uçaryň ýolagçylary we olaryň maşgala agzalary üçin dileg edýäris” diýip, Liwanyň prezidenti aýtdy. Uçarda 90 töweregi ýolagçy bar eken. Olaryň köpüsi efiýopiýaly we liwanly bolup, olaryň arasynda Britaniýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Orsýetiň, Yragyň we Syriýanyň hem raýatlarynyň bardygy aýdylýar.
Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) bilen bilelikde öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny (HYH) giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumlaýyn maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamalaýyn çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli guralýan okuwlaryň maksatnamasynyň çäginde HYH-nyň binýatlaýyn esaslaryna bagyşlanan okuw sapaklary geçirilýär. HYH-na bagyşlanan okuw sapaklarynyň toplumy (Moduly) işlenip taýýarlanyldy, makyllanyldy we bellenen tertipde tassyklanyldy, şeýle-de çap edildi we TMBI-na berildi. Moduly orta umumybilim mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda ýaýratmak meýilleşdirilýär. 2013-nji ýyldan başlap, HYH-yň esasy bölümleri orta bilim mekdeplerinde okadylýan jemgyýetçilik dersleriniň okuw maksatnamalaryna girizilendir. Modulyň ýazmaça beýany TGÝMJ-nyň web-saýtynda ýerleşdirildi. 11.06.2015 ý. TMBI-ynda Moduly yzygiderli ornaşdyrmagyk çäklerinde seminar okuwy geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň we etraplaryň bilim bölümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik derslerinde sapak berýän mugallymlar gatnaşdylar. Amaly okuwyň meýilnamasyna Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işiniň binýatlaýyn ýörelgeleri we iş ugurlary, şeýle-de halkara ynsanperwer hukugynyň esasy kadalary bilen tanyşmak we olary öwrenmek meseleleri girizildi. * * * HYH-ny giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasyna dürli ugurdaky diňleýjileriň gatnaşmagynda seminar sapaklaryny geçirmek işine giň gerim berilýär. 09.06.2015ý. şunuň ýaly amaly okuw harby bölümleriň birinde geçirildi. Oňa harby gullukçylaryň 60-dan gowragy gatnaşdy. TGÝMJ-niň işgärleriniň gurnamagynda geçirilen seminar sapagynda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny TGÝMJ-niň işi bilen baglylykda öwrenmek meselelerine garaldy. Gün tertibine girizilen möhüm ugurlaryň ýene-de biri neşe serişdeleriň ýaýradylmagynyň we peýdalanylmagynyň öňüni almak we garşy durmak meselesine bagyşlandy. * * * HYH-nyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri ilat köpçüliginde giňden wagyz etmekde we ýaýratmakda görkezme esbaplaryny peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýörite şu meselelere bagyşlanan diwarlyk suratlary alyndy. Olary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky düzümlerinde, harby bölümlerde we okuw edaralarynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-y ý. 22-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gurnan “Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagýar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli gurnan “Ylym – geljegiň binýady” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gurnan “Tebigaty goramak – biziň mukaddes borjumyzdyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gurnan “Bagtyýar nesil” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 27-nji maýynda Haly baýramçylygy mynasybetli gurnan “Haly sungatym – milli senedim” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäheriň ýalkymy” atly sergininiň açylyşyny görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 16-njy maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Pyragynyň arzuw eden zamany” atly sergininiň açylyşyny görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 6-njy maýynda Ýeňiş güni mynasybetli “Watan Gahrymanlary bakydyr” atly sergininiň açylyşyna görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary Metropoliten sungat muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 14-nji aprelinde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly”
Stambulda bir türkmen studenti öz janyna kast etdi. Çeşmämiziň habaryna görä, 23 ýaşly Ýazdurdy Ýazdurdyýew 27-nji fewralda Stambulyň Maltepe etrabynda aradan çykdy. “Oglum 3-nji fewralda Stambulda ýitirim boldy. 5-nji fewralda sagat 23:00-da Türkiýeden bir türkmen aýal bize jaň etdi diýip”-ejesi habar berýär. Ol Ýazdurdynyň Türkmenistanyň raýatydygyny öwrenenden soň, öýüne getirip, iýdirip içirendigini aýtdy. Ýazdurdynyň ýeke-täk bilen zady ejesiniň telefon belgisini bermekdi. Onuň el telefony, iýmäge çöregi, elinde puly we ýatjak ýeri ýokdy. 4 gün daşarda ýagyşda ýaşady. “Ogluňyz meniň ýanymda, ýöne ony goldamaga mümkinçiligim ýok "-diýip, aýal Stambuldaky Haýdarpasa keselhanasynyň 112-nji bölümine jaň etdi. “Meniň oglum Aşgabat şäheriniň Berkaralyk etrabynyň Ç.Aşyrow köçesiniň 58-nji jaýynyň ýaşayjysy Ýazdurdyýew Ýazdyrdy 1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda doglan. Sizden haýyşym Allanyň haky üçin oglumy Istanbul şäherinden öz ýurdumyza dolanmak üçin kömek bermegiňizi haýyş edýärin we oglumuň saglygyny we maddy ýagdaýyny özüm çekip boýnuma alýaryn” diýip Ýazdyrdynyň ejesi Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Orunbasaryna ýazan arzasynda görkezýär. 21-nji fewralda Ýazdurdynyň ejesi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryndan arzasynyň kabul edilendigi barada jogap aldy. 23-nji fewraldaÝazdurdynyň saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli ejesi ikinji gezek ýüz tutdy. Ýazdurdurdynyň ýagdaýynyň agyrdygyny düşündirdi we Ýazdurdynyň öz janyna kast etme howpunuň bolandygy sebäpli Daşary işler ministrligini gysga wagtda kömek bermäge çagyrdy. Gynansagam, bu gezek hiç hili jogap gelmedi. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýazdurdy Türkiýäniň Tokat şäherindäki Gaziosmanpaşa uniwersitetine kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistandan gelen talyplar üçin bank geçirimleri 50 dollara çenli azaldyldy we şonuň üçin Stambulda iş gözlemeli boldy. Pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli okuw jaýy ýapyldy. Pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagy, käbir ýurtlardaky ykdysady krizis we türkmen häkimiýetleriniň talyplara maliýe kömeginiň çäklendirilmegi türkmen ýaşlaryny we esasanam talyplary durmuşda kyn ýagdaýa saldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri bolup geçýän wakalara göz ýumýarlar. Häkimiýetleriň türkmen ýaşlarynyň sesini eşitmekleri üçin umytsyz ädimler ädilýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler daşary ýurtly türkmen ýaşlarynyň ýagdaýyny görkezmek üçin türkmen häkimiýetlerine ýüz tutmaga synanyşdylar. Ýazdurdanyň jesedi Stambuldaky Ýenibosna morgyna äkidildi. Şu gün öýlän türkmen deň-duşlary we aktiwistleri Ýazdurdynyň jesedini Kilyos gonamçylygynda jaýlarlar. Gynansagam, merhumyň ejesi deslapky gezek kömek soranda, Türkmenistanyň häkimiýetleri utanç biriji ýagdaýda dymdylar.
Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlerde Gazagystanyň oppozisiýadaky Demokratik saýlaw hereketiniň gurnaýan ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy bilen baglylykda onlarça adam tussag edildi. Polisiýa 23-nji iýunda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, protest geçirmegiň teklip edilýän ýeriniň töwereginde barrikada gurdy we ol ýere gelmäge synanyşýan islendik adamy barlagdan geçirmäge başlady. Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçylary bu ýerde polisiýanyň azyndan on adamy tutup, alyp gidendigini habar berdiler. Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy Andrei Swiridow hem Almatyda polisiýa öz şahsyýetini tassyklaýan dokumenti görkezenden soň tussag edildi. Paýtagt Astanada hem ýygnanyşygyň geçirilmekçi bolýan ýerinde ondan gowrak adam tussag edildi. Ýerli prokuratura edarasynyň wekilleri adamlara bu ýeri terk etmelidigini, sebäbi hökümetiň beýle ýygnanyşyga rugsat bermeýändigini aýdýarlar. Beýleki şäherlerde, şol sanda günbatar Gazagystan regionyndaky Uralskda hem adamlaryň tussag edilendigi aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň Goşma serkerdeler ştabynyň başlygy, general Martin Dempsiý we Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg Ysraýyly Eýranyň ýadro programmasyna garşy hüjüm etmezlige çagyrdylar. Ýekşenbe güni CNN-e beren interwýusynda Dempsiý Eýrana hüjüm etmäge Ysraýylyň mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne haýsydyr bir hüjümiň Eýranyň ýadro programmasyny diňe iki ýyla yza çekip biljekdigini aýtdy. BBC-de eden çykyşynda Heýg “Eýranyň garşysyna häzir hüjüm gurnamak Ysraýyl üçin paýhaslylyk däl” diýip belledi. Dempsiý bilen Heýg Eýrana garşy girizilen täze halkara sanksiýalarynyň täsir edip başlamagy üçin köpräk wagtyň gerekdigini nygtadylar. Eýranyň ýadro programmasy barada Ysraýylyň aladasy gitdigiçe artýar. Ysraýyl Tähranyň ýadro ýaragyny edinip, ony Ysraýyla garşy ulanmak mümkinçiliginden, şeýle hem ýewreý döwletine garşy Eýranyň raketa atmagyndan ýa-da Ysraýylyň ýakynynda ýerleşýän “Hamas” ýa-da “Hizbullah” wekillerini raketa ýaragy bilen üpjün etmeginden howatyrlanýar.
BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary Neýwi Pillaý Liwiýanyň hökümetiniň protestçilere eden zulmy boýunça halkara derňewleri geçirmäge çagyrdy. BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça öňki sudýasy Neýwi Pillaý “parahat ilata garşy edilýän dowamly hüjümlere adamzada garşy jenaýat hökmünde seredilip bilner” diýip, Liwiýanyň hökümetiniň hüjümlerini ýazgardy. Dünýä döwletleri Liwiýadaky raýatlaryny deňiz we howa ýollary arkaly ýurduň daşyna çykaryp başladylar. Şaýatlaryň we oppozisiýa wekilleriniň aýtmagyna görä, Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafä wepaly güýçler ýurduň ençeme şäherlerinde, şol sanda paýtagt Tripolide we Bengazide protestçilere garşy ot açypdyrlar. Bu wakalarda ýüzlerçe adam öldi. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, paýtagt Tripoliniň käbir köçelerinde adam jesetleri bar. Liwiýanyň telewideniýesi köpçülikleýin gyrgynçylyklar baradaky habarlary ret edip, olary “ýalan we gep-gybat” diýip häsiýetlendirdi. Emma Liwiýanyň ençeme diplomatlary Kaddafiniň garşysyna çykyş edip, onuň häkimiýetden gitmegini talap edýärler. Duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun hem Liwiýanyň hökümetiniň demonstratlara garşy hüjüm etmegini ýazgaryp çykyş etdi. "Liwiýanyň häkimiýetleri demonstratlary harby uçarlardan we dikuçarlardan oka tutdy. Bu kabul ederliksizdir. Bu ýagdaý dessine togtadylmalydyr” diýip, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun aýtdy.
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk Habarlaşmak üçin Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilip geçildi 08.06.2021 Toýlary toýlara ulaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýeňişli menzilleri külterleýär. Şeýle guwançly sepgitler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda--da guwanjymyza guwanç goşýar. Şanly ýylymyzyň toý-baýramlarynyň biri bolan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň welaýatymyzda-da uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Şu sene mynasybetli baýramçylyk çäresi Mary şäheriniň merkezindäki welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan dabara tebigaty goramagyň ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de welaýat merkeziniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Tansçylaryň ökdelik bilen ýerine ýetiren tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajap eýýamymyzyň we gözel tebigatymyzyň waspy joşgunly ýaňlanyp, toý dabarasynyň ýaňy alyslara aşdy. Şeýle hem bu toý dabarasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komiteti welaýat tebigaty goramak müdirliginde zähmet çekýän işjeň agzalarynyň birnäçesine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk Habarlaşmak üçin Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy bellenilip geçildi 30.09.2022 Täze okuw ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramy bilen goşulyşyp başlanan üstümizdäki aý şanly wakalary bilen il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Şol şanly wakalaryň naýbaşysam şatlyk-şowhunly ýaňy belentden ýaňlanan Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň baýramçylygydyr. Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, bu sene biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy welaýatymyzda Mary şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda Baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda galdyrylan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň Beýik Garaşsyzlygynyň uly toýunyň başlanýandygyny alyslara äşgär etdi. Bu baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynyň dolandyryjysy Myrat Ogşukow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Maksat Janmyradow, Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň ýaşaýjysy Muhammetmyrat Hojamyradow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary şanly sene bilen mähirli gutlap, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda ýetilýän sepgitler barada durup geçdiler.
Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle-de respublikanyň lideri Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmad Kadyrowyň şahsyýet kultuna bagyşlanan suratlary synlamak bolýar. Ýöne ýekebaralykda bolýan gürrüňlerde köp adamlar ýurtdaky agyr ýagdaýyň we gorkynyň berk ornaşan atmosferasy barada gürrüň edýärler. Köpräk görkez Azrak görkez 1 Çeçenistanyň häzirki lideri Ramzan Kadyrowyň kakasy, respublikanyň ozalky prezidenti Ahmad Kadyrowyň adyny göterýän şaýolynyň ugrunda ýerleşýän täze binalaryň we “Çeçenistanyň kalby” atly metjidiň suraty. 2 Çeçenistanda bir dabaranyň dowamynda howpsuzlyk güýçleri köçäniň ugrunda daş-töwerege gözegçilik edýärler. 3 Çeçen diliniň güni bellenilip geçilýän dabarada çeçen tans toparynyň agzalarynyň ýerine ýetirýän tans hereketleri.
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk Habarlaşmak üçin “Ak altyn” — 2022 23.09.2022 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda-da uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ak ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan babadaýhanlarymyz bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Şu günler bereketli hanalary ak patrak deý açylyp, meýdany görklendirip oturan gowaçalara gözüň düşende, elinden dür dökülýän daýhanlara bolan buýsanjyň artýar. Ynha, bu gün olaryň päk zähmetinden kemala gelen bereketli “ak altynyň” bol hasylyny isripsiz ýygnap almak ugrunda uly aladalar edilýär. Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylary hem hasyl ýygnamakda tutanýerli zähmet çekýärler. Ady agzalan daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň 1715 gektar ýerinde gowaça hasyly ýetişdirilip, ondan 4112 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Bu daýhan birleşiginde 9 topar bolup, onuň öňdebaryjy 4-nji toparyna Toýly Hanalyýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän toparynda gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilipdir. Pagta ýygmak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Bu bolsa daýhanlar üçin gyzgalaňly döwür bolup, pagtany ýygmak pagta ýygýan kombaýnlardyr ýygymçylaryň paýyna düşýär. Şu günler ekin meýdanlarynda ýüwrük elli ýygymçylaryň arasynda tapawutlanýanlary köp. Ol ýygymçylardan Rozatun Esenowa, Mäliknäz Petihanowa, Şaperi Useýnowa, Zylyha, Şaperi Azamowalaryň adyny ilkinjileriň hatarynda agzamak bolar. Olar şu günler pagta ýygymynyň gaýnap joşýan günlerinde ýadawsyz zähmet çekýärler.
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi aprel aýynda mart aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,7% ýokarlandy. Bütindünýä azyk önümleriniň bahalary aprel aýynda, ýagny yzygiderli 11 aý bäri ýokarlanyp gelýär. Esasanam şekeriň, azyk ýaglarynyň, etiň, süýt we galla önümleriniň bahalary ýokarlandy. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) resmi internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, FAO-nyň azyk önüm baha indeksi aprel aýynda ortaça 120,9 bala barabar bolup, mart aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,7% ýa-da 2 bal ýokarlandy. Bu inkeks bütindünýä esasy söwda edilýän azyk önümleriniň bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alyp, onuň görkezijisi 2014-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi we nominal taýdan 2011-nji ýylyň fewral aýynda hasaba alnan iň ýokary derejeden 12% pesdir. Bu indeks geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,4 bal ýa-da 30,8% ýokarlandy. Azyk önümleriniň arasynda şekeriň bahasy aprel aýynda iň ýokary ösüş görkezip, 3,9% artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 60% ýokarydyr. Soýanyň, rapsi çigidiniň we palma ýagynyň bahasynyň galmagy esasynda FAO-nyň ösümlik ýagynyň bahasynyň indeksi aprel aýynda 1.8% ýokarlandy.
Kosowada dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly resmi netijesi duşenbe güni yglan edildi. Bu yglan edilen netijelere görä, Kosowanyň häzirki premýer-ministri Haşim Taçiniň Demokratik partiýasy iň köp ses alan partiýa hasaplanylýar. Onuň partiýasy 120 orunlyk parlamentden 34 orun alypdyr. Ikinji orunda esasy oppozision partiýa hasaplanylýan Demokratik Liga partiýasy durýar. Bu partiýa parlamentden 27 orun alypdyr. Indi Haşim Taçiniň Demokratik partiýasy parlamentde dolandyryjy koalisiýany döretmeli bolar. Ýöne orunlaryň sany boýunça ikinji orny eýelän oppozision Demokratik Liga partiýasy Haşim Taçiniň partiýasy bilen koalisiýa döretmejekdigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan goragy mukaddesdir» atly sergi gurnaldy Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň ygrarlylygynyň ýurdy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Watan goragçylarynyň günine bagyşlap “Watan goragy mukaddesdir” atly serginiň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly sergi gurnaldy Muzeýara wideo-aragatnaşyk maslahaty Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Dürler hazynasy» atly sergi açyldy.
Bu ýyl Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşiklerine 15-20 gektar meýdana kartoşka ekmek plan borçnamasy berildi, ýöne olaryň hiç haýsysyna döwlet tarapyndan tohumlyk berilmedi. Ýagdaý şeýle bolansoň, daýhan birleşikleriň başlyklary tohumlyk ýer almasy üçin halkdan pul ýygnap ony ekdirmekçi bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky çeşmesi daýhanlara salgylanyp habar berýär. “Tohumyň bazardaky bahasy 7-9 manat. Iň bellemeli ýeri, mart aýynyň ortasyndan gijä galman ekilmeli kartoşkanyň ekişi henizem başlamady” diýip, çeşmämiz daýhanlaryň aladalaryny gozgaýar. Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň Döwletiň tohum bilen bagly kömeginiň egsileni üçin daýhanlar bu ýylky ýygnaljak hasyla näumyt garaýarlar. Türkmenistanda döwlet ekiş möwsüminde daýhany şertnama esasynda tohum bilen üpjün etmeli. Ýöne Daşoguz welaýatyndaky gürrüňi gidýän ekişde döwlet bu şertnamanyň talaplaryny berjaý etmeýäne çalym edýär, sebäbi babadaýhanlaryň gürrüň bermegine görä, döwlet olary bu ýyl tohumlyk ýer almasy bilen üpjün etmeýär. Türkmen oba-hojalyk pudagynda daýhanlar öz ýerleriniň doly eýesi hasaplanmaýar. Olar döwletiň özlerine bölüp beren ýerlerine, döwletiň kömegi bilen ekin ekip, eken ekininiň hasylyny döwlete satýar. Daşoguz welaýatyndaky ýer almalary boýunça gürrüňe dowam edilende, welaýatdaky çeşmämiziň aýtmagyna görä, Akdepe etrabynyň käbir daýhan birleşikleri agzalýan bakja önüminiň ekişine başlan-da bolsa, welaýatyň Nyýazow, Görogly, Ýylanly, Boldumsaz etraplarynda “ekişe entek asla başlanmadyk ýaly” diýip, daýhanlar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň Olar Daşoguzyň howa şertlerinde indiden beýläk ekilen ýer almanyň hasyl bermejekdiginden howatyrlanýarlar. Türkmenistanda döwlet daýhany berk gözegçilikde saklaýar we onuň oba-hojalyk pudagynda alyp barýan işleri döwletiň berýän ýeňillikli kömegine garaşly bolup durýar. Ýöne, bu ýyl tohum üpjünçiligi bilen bagly meselelerden çen tutulanda, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, döwlet daýhanyň öňündäki borçlaryny berjaý edip bilmeýär. Ýerli synçylar ýurduň obahojalyk pudagynda düýpli reformalaryň durmuşa geçirilmelidigini, daýhana öz ýeriniň eýeçiliginiň doly gaýtarylyp berilmelidigini aýdýarlar. Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan SSR-niň döredilmegi bilen XX asyryň birinji ýarymynyň başynda ýurtda kollektiwizasiýa prosesi ýokardan mejbury basyş bilen amal edildi we “kolhozlar” döredildi. Munuň netijesinde, “kolhozlara” degişli ýerlerde kärendeçi daýhanlara beýleki ekinler bilen bir hatarda esasan pagta önümçiligi boýunça plan borçnamalary tabşyryldy. Ýerli synçylar, şeýle tejribeleriň henizem ýurtda dowam edýändigini, bu ýagdaýyň ýurduň oba hojalyk pudagyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar. Sözümiziň başyndaky ýer almanyň tohumy bilen üpjün edilmedik daşoguzly daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan beýleki kynçylyklary, hususan-da ekinleriň suw üpjünçiligi baradaky ýagdaýlar umumy jemgyýetçilige nämälimliginde galýar. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde ýurtda daýhanlara kärendesine berilýän ýerleriň meleoratiw ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna döwlet tarapyndan ýardam berilýändigi tekrarlanýar, ýöne babadaýhanlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň edilmeýär.
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma delegatlar bilen... Giňişleýin TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň foýesinde gurnalan amaly-haşam eserleriniň sergileri, medeniýet we... Giňişleýin TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ 13-NJI JILTINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.... Giňişleýin “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň geçirilen ýerinde...
ABŞ terrorçylardan dürli howp-hataryň abanýandygy baradaky duýduryşlara garamazdan, 2011-nji ýyl terrorçylyga garşy global göreşde “özgeriş döwri” boldy diýip hasaplaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş baradaky ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Onda terrorçylyga garşy göreşde iň möhüm wakalaryň biri hökmünde 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda “Al-Kaýda” toparynyň lideri Usama bin Ladeniň öldürilmegi bilen bagly waka agzalýar. Şol bir wagtda-da hasabatda “Al-Kaýda” toparynyň bölümleriniň Arap ýarymadasy ýaly ýerlerde berkemegi bilen, bu toparyň henize çenli ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär. Hasabatda ekstremistik toparlaryň Päkistanda “pena” tapmagyny dowam etdirýändigi aýdylýar. Şeýle hem bu hasabatda Eýranyň terrorçylara ýardam bermekliginiň uly alada döredýändigi bellenilýär. ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu hasabatda geçen ýylyň ýanwar aýynda Domodedowo aeroportunda hem-de 2011-nji ýylyň iýul aýynda Norwegiýada amala aşyrylan terrorçy hüjümleriniň terrorçylygyň global howpa öwrülendigini subut edýändigini nygtaýar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisiniň çäginde sergi gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 77 ýyllygy mynasybetli «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly sergi geçirildi Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan gepleşik geçirildi Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiniň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk
24.11.2022Hoşallyk maslahaty geçirildi ~ 21.11.2022Katarda dünýä futbol baýramyna badalga berildi ~ 18.11.2022 Katar dünýä çempionatynyň bosagasynda ~ 16.11.20222024-nji ýyldaky Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti oýunlaryň resmi şekilini saýlady ~ 16.11.2022Uniwersiadanyň woleýbol ýaryşy Arkadagyň ýoly bilen 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedenterbiýede we sportda Arkadagyň ýoly bilen!” atly şygar astynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat diýseň çuň many-mazmuna eýe boldy. Oňa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew tamamlanan ýylyň sport we ýaşlar syýasaty ugry boýunça uly üstünliklere beslenendigine ünsi çekdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hem sportuň gülläp ösýän, ýaşlar syýasatynyň dabaralanýan ýylyna öwrüljekdigini buýsanç bilen belledi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili Didar Hydyrow Watanymyzda alnyp barylýan beýik işlerden hem-de möhüm ädimleriň ählisiniň gözbaşynda duran Arkadag Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryndan söhbet açdy. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň müdiri Döwlet Hangeldiýew hormatly Prezidentimiziň dünýäde dabaralanýan sport we ýaşlar syýasatynyň mazmunyny düşündirse, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mugallymy Tawus Akmyradowa maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni şol syýasatyň Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakdaky ornuna çekdi. “Aşgabat” köpugurly stadionynyň medeniýet bölüminiň müdiri Bäşim Hamedow ajaýyp döwrümiziň her bir wakasynyň taryhyň sahypalaryny mynasyp setirler bilen bezeýändigine ünsi çekdi. “Arkadaga şöhrat, sportda şöhrat” diýen jümleleriň elçarpyşmalar bilen utgaşmasy ildeşlerimiziň Arkadagymyzyň adyna alkyşlarynyň egsilmezdigini görkezdi. Rahat SAMATOW, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.
Aşgabatda Aziýa oýunlary mynasybetli has köp köçeleriň ýapylmagy netijesinde, şäheriň käbir böleklerinde uly awtoulag dyknyşygy emele geldi. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri Nurmuhammet Andalyp (öňki “Mir”) köçesinde emele gelen awtoulag dyknyşygynyň uzynlygynyň 2 kilometre golaýdygyny aýdýarlar. “Nurmuhammet Andalyp köçesiniň Oguzhan we ‘10 ýyl abadançylyk’ köçeleriniň aralygynda maşynlar biri-birine degip diýen ýaly dur. Ol ýerde uly dyknyşyk emel gelýär. Şeýle-de, bu köçede iň azyndan 1000-den gowrak maşyn, özem iki hatar dur. Bu ýerde birek-birege igener ýaly ýagdaý ýok. Sebäbi öňüň dyknyşyk, yzyň dyknyşyk, ýörär ýaly däl” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Nurmuhammet Andalyp köçesi bilen “10 ýyl abadançylyk”, Ýunus Emre, Oguzhan köçeleriniň çatrygyndaky awtoulag dyknyşyklary düýn öýlänki sagatlardan başlap, 31-nji awgustda giçlik hem dowam edýär. Aşgabatda howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan şu günlerde, awtoulag dyknyşygynda sürüjileriň we ýolagçylaryň öň ortaça 10 minutda barýan ýerine indi 40-50 minutda barmaly bolýandygy aýdylýar. “Awtoulaglaryň köpüsiniň kondisionerleri hem işlänok. Onsoň kondisioneri işlemeýän maşynlarda-da aýnalary açýarlar ýa-da käbir ýolagçylar ‘maşyn hereket edýänçä’ diýip, gapylaryny açyp oturýarlar. Sebäbi her bir maşyn bir duran ýerinde iň azyndan 6-7 ýa-da 10 minut çemesi durandan soňra, öňe tarap ýöräp bilse bir 10 metr ýöreýär we soň ýene şonça saklanmaly. Şeýdip, pyşdyl ýörişi bilen ýuwaş-ýuwaşdan ýörelýär” diýip, Bugaýew aýdýar. Şeýle-de, ol döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki taksilere münen ýolagçylaryň ençemesiniň awtoulag dyknyşygynyň aýrylmagyna garaşyp bilmän, münen ulaglaryndan düşüp gidýändigini hem görse bolýandygyny belleýär. Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý diňe ulagly raýatlara däl, eýse pyýadalara we şäheriň beýleki sebitlerinden Parahat etrapçalaryndaky edara-kärhanalara gelip işleýän paýtagtlylara hem ýaramaz täsir ýetirýär we käte ýaşaýjylar ortaça 2 kilometr aralygy pyýada ýöräp geçmeli bolýarlar. Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri we ýaşaýjylaryň ençemesi köçe dyknyşygynyň sebäplerini Aşgabatda has köp köçeleriň ýapylmagy, häzirki wagt Parahat 1 we 2 etrapçalaryna diňe iki sany kiçi köçeden baryp bolýandygy bilen düşündirýärler. “Olimpiýa şäherjigine degişli ýollar, meselem, onuň gündogaryndaky Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, günortasyndaky “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň, demirgazygyndaky Atamyrat Nyýazow köçesiniň we günbataryndaky “Garaşsyzlyk” köçesiniň ýapylmagy bilen bular ýaly [awtoulag] dyknyşygy emele gelmändi. Düýn öýlän Aziýa oýunlary geçjek sport desgalaryndan 1,5 kilometr gündogardaky köçeler ýapyldy. Öň şol köçelerden arkaýyn mikroraýonlaryň içine girip bolýardy. Ähli başagaýlyk şol köçeleriň ýapylyp, mikroraýonlaryň içine diňe iki sany köçeden girmäge rugsat edilmegi bilen baglanyşykly” diýip, Bugaýew gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Olimpiýa şäherjiginiň dört tarapyndaky esasy köçeleriň ýapyljagy hakynda Türkmenistanyň gazetlerinde we telewideniýede bildiriş berlen hem bolsa, sport desgalaryndan ortaça 1,5 kilometr uzakdaky köçeleriň hem ýapyljagy barada kelam söz aýdylmandyr. Aşgabatda Polisiýanyň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugynyň käbir işgärleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, köçeleriň 30-njy awgustdan başlap ýapylandygyny we munuň oktýabr aýynyň 1-ne çenli dowam etjekdigini aýtdylar. Galyberse-de, soňky günlerde paýtagtda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) awtoulag hereketini çäklendirmek maksady bilen, maşyn eýelerine “her dürli bahanalar” bilen jerime ýazyp başlandygy hem habar berilýär.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin 20-nji oktýabrda giçlik Moskwa bardy. Putin Siriýanyň režiminiň iň güýçli halkara goldawçysydyr. Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Assadyň “iş sapary” bilen agşamara Moskwa gelendigini aýtdy. Siriýanyň döwlet telewideniýesi Assadyň 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýurduň daşyna sapar edýändigini habar berdi. Sebäbi agzalýan senäniň edil öň ýanynda Siriýada-da “Arap bahary” diýlip atlandyrylýan demokratik häsiýetli gozgalaňlar başlanypdy. 21-nji oktýabrda Siriýanyň döwlet radiosy, ýurduň prezidentiniň edarasyna salgylanyp, Assadyň eýýäm Damaska dolanyp barandygyny aýtdy. Gepleşikler Siriýanyň uzak wagtdan bäri harby ýarany Russiýa geçen aý Assady goldamak maksady bilen howa zarbalaryny amala aşyryp başlady. Şol bir wagtda Moskwa Birleşen Ştatlaryň we günbatar resmileriniň Siriýadaky graždanlyk urşunyň tamamlanmagy üçin ýeke-täk diplomatik çäräniň Assadyň häkimiýetden aýrylmagy diýen pikirini ret edip, onuň häkimiýetde galmalydygyny tekrarlap gelýär. Peskow 20-nji oktýabrda Putin bilen Assadyň arasynda geçirilen gepleşiklerde “terrorçy toparlara” garşy Orsýet bilen Siriýanyň bilelikdäki harby kampaniýasy we Siriýada Orsýetiň howa zarbalarynyň dowam etmegi ýaly meseleleriň maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle-de, onuň aýtmagyna görä, Assad Siriýanyň hökümet güýçleriniň planlary barada Putine maglumat beripdir. Russiýanyň telewideniýesi Putiniň ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň gatnaşmagynda Assaddyr onuň ýokary derejeli maslahatçylarynyň biri bilen duşuşyk geçirýän pursadyny görkezdi. Howa zarbalary Kremliň 21-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Putin Assada asly öňki sowet respublikalaryndan bolan 4 müň çemesi adamyň häzirki wagtda Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýändigini aýdypdyr. Kreml Putin Assada şol adamlaryň Siriýada uruş tejribelerini edinensoňlar, Russiýa gaýdyp gelmegine ýol berip bilmejekdigini aýtdy diýdi. Bahreýni, Iordaniýany, Katary, Saud Arabystanyny we Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýan Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini we “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Horasan” toparynyň we “Al-Nusra” frontunyň jeňçilerini nyşana alyp, howa zarbalaryny amala aşyryp başlapdy. Moskwa Orsýetiň üç hepde dowam eden howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň we Siriýada hereket edýän beýleki halkara terroristleriň nyşana alnandygyny tekrarlaýar. Emma Birleşen Ştatlar Orsýetiň hüjümlerinde köplenç Siriýanyň oppozision aram yslamçy söweşijileriniň nyşana alnandygyny aýdýar. Bu oppozision söweşijiler bir wagtda “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” atly toparlaryň jeňçilerine hem-de Assadyň režimine garşy söweşýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berlip, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki goňşy halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly, netijeli hem-de uzak möhletli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, esasy ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, oba hojalygy, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýaly pudaklarda şeýle-de beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, döwletara, hökümetara we beýleki derejelerde yzygiderli duşuşyklar şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Şolar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň uly isleg bildirilýän usullaryny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri döredýär. Russiýa ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlary türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Türkmenistanda meşhur rus kompaniýalary işjeň işleýärler. Şolar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we ösdürmek üçin oňaýly şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, özüni gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine has amatly çemeleşmeleri kemala getirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny çözmek üçin täsirli we netijeli gural hökmünde görkezen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, şol sanda Astrahan oblastynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda okgunly ösýän gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Munuň özi dünýäniň energetika döwletleri bolan hem-de ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iki döwlet üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2028-nji ýyla çenli gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän ylalaşygy durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri, şol sanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazynyň satyn alnyşyny dikeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu mesele boýunça “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşikler alnyp barylýar, ýakyn wagtda anyk ylalaşyklar gazanylar. Şeýle hem Russiýanyň holdinginiň gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge üns berdiler. Şeýlelikde, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi hem-de ajaýyp rus nusgawy şahyrynyň adyny göterýän Döwlet rus drama teatry taryhy we ruhy kökleriniň umumylygy bilen baglaşan iki doganlyk halkyň dostlugynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Sport ulgamynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Mekdep medeni-sport festiwaly aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Oňa dürli ýurtlardan gelen çagalar bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden, Astrahan oblastyndan toparlar gatnaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Konstantin Çuýçenko däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen ugra iki ýurduň ygrarlydygyny tassykladylar we doganlyk halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.
Ortoped lukmanlaryň bellemegine görä, uklanda adamynyň arkan we gapdallaýyn ýatmagy saglyk üçin has ýaramly bolup durýandyr we onuň içki agzalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsiri ýokdur. Ýüzin (garnyň üstünde) ýatmagy halaýan adamlar onuň saglyk üçin oňaýly däldigini we oňurganyň üýtgemegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Uklanyňda gowy dynç almak üçin aşa ýumşak bolmadyk ýerde (düşek) ýatmak maslahat berilse hem, hemme adamlara, esasan hem oňurga bilen bagly kynçylyklary bolan adamlara bu amatly bolmaýar. Şonuň üçin hem her adam özüniň dynç almagy üçin ýaramly düşegi saýlamalydyr. Arkan ýatylanda oňaýly bolar ýaly şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr: ► Özüňize ýaramly düşekde arkan ýatyň, kiçijik ýassyjagy dyzyňyzyň aşagyna goýuň. Dyzyňyzy biraz epiň we endamyňyzy gowşadyň. ► Biliňiziň aşagyna oňurganyň bil bölümine söýget bolar ýaly ýumşak, uly bolmadyk ýassyjagy (ýa-da ýumşak zady düýrläp) goýuň. Oňurganyň şeýle ýagdaýy onuň gyşarmagynyň, üýtgemeleriniň öňüni alýar. ► Ýatylýan ýassyk orta ýumşaklykda bolmalydyr we örän beýik bolmaly däldir. Kelle bilen oňurga bir tekizlikde ýerleşmelidir. Gapdal ýatylanda şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr: ♦ Sag ýa-da çep gapdalyňyza ýatyň. Ýüzüňizi erkin dem almak üçin biraz öňe egmelidir. ♦ Aýagyňyzy dyzyňyzda epläp, dyzlaryňyzyň arasyna ýassygy (çanaklyk oňurga bilen bir tekizlikde ýerleşer ýaly) goýuň. Uklanyňyzda aşa epilip, düýrlenip ýatmakdan saklanyň. ♦ Uzak wagtlap bir tarapyňyzda ýatmakdan gaça duruň. Bit tarapdan beýleki tarapa öwrülmäge çalşyň. Bir tarapyňda ýatmak oňurganyň, döş kapasasynyň gyşarmagyna, arkada agyrylaryň döremegine sebäp bolup biler.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un. 31-nji maý, 2018 ý. Paýlaş Demirgazyk Koreýanyň lideri Lawrowa “denuklearizasiýa” ygrarlydygyny aýtdy share Çap et Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa özüniň denuklearizasiýa borçnamalarynyň “üýtgewsiz, tapgyrlaýyn we kesgitli” bolmagyna galýandygyny aýtdy. Bu barada Phenýanyň resmi habar agentlikleri maglumat berdi. 31-nji maýda Lawrow bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Kim ABŞ-Demirgazyk Koreýa düşünişmezlikleriniň we sebitiň denuklearizasiýanyň “tapgyrlaýyn görnüşde çözüljekdigine” umyt edýändigini hem aýdypdyr. Kim we Lawrow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de şu ýyl iki taraplaýyn sammiti geçirmek barada hem ylalaşypdyrlar. Lawrowyň bu sapary ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmileriniň Nýu-Ýorkda gepleşik geçirip, 12-nji iýunda Singapurda prezident Donald Tramp bilen Kimiň arasyndaky planlaşdyrylýan taryhy sammiti maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Leonidowiç Teksleriň biziň ýurdumyza dostlukly saparynyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Ural” Döwlet tans ansamblynyň konserti geçirildi. Konsertiň öňýany Türkmenistanyň we Çelýabinsk oblastynyň medeniýet ministrleri tomaşaçylara halklarymyzyň arasyndaky berkeýän dostlugy beýan edýän çykyşlary bilen ýüzlendiler. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşany üçin, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň skripka ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Garold Isakowiç Neýmarka “Puşkin” medalyny gowşurdy. Konsert manysy boýunça şunuň ýaly ýakymly pursada geň galdyryjy derejede gabat gelýän “Dostluk çemeni” atly horeografik kompozisiýa bilen başlandy. Reňkleriň, sazyň, çeýeligiň we çakganlygyň jadylaýjy täsiri tomaşaçylaryň keýpini göterip, tansdan- tansa geçdi. Tomaşaçylar we çagalar tomaşaçy hatarlarynyň arasynda tans meýdançasyny döretdiler. “Ural” tans ansambly 1980-nji ýylda döredilip, Günorta Uralyň tanyşlyk kartyna öwrüldi. “Ansambl şu döwrüň içinde ähli ýurtlarda diýen ýaly bolup gördi. 35 ýyl mundan ozal “Ural” ansamblynyň tansçylary Merkezi Aziýa respublikalaryna, şol sanda Türkmenistana-da sapar bilen gelipdir. Toparymyzyň halypa tansçylarynyň ýatlamalaryna görä, Aşgabat tanalmaz derejede özgeripdir. Biz Türkmenistanyň ajaýyp ak mermer paýtagty hakda köp okaýardyk, indi bolsa özümiz munuň gözli şaýady bolup durus. Üstesine-de, siziň howaňyz maýyldan ýakymly, tomaşaçylaryňyz bolsa hoşniýetli we ajaýyp, olaryň öňünde çykyş etmek uly lezzet!” diýip, ansamblyň çeper ýolbaşçysy Swetlana Borisowna Lukina söhbetdeşlikde aýtdy.
Baş sahypa Wakalaryň jümmüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi 26.09.2022 1951 Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Ýurdumyzy Çelýabinsk oblasty bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar ykdysady taslamalar babatda hem-de ynsanperwer ulgamda okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmana gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, aýratyn-da, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň ýurdumyzda metallurgiýa, maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygynda önümleriň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy. Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol kompaniýalar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi hem-de ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, sport, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle-de durmuş ugurly taslamalaryň çäklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň “Ural” tans toparynyň türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen konsertiniň medeni ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi. Sözüniň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory hormatly Prezidentimize myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Baş sahypa Jemgyýet Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy 15.11.2022 1529 Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny guramaçylykly geçirmek, ilata onuň maksady, geçiriliş tertibi we düzgünleri barada maglumat bermek üçin, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti birnäçe maglumat sahypasyny taýýarlady. Olaryň ählisi-de ilat ýazuwynyň geçiriljek senelerini görkezýär – 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry bilen 28-nji dekabry aralygy we onuň «Ilat ýazuwy – 2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» şygaryny öz içine alýar. Olarda ilat ýazuwyna Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň düşýändikleri, ilat ýazuwyny geçirýänleriň soraglaryna jogap berlende, olary tassyklaýan resminamalary görkezmegiň zerur däldigi, maşgalabaşynyň beýleki maşgala agzalary barada maglumat berip biljekdigi aýdylýar. Alnan maglumatlaryň gizlinligini we şahsyýet görkezilmezden ulanylmagyny üpjün etmek baradaky madda möhümdir. Ýörite maglumat sahypasynda ýazuwyň barşynda dört elektron soragnamanyň dolduryljakdygy görkezilýär. Olaryň birinjisi ýaşaýyş jaýynyň görnüşi, haçan we haýsy materialdan gurlandygy barada maglumat ýygnamak üçin niýetlenendir. Ikinjisi ýaşaýyş jaýyna eýeçiligiň görnüşi, peýdalanylýan meýdany, otaglaryň sany, jemagat hyzmatlary, aragatnaşyk we internet bilen üpjünçiligi baradaky soraglary öz içine alýar. Üçünji soragnamadaky soraglar belli bir jaýda ýaşaýanlaryň sany we olaryň jaý eýesi ýa-da jogapkär kärendeçi bilen gatnaşygy barada maglumat ýygnamaga gönükdirilendir. Şol jaýda ýaşaýanlar hakdaky maglumatlary anyklaşdyrmaga olaryň hersiniň ýaşy, doglan ýeri, jynsy, bilimi, maşgala ýagdaýy we girdeji çeşmeleri baradaky soraglary özünde jemleýän dördünji soragnama niýetlenendir. Sorag-jogap bary-ýogy 20-30 minut dowam etmelidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ilatyna ilat ýazuwyny geçirýänleri nädip tanamalydygy barada maglumat berilýär: olara degişli şahadatnama, ýaşyl žilet we ilat ýazuwynyň resmi nyşany bolan birmeňzeş reňkli sumka beriljekdir. Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuwynyň wagty, tertibi we düzgünleri barada jikme-jik maglumat bermek bilen, bilelikde has bagtly geljege tarap ädim ätmek üçin, ýurdumyzyň raýatlaryny oňa işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Taýýarlanan maglumat sahypalarynyň nusgalaryny müdirligiň saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-ylmy kafedralary döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi kafedrasynyň esasynda ýöriteleşdirilen «Organiki himiýa» okuw kafedrasy döredildi, onda täze materiallar işlenilip taýýarlanylar. Magtymguly adyndaky TDU-nyň professor-mugallymlarynyň we Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň alymlary «Organiki däl we analitik himiýa» ýörite kafedrasynyň çäklerinde ylmy hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Ýörite kafedralarda alnyp baryljak ylmy işler ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm meselelerini çözmäge, önümçilige täze ylmy işläp taýýarlamalary we ekologiýa taýdan arassa önümleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hususan-da, Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uniwersitetiň organiki himiýa kafedrasynyň professorlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýaglylygy güýçli uglerodyň we nebit karbon kislotalarynyň esasynda senagat taýdan wajyp birleşmeleri almagyň ylmy esaslary taýýarlanylar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölümleriniň we Magtymguly adyndaky TDU-nyň organiki däl we analitik himiýa kafedrasynyň professorlarynyň ýakyn hyzmatdaşlygynda Garabogaz kölüniň şerebesini toplumlaýyn gaýtadan işlemegi öwrenmek hem-de ony durmuşa geçirmek meseleleri öňde goýuldy. Himiýaçy alymlar fiziki himiýa kafedrasynyň professorlary bilen bilelikde ýerli çig maldan dokma önümleri üçin arassa reňkleri almagyň ylmy esaslaryny işläp düzerler. Tebigy we takyk ylymlar ylmy-barlag merkezinde uniwersitetiň professorlary we ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary şu ugurlardan düýpli barlaglar geçirýärler.
Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň prezidentleri ilkinji regional sammitini geçirmek üçin Gazagystanda jemlendiler. Olaryň soňky tas on ýylyň dowamynda ýokary derejede geçirýän bu ilkinji duşuşygyna Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň 2016-njy ýylda ýogalmagyndan soň, regional ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň gowulanyp başlamagynyň alamaty hökmünde garalýar. 15-nji martda geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň prezidenti baştutanlyk edýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaýar. Dünýäniň iň üzňe ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň adyndan bu regional sammite Mejlisiň baştutany Akja Nurberdiýewa baştutanlyk edýär. Sammit Şawkat Mirziýoýewiň teklibi bilen geçirilýär. Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Yslam Karimowyň aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçensoň öz regional goňşulary bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň ugrunda hereket edýär. Yslam Karimowyň 27 ýyllyk awtokratik dolandyryşynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklary tranzit ýollary, serhet howpsuzlygy we suw resurslary ýaly meseleleriň üstünde ýaramazlaşypdy.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Moskwada ors resmileri bilen Eýranyň ýadro programmasy babatda dörän halkara çigşigi çözmek we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat edýär. Salehi duşenbe güni daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar hem-de Orsýet bilen Eýranyň bilelikde guran ykdysady komissiýasynyň 10-njy sessiýasyna gatnaşýar. Bu duşuşyk 26-njy fewralda, eýranyň ýadro işleri, şol sanda uran baýlaşdyrmak meselesi bilen bagly dawalary çözmek üçin Gazagystanda guraljak halkara maslahatyň öňüsyrasynda bolýar. Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň ýadro ýaraglaryny ýasamak üçin ulanylyp bilinjegini aýdýarlar. Eýran özüniň atom bombasyny edinjek bolýandygy barada aýdylýanlary ret edýär. Gazagystan gepleşikleri Eýranyň we dünýäniň ýene alty uly döwletiniň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň wekillerini bir ýere jemlär.
BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) berýän maglumatyna görä, awgust aýynda Siriýadaky gazaplylykdan 100 müň töweregi adam goňşy ýurtlara gaçyp barypdyr. BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assada garşy başlanan gozgalaňdan bäri, bu hasaba alnan iň ýokary görkeziji bolupdyr. Gurama häzire çenli Siriýadan 235 müňe golaý bosgunyň goňşy döwletlere geçendigini aýdýar. Bu aralykda, sişenbe güni Halkara gyzylhaç jemgyýetiniň (ICRC) prezidenti Peter Maurer Damaskda prezident Başar al-Assad bilen duşuşdy. Halkara Gyzylhaç jemgyýetiniň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda Siriýadaky “barha ýaramazlaşýan gumanitar ýagdaý” maslahat ediler.
23-nji martda Bişkek şäherinde geçirilen halk maslahatynda eden çykyşynda, Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakiýew Günbatar demokratiýasynyň prinsipleriniň öz ýurduna laýyk gelmeýändigini aýtdy. Gyrgyz prezidenti erkin saýlawlara hem raýatlaryň şahsy hak- hukuklaryna esaslandyrylýan demokratiýanyň prinsipleriniň Gyrgyzystanda ýöredilmeginiň gitdigiçe kynlaşýandygyny nygtady. Şonuň üçin K.Bakiýew Gyrgyzystanda demokratiýanyň täze görnüşiniň – maslahatly demokratiýanyň girizilmegini teklip etdi. Şeýle hem 23-nji martda Gyrgyzystanyň Bişkek hem Oş şäherlerinde geçirilen demonstrasiýalarda çaknyşyklaryň emele gelendigi habar berildi. Polisiýanyň beren maglumatlarynda 23-nji martda Bişkekde Bakiýewiň tarapdarlarynyň gurnamagynda geçirilen halk maslahatyna girmäge synanyşan 30-a golaý aktiwistiň tussag edilendigi aýdylýar. Oş şäherinde bolsa, tussag edilen oppozisiýanyň wekili Ismaiyl Isakowyň goldawyna geçirilen ýörişiň barşynda polisiýa işgärleri bilen çaknyşyklaryň ýüze çykandygy aýdylýar. Bu ýerde 60-a golaý aktiwist tussag edildi. Häzir Gyrgyzystanyň oppozisiýasy Bakiýewi awtoritarlykda hem korrupsiýada aýyplap, onuň wezipesinden çekilmegini talap edýär. 24-nji martda Gyrgyzystanda çigildem rewolýusiýasy netijesinde Askar Akaýewiň wezipesinden çetleşdirilip, onuň ýerine Kurmanbek Bakiýewiň saýlanmagyna 5 ýyl bolýar.
Hytaýyň sudy öňki ýokary derejeli syýasatçy Bo Ksilainiň şikaýatyny ret etdi we parahorluk, bidüzgünçilik we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda onuň ömürlik türme tussaglygyny güýçde saklady. Döwlet eýeçiligindäki “Xinhua” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu karary Hytaýyň günortasyndaky Şandong welaýatynyň Ýokary Halk sudy anna güni çykarypdyr. Sentýabr aýynda geçirilen sud işi döwründe Bo özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edipdi. Bo syýasatdan çetleşdirilmezden ozal ýurduň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherine ýolbaşçylyk edýärdi we oňa Hytaýyň Kommunist partiýasynyň hemişelik komitetiniň agzasy bolmaga dalaşgär hökmünde garalýardy. Hytaýyň Kommunist partiýasy ýurtda iň täsirli organdyr. Ýöne Bonuň karýerasy 2011-nji ýylyň noýabr aýynda britan işewüri Neil Heýwudyň öldürilmegi bilen ilteşikli dargady. Bu waka baradaky maglumatlardan soň Bonuň ýokary derejeli resmisi Birleşen Ştatlaryň konsulhanasyna gaçypdy we Bonuň aýaly Heýwudy öldürmekde türme tussaglygyna höküm edilipdi.
1991-nji ýylyň aýagynda Sowet Soýuzy öz ýaşamagyny bes etdi. SSSR-iň dargamagynyň öň ýanynda, Soýuz respublikalarda özbaşdaklyk hem garaşsyzlyk ugrunda örän köp sanly mitingler bolup geçdi. 1 Dekabr wakalary ýa-da Alma-Atadaky (häzir – Almaty diýilýär) Želtoksanda Kremliň merkezleşdirýän hökümetine garşy Sowet Soýuzyndaky ilkinji hem iň uly demonstrasiýalaryň biri boldy. 1986-njy ýylyň 17-18-nji dekabry Gazagystanyň ýaşlarynyň erkinlik ugrundaky göreşi hökmünde taryha girdi. SSSR-iň dargamagyna entek bäş ýyl bardy. 2 Bu waka Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň respublikanyň uzak möhletli lideri Dinmuhamet Kunaýewiň Gazagystan SSR Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary wezipesinden boşadylmagyndan öň bolupdy. Kunaýewiň ýerine ozal Russiýanyň Ulýanow oblastynda işlän Gennadiý Kolbin Gazagystana ýolbaşçylyk etmek üçin bellendi. Gazagystana näbelli bir işgäriň bellenilmegi nägilelik döretdi. Müňlerçe ýaşlar paýtagtyň merkezi meýdançasyna çykdylar. 3 Kommunistik partiýa Gazagystanyň ýaşlarynyň hereketlerini "milletçiligiň alamaty" diýip atlandyrdy. Işçileriň we studentleriň çykyşlary rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. 4 Demonstrasiýany dargatmaga Sowet ýolbaşçylary Russiýadan howpsuzlyk güýçlerini iberdi. Protesti basyp ýatyrmak üçin geçirilen operasiýa "Metel-86" diýlip atlandyryldy.​
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Eýranda elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy sebäpli Türkmenistandan elektrik energiýasy import edilip başlandy. Elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy Eýranda temperaturanyň gyzmagy we kriptowalýuta önümçiliginiň ýokarlanmagy esasynda ýüze çykdy. Bu barada Eýranyň “Press TV” teleýaýlymynda çarşenbe güni habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder diýip, Eýranyň “Tavanir” döwlet energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Mostafa Rajabi aýtdy. Kompaniýanyň wekili Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky baglaşylan elektrik üpjünçiligi boýunça ylalaşygyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljekde importyň artyp biljekdigini hem belledi. “Bu mukdar Horasan sebitindäki elektrik energiýa bolan islegiň belli bir bölegini kanagatlandyryp biler” diýip, Rajabi aýtdy. Energetika ministrliginiň Horasan welaýatyndaky bölüminiň wekili Muhammet Alaýi Türkmenistanyň sebitiň elektrik ulgamyny 130 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün edip başlandygyny aýtdy. Şeýle hem, Muhammet Alaýi türkmen elektrik energiýasynyň importynyň sentýabryň soňlaryna çenli dowam etjekdigini we bu importyň Eýranyň gündogar sebitlerinde elektrik energiýasynyň kesilmeginiň öňüni almak üçin niýetlenendigini belledi. Eýranyň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, soňky hepdelerde elektrik energiýasyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin ýurduň elektrik stansiýalary doly kuwwatynda işleýär. 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligi ýylda 33 milliard kilowat sagada ýeter. Goýlan maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. 2018-nji ýylda Maryda ilkinji kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy.
Daşoguz Tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärhanada miweli, saýaly, pürli agaçlaryň üzümiň, tudyň, bezeg gülleriniň onlarça görnüşini köpeltmek işi alynyp barylýar. Tokaý hojalygynyň işgärleri agaç nahallaryny oturtmagyň her ýyldaky ýazky we güýzki möwsümine köp mukdarda agaç nahallaryny ýetişdirip edara kärhanalara, daýhan birleşiklerine, şahsy hojalyklara ugradýarlar. Tokaý hojalygynyň işgärleri üçin aýgytlaýjy möwsüm agaç nahallary oturtmagyň güýzki möwsümi ýakynlap gelýär. Bagbanlar geljek ýylyň ýazky ekiş möwsümi üçin agaç tohumlaryny ýygnamak işini ýaz nahallarynyň ideg işleri bilen utgaşykly alyp barýarlar. Kärhanada agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribe toplan bagbanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Kemal Mämmedow, Gurban Allabaýew Kurambaý Hallyýew ýaly bagbanlaryň idedýän nahallary has gowy boý alýanlygy bilen tapawutlanýar. Tokaý hojalygynyň bagbanlary ýazky ekiş üçin miweli agaçlaryň tohumynyň 30 kilogramy, pürli agaçlaryň tohumynyň 120 kilogramy, sazagyň tohumynyň 200 kilogramy, miweli agaçlaryň nahallarynyň 45 müň düýbi, pürli agaçlaryň 175 müň düýbi, sazagyň 150 müň düýbi, tudyň 40 müň düýbi taýýarlanyldy. Kärhananyň bagbanlary agaç nahallaryny oturtmagy ýazky möwsümi üçin niýetlenen nahallaryň ideg işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Çarşenbe güni Bagdatda bolan bomba partlamalarynda azyndan 21 adam öldi we onlarçasy ýaralandy. Partlamalaryň aglabasy şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan territoriýasynda ýüze çykdy. Yragyň polisiýa resmileriniň berýän maglumatyna görä, hüjümleriň biri Sadria etrapçasynyň merkezinde bolupdyr. Bazarda bolan bu partlamada söwda edýän bäş adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy. Bomba hüjümleriniň beýlekileri Şaab, Tobçi, Karrada, Azamiýah we Amil etrapçalarynda amala aşyryldy. Şu ýylyň aprel aýynda Yragyň demirgazygyndaky sünnileriň protest geçirýän lagerine gazaply howpsuzlyk reýdleri geçirileni bäri, ýurtda ýowuzlyklar barha möwjeýär. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, şondan bäri Yrakda 5 müň 500-den gowrak adam heläk bolupdyr.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-ylmy kafedralary döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi kafedrasynyň esasynda ýöriteleşdirilen «Organiki himiýa» okuw kafedrasy döredildi, onda täze materiallar işlenilip taýýarlanylar. Magtymguly adyndaky TDU-nyň professor-mugallymlarynyň we Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň alymlary «Organiki däl we analitik himiýa» ýörite kafedrasynyň çäklerinde ylmy hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Ýörite kafedralarda alnyp baryljak ylmy işler ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm meselelerini çözmäge, önümçilige täze ylmy işläp taýýarlamalary we ekologiýa taýdan arassa önümleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hususan-da, Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uniwersitetiň organiki himiýa kafedrasynyň professorlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýaglylygy güýçli uglerodyň we nebit karbon kislotalarynyň esasynda senagat taýdan wajyp birleşmeleri almagyň ylmy esaslary taýýarlanylar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölümleriniň we Magtymguly adyndaky TDU-nyň organiki däl we analitik himiýa kafedrasynyň professorlarynyň ýakyn hyzmatdaşlygynda Garabogaz kölüniň şerebesini toplumlaýyn gaýtadan işlemegi öwrenmek hem-de ony durmuşa geçirmek meseleleri öňde goýuldy. Himiýaçy alymlar fiziki himiýa kafedrasynyň professorlary bilen bilelikde ýerli çig maldan dokma önümleri üçin arassa reňkleri almagyň ylmy esaslaryny işläp düzerler. Tebigy we takyk ylymlar ylmy-barlag merkezinde uniwersitetiň professorlary we ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary şu ugurlardan düýpli barlaglar geçirýärler.
Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna öz synçylaryny ibermek kararyna geldi. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Bu mesele Arkalaşygyň penşenbe güni Minsk şäherinde geçirilen maslahatynyň gün tertibine goýuldy we GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew synçylar missiýasynyň başlygy edip bellenildi. Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna diňe Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institut ýaly ýerli jemgyýetçilik gurama tarapyndan gözegçilik edilmez, oňa halkara ekspertleri we gözegçileri hem syn ederler diýip, TDH gullugy ýazdy. GDA-ly synçylaryň obýektiwlik derejesi Emma Astanadaky Ýewroaziýa milli uniwersitetiniň professory Saparbaý Jubaýew bu komissiýanyň saýlawlaryň adalatly geçmegine peýdaly boljakdygyna ynanmaýar. Ol bu hakda şeýle diýdi: —Sebäbi GDA döwletleriniň özi entek doly demokratik ýola düşmedik ýurtlar. Şonuň üçin olar haýsy ýurda barsalar hem hemmesi gowy diýen netijä gelýärler. Eger-de saýlawlar geçirilýän döwletiň özünde demokratiýalaşmak niýeti bolmasa, GDA-nyň synçylaryndan peýdaly hiç zada garaşyp bolmaz. Özbegistanly garaşsyz žurnalist Abdurahman Taşanow bolsa GDA-dan baran synçylaryň obýektiwlik derejesiniň pes bolýandygyny aýtdy: —Sebäbi olaryň özleri Türkmenistan ýaly awtoritar režimli döwletlerden. Olar öz ýaşaýan ýurdunyň ýagdaýyna görä, saýlawlara syn edýärler. Emma bu saýlawlara demokratiýanyň ösen döwletlerinden Günbatardan, Ýewropadan ýa-da Amerikadan synçylar gatnaşsalar, saýlawlaryň adalatly geçmegi üçin peýdaly bolardy. 2012-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gyrgyzystanda prezident saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda GDA-nyň synçylarynyň aktiw rol oýnamandyklaryny, diňe hökümetiň pozisiýasy bilen ylalaşandyklaryny gyrgyzystanly garaşsyz ekspert, ýurist Kubat Hojanalyýew ýatlaýar. Ol Türkmenistana barjak komissiýanyň düzüminde kimleriň boljagynyň möhüm rol oýnajakdygyny belleýär. “Içerki işlere goşulmazlyk” Emma 20-nji dekabrda Moskwada geçirilen GDA döwletleriniň liderleriniň resmi bolmadyk sammitinde GDA-nyň ýerine ýetiriji başlygy Segeý Lebedew GDA agza ýurtlardaky saýlawlarda Günbataryň synçylarynyň diňe kemçilikleri tapmagy maksat edinýändiklerini belledi. Ol Günbataryň synçylaryndan tapawutlylykda GDA agza ýurtlardan saýlawlara baran synçylaryň obýektiwligi we ýurduň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly prinsipleri goldamalydygyny aýtdy. Emma garşsyz ekspert Kubat Hojanalyýewiň pikirine görä, islendik gapma-garşylyk ösüşiň esasy hasaplanýar.Ol bu barada öz pikirini şeýle beýan edýär: —Saýlawlarda dürli pikirler aýdylmaly. Olara reaksiýalar bolmaly. Şonda ösüş bolýar. Diňe bir şahsyýeti öwmek bilen ýurtda nähilidir bir özgerişlik gazanyp bolmaz. Ýurtda nähilem bolsa hereket bolmaly. Hereket bolmasa, ýurdy durgunlylyga getirer. Şonuň üçin hökman gapma-garşylyk bolmaly. Gapma-garşylygyň sebäplerini öwrenmek we ol ýagdaýdan çykmagyň ýollaryny yzarlamak bilen ýurdy geljekki kynçylyklardan halas edip, özgertse bolar. Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlara hödürlenen dalaşgäriň sany häzir 15-den geçdi. Türkmen häkimiýetleri bu saýlawlaryň aç-açan we adalatly geçjekdigini nygtaýarlar.
Penşenbe güni Owganystandaky NATO güýçleriniň resmileri şu hepdäniň başynda koalision güýçleriň ýalňyşlyk bilen ýerli parahat ýaşaýjylardan birnäçesini öldürendiklerini boýun aldylar. Hususan-da, halkara ýardam güýçleriniň metbugat sekretary şu hepdäniň sişenbe güni Host welaýatynyň Şamal etrapynda ýaragly söweşijilere garşy geçirilen howa hüjüminde birnäçe parahat ýaşaýjynyň ölendigi barada beýanat ýaýratdy. Emma bu beýanatda näçe sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi barada anyk maglumat berilmeýär. Owganystanyň resmileri bu gürrüňi edilýän howa hüjüminde 11 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýdýarlar. Hepdäniň çarşenbe güni Gazni welaýatynda geçirilen başga bir howa hüjüminde-de iki sany ýerli çopanyň öldürilendigini aýdyp we bu wakany ýazgaryp, ýerli ýaşaýjylaryň ýüzlerçesi welaýat merkezinde demonstrasiýa geçiripdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda hereket edip başlady we şol wagt onyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Häzir olar ýetginjek hokkeýçilere öwrüldiler. Hokkeý oýnuna kämilleşmek boýunça ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi sebäpli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý klubynyň oýunçylary tiz wagtda taplanyp, gysga wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy toparlarynyň birine öwrüldi. “Şir” hokkeý kluby hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrynda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşy geçirmek hakynda” 12045 belgili karary esasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2012-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykaran MH/02 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda toplumyna degişli ministrlikleriň garamagynda döredildi. Hokkeýçileriň ussatlygyny ýokarlandyrmak barada işleri netijeli guramak, olaryň sport ugrundan hemmetaraplaýyn ösmeginde we sagdyn durmuşy alyp barmakda, şeýle-de, ýurdumyzda we onyň çäginden daşynda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek klubyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Işläp başlanyndan soň gysga wagtda yzygiderli we güýçli depginde türgenleşik işlerine gatnaşmak bilen, bu hokkeý klubynyň oýunçylary öz kämilliklerini artdyrdylar. “Şir” hokkeý klubynyň agzybir oýunçylary yzygiderli tertipde we güýçli depginde gury ýerde, buzly meýdançada, sport zallarynda alnyp barylýan türgenleşik işlerine işjeň gatnaşmak bilen häzirki wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy hokkeý klubynyň birini emele getirdiler. “Şir” hokkeý klubynda hokkeý oýunçylary ilki 2 sany toparda, ýagny uly we ýetginjek ýaşly oýunçylaryň toparynda çykyş edýärdiler. Ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän tagallalaryň netijesinde guralan ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan “Şir” hokkeý klubynyň abraýy barha artýar. Şeýle hem klubyň oýunçylarynyň sany gün geldigiçe köpelýär we häzirki wagtda oýunçylar üç toparda, ýagny uly ýaşly, ýetginjek ýaşly, we kiçi ýaşly toparlarda çykyş edýärler. “Şir” hokkeý kluby iki ýyla golaý wagtyň dowamynda (2013-nji ýylyň maýyndan häzirki wagta çenli) gatnaşýan ýaryşlarynyň hemmesinde ýokary netijeleri gazandy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý möwsüminde Türkmenistanyň wise-çempiony boldy, 2014-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýetginjekleriň halkara ýaryşynda baş baýraga kuboga mynasyp boldy. 2013-nji ýylyň maýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 68 ýyllygy mynasybetli guralan paýtagtymyzyň birinjiliginde we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň hünär baýramyna bagyşlanyp guralan ýaryşlaryň her birinde 2-nji orny eýeledi. 2014-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk ýaryşynda ýeňiji boldy. 2014-nji ýylyň aprel aýynyň 25-den 27-i aralygynda saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi ýaryşynda 2-nji orny eýeledi. 2014-nji ýylyň 25-30-i maýynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli sportuň “Şaýbaly hokkeý” görnüşi boýunça Içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda işjeň gatnaşyp 3-nji orny eýeledi. 2014-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 2015-nji ýylyň 02-nji iýuny aralygynda erkek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, 2-nji orny eýeledi. 2015-nji ýylyň 21-27-ni maýynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen hokkeý boýunça içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrynda açyk ýaryşynda hormatly 1-nji orny eýeledi. 2015-nji ýylyň 08-nji dekabryndan 2016-njy 28-nji aprel aralygynda erkek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň III çempionatyna gatnaşyp 2-nji orny eýeledi. 2016-njy ýylyň fewral aýynyň 12-den 17-si aralygynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen sportuň hokkeý görnüşi boýunça ýaryşynda 2-nji orny eýeledi. 2016-njy ýylyň mart aýynyň 24-den başlap aprel aýynyň 10-na çenli dowam eden Kiçi we ýetginjek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkyý boýunça Türkmenistanyň 1-nji çempionatynda “Şir-I” topary hormatly 1-nji orny eýelediler. 2016-2017-nji ýallarda çagalaryň we ýetginjekler toparlarynyň arasynda möwsümleýin geçirilen sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 2001-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjek topary, 2005-2008 nji ýyllarda doglan hokkeý oýunçylary bolsa 1-nji orny eýelediler. 2017-nji ýylyň 03-09-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrunda “şaýbaly hokkeý” boýunça açyk ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň uly topary hormatly 2-nji orny eýelediler. Çagalaryň we ýetginjek toparlarynyň arasynda Aşgabat şäherindäki möwsümleýin 2018-nji ýylynda şaýbaly hokkeý oýunlaryň açyk birinjiliginde 2002-2005-2006-2009-njy ýyllar arasynda 2002-2005-nji ýyllarda doglan Ýetginjekler topary 1-nji orny 2005-2009-njy ýyllarda doglan Çagalar topary hem 1-nji orny 2005-2009-njy ýyllarda doglan “Şir-II” Çagalar topary hem 3-nji orny eýelediler. 2017-2018 ýyl möwsüminiň hokkeý boýunça Türkmenistanyň V Çempionatynyň we Kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda 3-nji orny eýelediler. Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyklar toplumynyň “Alp-Arslan” hokkeý klubynyň kubogyny almak ugryndaky 2003-nji ýylda doglanlaryň we ondan kiçi ýaşdaky doglan oglanlaryň arasyndaky ýaryşda “Şir-I” topary hormatly 1-nji orny “Şir-II” topary 3-nji orny eýelediler Aşgabat şäheriniň Sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrundaky sportyň “şaýbaly hokkeý” görnüşi boýunça ýaryşynda 2-nji orny eýelediler. 2018-2019 ýyllar möwsüminde erkek toparlaryň arasynda Türkmenistanyň VI Çempionatynda baýrakly orunlarynyň biri bolan 2-nji orny eýelediler. 2019-njy ýyl möwsüm üçin şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiligi almak boýunça ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň 2005-2010-nji ýyllarda doglan “Şir” çagalar toparynyň ezber hokkeýçileri 1-nji orny eýelemegi başardylar. 2019-njy ýyl möwsüm üçin şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiligi almak boýunça ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň 2003-2004-nji ýyllarda doglan “Şir” ýetginjek toparynyň ezber hokkeýçileri 1-nji orny eýelemegi başardylar. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp şaýbaly hokkeý boýunça çagalaryň we ýetginjek ýaşly toparlaryň arasynda geçirilen birinjiligi almak boýunça ýaryşa gatnaşyp, baýrakly 1-nji orna mynasyp bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar, hem-de geçirilen duşuşyklaryň iň ökde derwezebançysy, goragçysy, we hüjümçisi diýen ady ezber hokkeýçilermiz eýelemegi başarandylar. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry 10-njy dekabry aralygynda geçirilen sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda 2-nji orny eýelemegi başardylar 2019-2020 ýyllar möwsüminde erkek toparlaryň arasynda Türkmenistanyň VII Çempionatynda baýrakly orunlarynyň biri bolan 2-nji orny eýelemegi başardylar. 2020-nji ýylyň 06-njy maýyndan 23-ne çenli aralygynda geçirilen 2006-2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Sport mekdebiň açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryşynda 1-nji orna mynasyp bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar, hem-de geçirilen duşuşyklaryň iň ökde derwezebançysy, goragçysy, we iň köp hokkeý şaýbasyny derwezä geçiren diýen ady ezber hokkeýçilermiziň eýelemegi başarandylar. 2022-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda geçirilen 2007-2010-njy ýyllarda doglan çagalar we ýetginjekler türgenleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşynda 1-nji orna mynasyp bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar.
Türkmen Döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda prezident, şol bir wagtda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory diýip tanadylýan Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şol günüň özünde Mukamlar köşgünde we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor” Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. TDH-nyň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň bu eseriniň birinji kitaby golaýda, Türkmenistanda iş alyp barýan fransiýaly iş adamlarynyň tagallasy bilen, fransuz dilinde hem çapdan çykdy. TDH Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ikinji bölümini ýazmaga ýakynda, tomusky dynç alyşlygy wagtynda başlandygyny habar berdi. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň TDH salgylanyp ýazmagyna görä, bu Berdimuhamedowyň iň kän wagyz edilen we iň gysga wagtda ýazylan – 2 aý 10 gün içinde çapdan çykarylan kitaby bolup durýar. G.Berdimuhamedow bu iki kitabyndan öň hem kyrkdan gowrak kitap ýazdy we, TDH-nyň maglumatlarynda görä, ussat çapyksuwar, sazanda we aýdymçy, ussat maşyn sürüji, ok atyjy, pyçak zyňyjy hökmünde hem ykrar edilýär.
15-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň sudýasy şäheriň seýilgählerinde protest geçirmek üçin çadyrlar dikmegi gadagan etmek baradaky häkimiýetleriň kararyny makullady. Suduň hepdäniň sişenbe güni çykaran kararyna laýyklykda, protestçilere şäheriň “Zukotti Parkynda” çadyr dikip, olarda ýaşamak gadagan edilýär. 14-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa güýçleri ykdysady kynçylyklara nägilelik bildirýän protestçileriň çadyr lagerini güýç ulanyp dargatdy. Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg söz azatlygynyň seýilgähler ýaly köpçülikleýin ýerleri basyp alyp, ol ýerde çadyrlar dikilmegini aňlatmaýandygyny aýdyp, protestçilerden beýleki adamlaryň saglygyna hem howpsuzlygyna zyýan ýetmeginiň mümkindigini nygtady. Protestçileriň bu çadyrlar lageri şäheriň merkezindäki parkda sentýabr aýynda döredilipdi we ol “Wol striti basyp al” atly hereketiň özboluşly bir merkezine öwrülipdi. “Wol striti basyp al” hereketiniň wekilleri ABŞ-nyň maliýe sistemasynyň baý korporasiýalaryň has-da baýamagyna ýol berip, adaty ilatyň garyplaşmagyna getirýändigini aýdyp, bu ýagdaýa protest bildirip gelýärler.
Ýewropanyň Adalat sudy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) başpena gözleýänleri ýerleşdirmek hakynda girizen hökmany kwotasyna garşy Wengriýanyň we Slowakiýanyň gozgan sud işini doly ret etdi. Suduň 6-njy sentýabrda çykaran kararynda ÝB-niň ýerleşdirmek boýunça kararynyň “Gresiýanyň we Italiýanyň 2015-nji ýylyň migrasiýa krizisiniň netijelerinden saplanmagyna doly laýyk gelýändigi we deňagramlydygy” aýdylýar. Iýul aýynda edilen we kanun güýji bolmadyk kararyň yzýany sud tarapyndan çykarylan bu netije başpena gözleýänleri kabul etmek meselesinde Budapeşte we Bratislawa basyş edýär, şeýle-de onuň has köp ýiridiki netijeleri hem jerimeleri göz öňünde tutmagy mümkin. Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Szijjarto suduň kararyny “doly kabul ederlikli däl” diýip atlandyrdy. Wengriýa we Slowakiýa Ýewropa Bileleşigiň her bir agza ýurdunyň belli bir sanly bosgunlary ýerleşdirmelidigi hakynda 2015-nji ýylda çykaran kararynyň bikanundygyny aýdypdy we kwotalaryň ýatyrylmagyny talap edipdi. 2015-nji ýylda ÝB-niň içeri işler ministrleri Italiýada w Gresiýada ýerleşýän 12000 müň migranty iki ýylyň dowamynda beýleki ýurtlarda ýerleşdirmek kararyna gelipdi. Wengriýa üçin kwotanyň 1294 adamdan, Slowakia üçin 802 adamdan ybaratdygy aýdylypdy.
Türkmenistanyň ýörite hyzmatlary jurnalist Soltan Açilowa psihiki taýdan basyş etmegi dowam etdirýär. Bu barada Hronika Turkmenistan öz saýtynda habar berýär. Ony aç-açan yzarlaýarlar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýa-da polisiýanyň işgärleri Açilowanyň duşuşýan adamlarynyň ýanyna gelip, haýsy maksat bilen duşuşandyklaryny, näme hakda gepleşendiklerini, näme gyzyklandyrýandygyny anyklaýarlar. Soltan Açilowanyň döwlete garşy işleýän daşary ýurtly guramalar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Onuň bilen gatnaşygy saklaýanlarda çynlakaý kynçylyklar bolup biler diýip duýdurýarlar. Şondan soň käbir adamlar jurnalist bilen aragatnaşygy bes edýärler. Açylowanyň öýüniň girelgesinde irdenden agşama çenli bir ýaş ýigit nobatçy bolup durýar (suraty başda görkezilen). Goňşularyň pikiriçe, ol ýigit bu ýa-da ýakyn ýerlerde ýaşamaýar. Jurnalist öýden çykanda, bir ýere jaň edýär we biraz wagt ýoldaş bolýar, soň bolsa öýüne gaýdýar. Soltan Açilowa öýden uzakda bolanda, kimdir biri ony hemişe aç-açan takyp edýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda näbelli bir adam jurnalistiň öýüniň sowadyş ulgamynyň açyk bölüminiň turbasyny kesdi. Soňra etrap polisiýa işgäri, sowadyş ulgamyny bejerýän jaý dolandyryşynyň hünärmenini çagyrdy, ýöne polisiýa betpäl hüjümçini gözlemeýär. Açilowa professional işi üçin gaýta-gaýta hüjümlere we prowokasiýalara sezewar bolýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda jurnalist Martin Ennals halkara adam hukuklaryny goraýjylar baýragynyň finalyna çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan taslamalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe gün Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we merkeziň gurluşygy bilen bagly meseleleriň çalt çözülmegi üçin degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan taslamalaryň aýratynlyklary hem-de gurluşyk işleriniň depgini barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” degişli Kararlara gol çekdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini güýçlendirmäge ýardam eder, şäheriň häkimliginiň işini düzgünleşdirer diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binsyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini aýtdy we bu ugurda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra, Döwlet Baştutanymyz merkeziň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, üzümiň täze hasylyny ýygnamaga görülýän taýýarlyklar bilen tanşyp, üzüm hasylynyň köpçülikleýin ýygymyna ak pata berdi.
Gyrgyzystanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimow saklandy. Onuň ýurduň daşyna çykarylan ýüzlerçe million dollary öz içine alýan korrupsiýa shemasyny açyp görkezen ýokary derejeli žurnalistik derňewde ady agzalýar. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) beren beýanatynda Matraimowyň 20-nji oktýabrda saklanandygyny aýtdy. Üç gün ozal, Döwlet komitetiniň täze bellenen ýolbaşçylary Gümrük gullugynda Matraimowyň hem-de onuň ýaranlarynyň bikanundygy aýdylýan işleri boýunça derňew işiniň başladylandygyny aýtdy. Döwlet komitetine görä, “bikanun işler” Döwlet gaznasyna uly zyýan ýetirdi. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň hem-de “Kloop” gyrgyz habar saýtynyň Hytaýda doglan uýgur iş adamy Aierken Saimaiti tarapyndan ýurduň daşyna pul çykarýan korrupsiýa shemasynyň üstüni açan bilelikdäki derňewinde Matraimowyň ady agzalýar. Geçen ýylyň noýabrynda Stambulda Saimaitiniň janyna kast edildi. Öldürilmeginden ozal, Saimaiti nädip özüniň birnäçe ýylyň dowamynda Gyrgyzystanyň daşyna gümürtik pul geçirimleri hem-de nagt daşaýjylary arkaly pul çykaryşyny görkezýän maliýe kagyzlaryny žurnalistlere berdi.
Orsýetiň we Saud Arabystanynyň nebit ministrleriniň Kataryň paýtagty Dohada duşuşýandygy barada habar berilmegi dünýäniň iň uly nebit öndüriji ýurtlarynyň önümçiligi azaltmak meselesini ara alyp maslahat edýändigi baradaky çaklamalary döretdi. Sitirlenýän çeşmelere görä, 16-njy fewralda geçirilýän gepleşiklere Wenesuelanyň we Kataryň nebit ministrleri hem gatnaşýarlar. Dünýäde öndürilýän nebitiň möçberiniň aşa köp bolmagy nebitiň bahasynyň 2014-nji ýylyň iýul aýyndan bäri öz hümmetiniň 70%-ni ýitirip, her barreliň bahasynyň 30 amerikan dollaryna çenli peselmegine getirdi. Bu ýagdaý Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Yragyň we nebite garaşly beýleki ýurtlaryň maliýe girdejileriniň möçberini azaltdy. Saud Arabystany eger Nebiti eskport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) daşyndaky nebiti öndüriji ýurtlar hyzmatdaşlyk etmeseler öz nebit önümçiligini azaltmajakdygyny aýdýar. Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak beýleki öndürijiler goşulan ýagdaýynda Orsýetiň nebit önümçiligini çäklendirip biljekdigini aýtdy, emma Orsýetiň döwletiň gözegçiligindäki iň uly nebit kompaniýasy “Rosneftiň” başlygy Igor Seçin önümçiligi sazlaşykly azaltmagyň mümkinçiligine geçen hepdede şübhe bildirdi.
Zakaspiý welaýat muzeýi. Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol gymmatlyklar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1894-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Zakaspiý harby-halk uprawleniýesi muzeýi döretmek barada buýruk çykarýar. 1897-nji ýylda muzeý döretmek maksady bilen ýörite meýilleşdirilip, ilkinji bir gat bina Gökdepede guruldy. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Zakaspiý welaýat muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. 1902-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda ýörite jemgyýetçilik kitaphanasynyň muzeýiniň we muzeý jaýynyň gurluşygy başlandy. 1904-nji ýylda bolsa onuň dabaraly açylyşy boldy. 1919-njy ýyla çenli bu muzeý Zakaspiý welaýat muzeýi diýip atlandyrylýardy. Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş muzeýi. Zakaspiý welaýatynyň harby-halk uprawleniýesiniň buýrugy bilen, 1894-nji ýyldan başlap ýerli ülkäniň egin-eşiklerini, ýaşaýyş öýlerini, iş gurallaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, mineral baýlyklaryny häsiýetlendirýän gymmatlyklaryň toplanylmagy ýola goýulýar. Toplanan gymmatlyklary Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäherinde gurnalan Bütinrussiýa sergisinden gaýdyp gelenden soň muzeý gurnamak üçin esas edip almak bilen karar edildi. Bu muzeý açylan gününden tä 1925-nji ýyla çenli zoologiýa muzeýi bolup, şol ýylda Döwlet muzeýi diýlip atlandyrylyp başlandy. 1925-nji ýylda Aşgabatda ýerleşen muzeýi “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi diýip atlandyrýarlar. 1927-nji ýylda “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýinde şekillendiriş bölümi açylýar. 1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy döredilip, “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi onuň hataryna girdi. 1963-nji ýylda “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň düzümine girdi. 1985-nji ýylda “Taryh muzeýiniň”, “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş muzeýiniň we “Rewolýusiýa göreşijileri” adyndaky memorial muzeýiniň birleşdirilmegi netijesinde “Türkmenistanyň Döwlet birleşen taryh we etnografiýa” muzeýi döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi. 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň № 3479 kararyna laýyklykda, öň hereket eden “Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa” muzeýi hem-de “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty” muzeýi birikdirilip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran № 8270 Kararyna laýyklykda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” iki gapdalyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” hem-de “Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2009-njy ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistanyň Milli muzeýine” “Türkmenistanyň Baş milli muzeýi” diýen at dakyldy. 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň”, şol ýylyň 29-njy iýunynda bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde gol çeken №12981 belgili Karary bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de hut şu Karar esasynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi” diýlip atlandyryldy. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir. Gadymy döwür taryhy bölüminde adamzat taryhynyň Türkmenistanyň çäklerindäki ilkidurmuş ýaşaýyş jemgyýetiniň paleolit, mezolit, neolit hem-de eneolit döwürleri ýörite taýýarlanylan dioramalarda, fotosuratlaryň, maglumatlaryň hem arheologik tapyndylaryň üsti bilen görkezilýär. Olar Dam-dam çeşme, Jebel gowaklaryny, Jeýtun medeniýetini, Altyndepe şäherini göz öňüne getirmek üçin ýeňil bolar ýaly görnüşde goýlandyr. Muzeýiň Marguş döwletine bagyşlanan bölüminde Goňurdepeden tapylan, şol döwrüň ýaşaýjylarynyň dünýäde ilkinji bolup diýen ýaly atlary eldekileşdirendikleri baradaky berýän tapyndylar, marguşly gelin-gyzlaryň dakynan bezegleri, daşdan, mermerden, bürünçden, kümüşden, keramikadan ussatlyk bilen ýasalan önümler görkezilýär. Günorta Türkmenistanyň çäklerinde gadymyýetde kuwwatly döwletleriň biri bolan Parfiýa döwletiniň dörän ýeri hasaplanýan Köne we Täze Nusaý galalaryndan tapylan täsin tapyndylar toplumy muzeýiň Parfiýa zalyny düzýär. Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümlerde irki orta asyrlaryň taryhy (V-IX asyrlara çenli), orta asyrlaryň ösen döwürleriniň taryhy (IX-XII asyrlar) hem-de giçki orta asyrlaryň taryhy (XII-XVI asyrlardaky bolup geçen wakalar) arheologik tapyndylaryň, rekonstruksiýalaryň, dioramalaryň, fotosuratlaryň hem-de resmi maglumatlaryň üsti bilen görkezilýär. Türkmenleriň orta asyrlarda guran türkmen döwletleri, beglikleri barada gürrüň berýän şol döwürlere degişli bolan taryhy tapyndylar, Merw, Köneürgenç, Änew ýadygärlikleriniň nusgalary, külalçylyk we syrçalanan bezegli gaplaryň nusgalary, bürünçden ýasalan dürli görnüşli gap-gaçlar muzeý hakynda gyzyklanmalaryň tebigy artmasynyň sebäpleridir. “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi” 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu muzeýiň esasy maksady Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty barada gürrüň berýän maglumatlary çuňňur öwrenmek we oňa bolan jemgyýetçilik gyzyklanmasyny güýçlendirmekden hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli işleri bilen bagly täzelikleri, kararlardyr kanunlary, resminamalary halkyň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Ekspozisiýada ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň, daşary ýurtly wekilleriň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we durmuşa ornaşdyrýan işlerine minnetdarlyk hökmünde gowşuran sowgatlaryna görnükli orun berilýär. “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi” 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda açyldy. Muzeý binasynyň birinji gatynda muzeý ekspozisiýasy Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanýar. Ikinji gatynda Türkmenistanyň etnografiýasyna degişli sergi ekspozisiýasy ýerleşdirilen. Tebigat muzeýiniň ekspozisiýasy 11 bölümden ybaratdyr. Bu muzeýiň Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanan ekspozisiýasy Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi baradaky ylmy çaklamalaryň Türkmenistanyň çäklerinde tapylan ösümlik we haýwan galyndylarynyň mysalynda berkidilmegi bilen başlanýar. Muzeýiň ikinji gatyndaky Etnografiýa bölüminiň ekspozisiýasynda türkmen halkynyň ýaşaýşyň medeniýetiniň, hojalygy ýörediş gelin-gyzlarynyň dakynýan bezeg şaýlarynyň, toý toýlaýyş, bilim beriş özboluşlylygy barada düşünjeleriniň, ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk, balykçylyk, dokmaçylyk, halyçylyk, zergärçilik, senetçilik bilen bagly esbaplarynyň ýasalyş ussatlygynyň, suwaryş ulgamyndaky, binagärçilikdäki we söweş sungatyndaky gazanan tejribeleriniň bir ýere jemlenmesidir.
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk Habarlaşmak üçin Ajap eýýamyň desgalary 14.10.2022 Üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her güni guwançly wakalary bilen il-günümiziň kalbynda ýokary ruhubelentligi döredýär. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň ösüşli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Şol bir wagtda önümçilik ýa-da durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygy hem çalt depginlerde dowam edýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady barha artýar. Golaýda bize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has anygyny aýtsak, Garagum derýasynyň 316-njy kilometrliginde, başgaça aýtsak, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde ady agzalan derýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol köprüsi ulanylmaga berildi. Gadymy halkymyzyň ýol, köpri gurmagy sogap iş hasaplamagy tötänden däldir. Sebäbi olar il-günüň peýdalanýan desgalarydyr. Täze köprini guran gurluşykçylaryň sogap işleriniň ýerine düşendigini ýatlasymyz gelýär. Täze köpri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň buýurmasy esasynda guruldy. Bu täze desgany ady agzalan agentligiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň köprüleri gurmak boýunça 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 200 metrdir. Gurluşyk işleriniň ýokary hilini aýratyn nygtamalydyrys. Döwrebap köpriniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde milli gymmatlyklarymyzyň waspy ýetirilýän sergi ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Dabarada köpriniň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlarynyň şirin owazy alyslara aşyp, dabara gatnaşýan ildeşlerimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ajap eýýamymyzyň bu döwrebap desgasynyň ulanylmaga berilmeginiň dabaraly ýaňy ýeňişli ýolumyzyň rowaçlanýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.
Depesine dürli reňkler çaýylyp, lowurdap duran gümmezli köşkleriň sany diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň welaýat merkezlerinde hem barha artýar. Olar sanardan kän. Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanan köşk gurluşygy soňy bilen has-da möwjäp ugrady. Tiz wagtda üç müň adama niýetlenen Maslahatlar köşgüniň, täze Bagt köşgüniň binalary ulanylmaga berler. Paýtagtyň günorta-günbatar bölegini, şäheriň merkezini kaşaň köşkler eýeleýär. Aşgabadyň ýaşaýjysy Gulmyrat aganyň pikiriçe, ministrlikleriň, uly edara-kärhanalaryň owadan hem amatly binalarda ýerleşdirilmegi hem möhüm zat. Bu — ýurduň ýüzi bolup durýar. “Emma amatlyklar ministrliklere niýetlenip, ýönekeý ilatyň zeruryýet üçin barýan kiçiräk edaralary bolsa ýerzeminlerde, ýa bolmasa bolar-bolmaz binalarda ýerleşdirilse, bu hem ylalaşyp bolmajak ýagdaý” diýip, Gulmyrat aga aýdýar. Şäheriň öý uprawleniýeleriniň birnäçesi, şäher tehniki inwentarizasiýa býurosynyň edara jaýy şu günki gün ýerzemin jaýlarynda ýerleşýär. Bu bolsa şu edaralaryň işgärleri üçin hem, bu edaralara ýüz tutup gelýän ýaşaýjylar üçin hem uly kynçylyklary döredýär. Ozalky Bekrewe posýology 2000-nji ýyllardan soň paýtagtyň çägine girizilip, Aşgabat şäheriniň Çandybil etraby döredildi. Şäheriň ozalky Köpetdag etrabyna degişli şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi täze etraba geçirildi. Çandybil etrabynyň etrap merkezi Bekrewe şäherçesinde ýerleşdirildi. Etrap häkimligini, polisiýa bölümini, sosial üpjünçilik bölümini Bekrewede ozalky ýapylan çagalar baglarynyň jaýynda, konfiskasiýa edilen ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirdiler. Aşgabatda ýaşaýanlar üçin bu edaralara ýüz tutmak zerurlygy bolanda, ýaşaýjylar Bekrewä gitmeli bolýarlar. Şäher bilen awtoulag aragatnaşygy ýola goýlany üçin aralyk uzagrak bolsa-da, baryp-gelmekde ýaşaýjylar o diýen kösenmeýärler. Aşgabadyň notarial hyzmatlar gullugy, 2010-njy ýyl. Emma Gulmyrat aganyň aýtmagyna görä, Çandybil etrabynyň öý uprawleniýesi üçin, 2000-nji ýyldan bäri hiç bir ibaly jaý tapylmaýar. Eýýäm 5-nji gezek öz edara jaýyny çalşan öý uprawleniýesi, häzirki wagtda hem, polisiýa edarasynyň ýykylmaga degişli daýanç nokadynda ýerleşdirilipdir. Darajyk dört otagdan ybarat bu ymaratyň içinde öý uprawleniýesine degişli alty adam bilen polisiýanyň daýanç nokadynyň işgäri ýerleşýär. Sprawka ýa beýleki zerur resminamalar üçin bu ýere ýüz tutup gelýän ýaşaýjylar, ygally hem jöwzaly günlerde daşarda nobata durup, resminama düzedilýänçä garaşýarlar. Resminama taýyn bolandan soň, ony demir gözenege elini sokup almaly bolýarlar. “Bu gözgyny ýagdaýy görüp, başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Milliardlap serişde sarp edilip gurulýan köşkleriň gapdaly bilen ilat üçin zerur bolan ownuk edaralar üçin bir amatly ymarata döwletiň güýji ýetmeýärmi diýeniňi duýman galýarsyň” diýip, Gulmyrat aga janygýar. Aşgabat şäherinde beýleki öý uprawleniýeleriniň ýerleşýän jaýlary hem şundan oňat ýagdaýda däl. Ýerzeminlerde ýerleşýän öý uprawleniýelerine işi düşüp barýan garrylara, maýyplara ol ýere girip-çykmagyň özi bir görgi bolýar. Çandybil öý uprawleniýesiniň häzirki ýerleşdirilen meýdançasynda jaýlaryň ýykylmagy dowam edýär. Daş-töweregi ýumrulyp, ýeke özi galan öý uprawleniýesiniň jaýyna hem gezek ýetjekdigi görnüp dur. Öý uprawleniýesiniň indiki gonjak ýerini häzirlikçe hiç kim bilenok. Aşgabat şäher tehniki inwentarizasiýa bölümi hem indi on ýyl bäri Görogly köçesindäki ýaşaýyş jaýynyň ýerzemininde ýerleşýär, eýlesi-beýlesi 4 metr ýaly insiz koridorda adamlar haýsydyr bir resminamany düzetmek üçin, sagatlap aýak üstünde durmaly bolýarlar. Zerur bolan halatynda ol ýere eltilýän garrylara, maýyplara resminama gol çekdirmeli bolnanda edaranyň işgärleriniň ýerzeminden çykyp, gol çekdirýändiklerini görüp bolýar. Jahankeşdeleriň gözi bilen seredeniňde ajaýyp şähere öwrülen gözel Aşgabatda öz ýaşaýjylary üçin, ine, şeýle kösençlikler sanardan kän.
Russiýanyň raýatlary, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşaýanlar, Russiýanyň prezidentligine bir ýa-da başga bir kandidata ses berdiler, ýa-da ses bermediler. Şol sanda Türkmenistandada. Russiýanyň RIAN habar gullugy tarapyndan berlen maglumata görä, bu ýurduň 63000 töweregi ýaşaýjysy Russiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Habar alyş gullugy, Russiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Andreý Molokkowa, saýlawlara taýýarlyk görmekde Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we hut S.Nyýazowyň özi goldawyny aýratyn belläp geçdi. (Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň baştutanynyň respublikada diňe 45 rus raýatynyň hasaba alnandygyna bir ýyl geçmändigini ýatlap bileris - şol wagt rus-türkmen goşa raýatlygynyň ýatyrylmagy we resmi Aşgabat tarapyndan rus raýatlarynyň hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagy barada boldy. Şol sanda - emläklerinden mahrum etmek). Şeýle-de bolsa, RIAN hasabatyndan görnüşi ýaly, Türkmenistanda Russiýanyň raýatlary 45 adamdan has köp. Olardan biri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň öňki orunbasary Annadurdy Hajyýew henizem Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan, hukuklarynyň dikeldilmegi ugrunda göreşýär, sebäbi onuň sözlerine görä onuň we ejesiniň Aşgabatdaky hususy öýi kazyýet işi bolmazdan we Türkmenistanyň prezidentiniň habary bilen elinden alnypdyr. "NV" esasanam bu waka barada gürrüň berdi. Şu günki maksatnama A.Hajyýewiň emläk hukuklarynyň dikeldilmegi baradaky arzasyny öz içine alýar. - Indi bir ýyl töweregi wagt bäri, rus-türkmen goşa raýatlygynyň eýesi, adam hukuklarymy, şol sanda maşgalamyň Aşgabatda bikanun mahrum edilen emläk hukugyny goramaga synanyşýaryn. Türkmenbaşa adalaty dikeltmek barada eden köp sanly ýüzlenmelerim hiç netije bermeýär. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýagdaýy hem geň görünýär. Geçen ýyl Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Molokkow diktator Türkmenbaşynyň tarapyny tutup, Türkmenistanda goşa raýatlygy bolan adamlary yzarlamaýandyklaryny we hukuklarynyň bozulmaýandygyny aýtdy. Belki, şonuň üçinem diňe özümiň we garyndaşlarymyň hukuklarymyzy goramak baradaky ýüzlenmelerine bahana eşidýäris. Ilki başda iň bolmanda diňlenmegimiz gaty kyndy. Soň bolsa telefon arkaly jogap berip başladylar, ilçiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hat ýazandygyny, soňra sözde ýaňsylaýan ýaly, Demokratiýa we Adam Hukuklary Institutyna hat iberendigini aýtdylar. Ilçihananyň käbir işgärleri, aç-açan sebäplere görä, atlaryny aýdyp bilemok, türkmen tarapynyň ilçihananyň haýyşlaryna jogap bermeýändigine anyk jogap berip bilemok. Ilçihananyň işgärlerinden ahyrsoňy Türkmenistanda bir rus raýatynyň hukuklarynyň bozulýandygyny we türkmen tarapynyň ilçihananyň köp haýyşlaryna jogap bermeýändigi barada ýazmaça jogap bermegini haýyş etdim. Men anyk resmi jogap alyp bilemok, ýadyňyzda saklaň, bu meniň ikinji ýyl synanyşygym. Russiýanyň ilçihanasy "Russiýanyň belli bir raýatynyň hukuklaryny goramak meselesini haýalladýar" diýen düşünje bar. Başgaça aýdylanda, anna güni Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sekretary A.Browarts bilen adaty bolmadyk gürrüňdeş boldum. Menden: "Hukuklarymyň dikeldilmegini gözlänimde, Türkmenistanda bolan garyndaşlarymdan gorkamokmy?" Men jogap berdim: "Ýok, gorkamok, garyndaşlarym we men hiç hili syýasy talap we şygar öňe sürmeýäris, biz diňe adam hukuklarymyzyň dikeldilmegini talap edýäris". Soňra ilçihananyň işgäri bu meseläni derrew çözmek üçin Aşgabat şäherine gelmegimi teklip etdi. Men jenap Molokkowyň Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna barmak üçin resmi çakylyk iberse, hökman geljekdigimi aýtdym, erkek sözüni berdim. Hormatly jenap Putin! Iki rus-türkmen raýatlygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak we Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak meselesinden daşda durmamak üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyňyzy haýyş edýärin. Halkara adam hukuklary guramasy Türkmen Helsinki gaznasynyň habaryna görä, türkmenistan raýatlarynyň, şol sanda rus-türkmen goşa raýatlygy bolan raýatlaryň emläk hukuklaryndan başga-da respublikada erkin hereket etmek hukugy bilen bilelikde döwlet syýasaty derejesinde beýleki esasy hukuklar hem bozulýar. Ýurtdan çykmak üçin çäklendiriji rejim respublikasyndaky hakyky operasiýa barada aýdýarys, haçan-da ýurtdan çykýan adamlara gümrük we serhet postlaryndan çykmaga rugsat berilmeýän bolsa, Türkmenistanyň ýörite hyzmatlary tarapyndan düzülen gara sanawlar diýlip atlandyrylýan sanawda atlarynyň bardygy bilen bagly. Respublikanyň çeşmelerine görä, bu sanawlarda on müňlerçe adam bar. Umuman aýdanyňda, Türkmen Helsinki gaznasy BMG-nyň Baş sekretaryna ýüzlenip, "Türkmenistany halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mejbur etmek üçin bar bolan syýasy we ykdysady basyşlardan peýdalanmagy" haýyş edýär we BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň duşenbe güni Jenewada açylan 60-njy mejlisinde S.Nyýazowyň BMG-nyň Türkmenistan baradaky 2003-nji ýylyň mart we aprel aýlarynda kabul eden kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýörite komissiýa döretmek meselesine garamagy teklip edýär.
Olar bu ylalaşygyň Eýranyň öz ýadro programmasynyň üstünde işlemek hukuklaryny ykrar edýändigini aýtdylar. Eýranyň ýokary ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni Ženewada gelnen ylalaşygyň progresi çuňlaşdyrmak üçin baza, esas bolup durýandygyny aýtdy. Prezident Hassan Rohani konstruktiw gepleşikler we gepleşik geçirýän toparlaryň ýadawsyz tagallasy täze gözýetimleri açar diýdi. Bu sözler dünýä döwletleri bilen Eýranyň arasynda bu ýurduň ýadro programmasy barada başlangyç ylalaşyga gelnenden soň aýdyldy. 5+1 topary, Britaniýa, Hytaý, Orsýet, ABŞ, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasynyň käbir aspektleriniň duruzylmagynyň ýerine halkara sanksiýalarynyň bir bölegini ýatyrmagy teklip edýärdiler. Ýekşenbede bäşinji gününe giren gepleşikler Eýranyň uran baýlaşdyrmak hukugynyň ykrar edilmegini sorap aýak depmegi netijesinde petige diredi.
Orsýetiň ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial merkezi syýasy repressiýalaryň pidalarynyň hatyrasyna "Atlary dikeltmek" ady bilen Moskwanyň Lubýanka meýdançasynda ýörite aksiýany ýola goýdy. Moskwa, 29-njy oktýabr, 2011. Paýlaş Sowet repressiýalary: Ýaşlar näme bilýär? share Çap et Orsýetde we öňki sowet respublikalarynyň bir toparynda sowet hökümetiniň syýasy repressiýalarynyň pidalary wagtal-wagtal ýatlanyp durulýar, olar hakda makalalar ýazylýar, kitaplar çykarylýar, kino, sahna eserleri döredilýär, surat çekilýär. Şeýle-de, 1991-nji ýyldan bäri her ýylyň 30-njy oktýabrynda sowet döwründe bolan syýasy repressiýalaryň pidalarynyň Hatyra güni bellenilip geçilýär. Eýsem, sowet döwrüniň syýasy repressiýalary barada türkmenistanly ýaşlar näme bilýär, olara bu ugurda nähili bilim, düşünje ýa maglumat berilýär? Şu barada geçirilen “Tegelek stol” söhbetdeşligine Türkmenistandan ýazyjy we garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew we Türkiýeden ýaş türkmen işçisi Rozybaý Jumamyradow gatnaşýar.
Olimpiýa hereketi – bu HOK ýokary ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylalaşykly, guramaçylykly, uniwersal we hemişelik hereketler Olimpiýa hereketi – bu Halkara Olimpiýa Komitetiniň, olimpizmiň gymmatlyklary bilen ruhlanan ähli adamlaryň we guramalaryň ýokary ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýan ylalaşylan, guramaçalykly, köptaraply we hemişelik hereketleridir. Ol bäş sany yklymy öz içine alýar. Ol beýik sport festiwalynda Olimpiýa oýunlarynda dünýäniň türgenleriniň gatnaşmagynda özüniň ýokary derejesini gazandy. Onuň nyşany – biri-biriniň arasyndan geçen bäş sany halka. Olimpiýa hereketininň maksady – ýaşlara olimpizm we onuň gymmatlaryna laýyklykda amala aşyrylýan sporty öwretmek arkaly parahatçylykly we oňat dünýäni emele getirmäge ýardam etmekden ybarat. Olimpiýa hereketine degişli bolmaklyk Olimpiýa çarelerini ýerine ýetirmegi we Halkara olimpiýa komitetini ykrar etmegi talap edýär. Olimpiýa hereketiniň esasy üç sany gatnaşyjysy – Halkara Olimpiýa komiteti (HOK), Halkara sport federasiýalary (HSF) we Milli Olimpiýa komiteti (MOK). Bu esasy üç sany düzüme goşmaça Olimpiýa hereketi Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetlerini, halkara assosiasiýalaryny, klublary hem-de Halkara sport federasiýalaryna we Milli Olimpiýa komitetlerine degişli bolan adamlary, aýratyn hem bähbitleri Olimpiýa hereketiniň başlangyç elementini düzýän türgenleri, şeýle hem eminleri, türgenleri we beýleki sport işgärlerini we tehnikleri öz içine alýar. Şeýle-de ol HOK tarapyndan ykrar edilen beýleki guramalary we edaralary öz içine alýar. Halkara hyzmatdaşlar Baş sahypa Habarlar Sport görnüşleri Olimpiýa oýunlary Biz barada Olimpiýa şäherjigi Hyzmatdaşlar Habarlaşmak
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň, Afrika we musulman ýurtlarynyň garşylygyna garamazdan Floridada geý klubunda köp adam pidaly ok atyşygy ýazgaryp, 13-nji iýunda çykyş etdi. Howpsuzlyk Geňeşiň BMG-niň rezolýusiýasynyň taslamasynda bu hüjümi “adamlaryň öz jynsy aýratynlygy üçin hüjüme sezewar bolmagynyň netijesi” diýip atlandyrdy. “Yslam döwleti” (YD) toparyna kasam eden hüjümçi 12-nji iýunda 49 adamy atyp öldürdi. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar YD toparynyň onlarça geýi öldürendigini habar berdiler. BMG azyndan 74 ýurtda geý bolmagyň jenaýat hasaplanýandygyny belledi. Dini azlyklaryň hak-hukuklary meselesi BMG-de çekleşikleri döredýän mesele bolup durýar. Orsýet geý toparlaryň BMG-niň SPID boýunça konferensiýasyna gatnaşmagyny gadagan etmekde musulman ýurtlaryna ýakynda goşuldy.
Salam gadrdan diňleýji.Ýakynda Ýohanna gelen aýanlyk Kitapyny okap durup çuňňur oýa batdym.Resullerden Ýohanna bu aýanlygy alanynda nahilli ýagdaýda bolon eken?Hudaýyň perişdesi Ýohannä jemagatlar hakynda geplan.Hudaýyň bu jemagatlar hakyndaky pikri şol wagtdaky jemagtlara oran ýagşy gollanma bolup hyzmat eden bolsa giň däl.Olor bu habary eşiden badyna öz ýanlyşlaryny aňlap jamogatlaryny ýenede ýagşylanlary şübhesiz.Jemagatlara ýazylan hatny okýan ekenim bu gollanma bu duýduryşlar biz imanlylara hem dogry gelýar diyen pikre geldim.Näme uçin diyaňizmi?Geliň awwal Efes şäherindaki jemagata ýazylan haty okap goreýliň. «Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň. Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň. Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn. Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin. ».(Ýohanna gelen aýanlyk 2:1-6). Şol wagtda Efes şäherindaki jemagat oran gowy ösüp gelýady.Hudaý oňy “zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň”-diyip magtaýar.Ýone şol bilen bille onuň ýanlyşyny hem görkezip geçýar.Onuň ýaňlyşy “Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň”Bu dünawyý söýgi däl.Hudaý bu ýerde ruhyý söýgi hakynda gepleýar.Ilki Hudaýy tanan günlerdeki gyzgyn Mukaddes Ruha doly söýgi,Hudaý uçin her zada taýyn bolan söýgi.Biz hem käwagt ruhyý guýçli höwes gowşanini,ilki guýçli we gyzgyn söýgi gowşanyny gorýas.Hudaý ine şol söýgi hakynda aýdýar.Hudaý hyzmatyny söýgisiz, borç hökmünde berjaý etmek oňy tuýs ýürekden berjaý etmeslik bilen barabardyr. Çyndan hem aramyzda Hudaýyň hyzmatyny berjaý edýanlar bar.Olaryň käbirleri çyndan hem bu hyzmata edilmeli bolan iş diyip seredýarlar.Bunuň ýaly insanlara Hudaý “Töba et we ozalky işleriňi edip gez”-diydi.Hudaýyň hyzmatynda ekenik Oňa makul bolan işleri etmeginmiz,edende hem Hudaýa çäksiz minnetdarlyk,guýçli söýgi bilen etmagimiz gerek.Hudaý bizden tä şoňa garaşýar.Hudaý biziň ýagşy işlerimizi,sabr-tukatymyzy,Onuň ady uçin nahilli kynçylyklary ýeňip geçenimizi bilýar.Ol bularyň baryny gadryny bilýar.Ýone şol bilen bille ýaňlyşlarymyzy dogrulamagymyzy isleýar.Ýoksa ýaňlyşlarymyzyň erbet netijelerini görmagimize dogry gelýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Haly türkmeniň köňül nagşydyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. 2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwri geldi Pyragy!” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. BERKARARLYGYŇ WE ŞYGRYÝETIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI 2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Döwletiň kanuny – ýurduň berkararlygy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. MUZEÝ GYMMATLYKLARYNDA SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ WASP EDILIŞINE BAGYŞLANAN YLMY AMALY MASLAHATY WE SERGI Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017y 4 maýynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” mynasybetli “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň waspy” atly ylmy amaly maslahat we sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar MERDANA GERÇEKLERE BAGYŞLANAN SERGI Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017nji ýylyň 3nji maýynda 1941-1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli “Merdana gerçeklere belent sarpa”atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonyň Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasy baradaky öňe sürmelerini “ykrar etmeýändigini we hiç haçan etmejekdigini” aýtdy. Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainynyň Krym ýarymadasyny eýeläp, ony anneksiýa edipdi. “27-nji fewralda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmek synanyşygynyň altynjy ýyl dönümidir. ABŞ ýene bir gezek belleýär: Krym Ukrainadyr” diýip, Pompeo aýtdy. “2018-njy ýylyň iýulyndaky Krym Deklarasiýasynda nygtalşy ýaly, Birleşen Ştatlar Russiýanyň bu ýarymadanyň özygtyýarlygy baradaky öňe sürmelerini ykrar etmeýär, hiç haçan etmezem. Biz Russiýa Krymyň okkupasiýasyny bes etmegine çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň baş diplomaty belledi. “ABŞ Russiýanyň Krymdaky bikanun we Ukrainadaky, şol sanda Donbasdaky dowam etdirýän agresiw hereketlerini ýazgarýar. Russiýa Krymyň doly gözegçiligini Ukraina gaýtarmaýança we Minsk ylalaşyklarynyň çäginde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýänçä, biz oňa garşy girizen sanksiýalarymyzy saklarys” diýip, Pompeo sözüne goşdy. Mundan birnäçe sagat öň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda, 26-njy fewraly Hatyra güni hökmünde kesgitlemek barada karar çykardy. Halkara jemgyýetçiligi Krymyň anneksiýasyny ykrar etmedi. Russiýanyň Krymdaky hereketlerine jogap edip, Moskwa garşy ençeme tapgyr sanksiýalar girizildi.
Russiýanyň iň gurply aýallarynyň biri, “S7 Groupyň” başlygy we onuň eýeleriniň biri Nataliýa Filewa Germaniýanyň günorta-günbatarynda bolan uçar heläkçiliginde öldi diýip, S7 howaýollary kompaniýasy aýdýar. Howaýollary kompaniýanyň metbugat gullugy özüniň 31-nji martda beren maglumatynda “Epic-LT” kysymly ýeke motorly uçaryň Frankfurtyň günortasyndaky Egelsbah şäherçesindäki kiçi aeroporta golaýlan mahaly ýere gaçandygyny we şonda uçaryň bortunda 55 ýaşyndaky Filewanyň hem bolandygyny aýdýar. Mundan öň, Germaniýanyň polisiýasy alty adamlyk uçarda üç adamyň, şol sanda pilotyň bolandygyny habar beripdi. Beýanatda uçaryň 31-nji martda öýlän heläkçilige uçran mahaly, Fransiýadan Egelsbaha sapar edýändigi aýdyldy. Uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy heniz hem nämälim bolmagynda galýar. 2018-nji ýylda Filewa “Forbes” žurnaly tarapyndan Russiýanyň iň baý dördünji aýaly diýlip atlandyrylypdy. Şonda onuň baýlygynyň 600 million amerikan dollaryna barabardygy çaklanylypdy.
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy. 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili h-m Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlygyň we aragatnaşygyň nukdaýnazarlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebitleýin howpsuzlygyň meselelerine degip geçdiler. Soňra Ýewropa Komissiýasynyň mobillik we ulag boýunça Kabinetiniň başlygy j-p MateŽ Zakonşek bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirip biljek ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynda durnukly ulag pudagyndaky rezolýusiýalary baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan strategiýanyň Ýewropanyň we Aziýanyň özarabaglanşygy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasy bilen gabat gelýändigi bellenildi. Soňra Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özaragatnaşygynyň meseleleri Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň we Ýewropa Komissiýasynyň düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, düýn Bakuwda ykdysady hyzmatdaşlyk barada türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahaty tamamlandy. Duşuşyga gatnaşan türkmen delegasiýasynyň düzüminde ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy spesialistler boldy. Azerbaýjanyň delegasiýasyna ýurduň premýer-ministriniň birinji orunbasary Eýubow ýolbaşçylyk etdi. Iki tarap 2008-nji ýylyň ýanwarynda komissiýanyň Aşgabatda geçen ilkinji maslahatyndan soňky edilen işleriň netijelerini maslahatlaşdy. Olar öňde goýlan ähli wezipeleriň doly berjaý edilendigini bellediler. Duşuşykda häzirki söwda dolanşygynyň iki ýurduň mümkinçiliklerine we gatnaşyklaryna laýyk gelmeýändigi bellendi. Iki ýurduň söwda dolanşygyny ösdürmek üçin gyzyklanýan ministrlikleriň we edaralaryň ekspertler toparyny düzmegiň maksada laýyk boljakdygy hem duşuşykda aýdyldy. Türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahatynyň ahyrynda onuň jemleri barada dokumente gol goýuldy.
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň, ýagny mekdebiň, lukmançylyk edarasynyň, metjidiň gurlup ulanmaga berilendigi bellenilip geçildi. Yzygiderli esasda ynsanperwerlik ýüki ugradylýar, olaryň soňkusy şu ýylyň 14-nji dekabrynda guraldy. Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömeginiň düzümine nebit önümleri, azyk harytlary, çagalar üçin egin-eşikler girizilendir. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça YHG-nyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi. Şonuň ýaly-da bu resminamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň çözülmegi babatynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji Sammitiniň hem-de onuň netijeleri boýunça kabul edilen «Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň» ähmiýeti aýratyn bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat-gullugy. Başga habarlar Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen Ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. “Döwlet – adam üçindir!” şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalar, ýokary okuw jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalar gurulýar. Türkmenistanyň raýatynyň döwrebap mugt lukmançylyk hyzmatyna we bilime hukugy bardyr. Türkmenistanyň mynasyp geljegi bardyr. Türkmenistanyň ilaty elektroenergiýa, tebigy gaz, suw we nahar duzy bilen üpjün edilýär. Ilat üçin çörek, jemgyýetçilik ulagyndan, demir ýol we howa ulaglaryndan peýdalanmak elýeterli bahadandyr. Türkmenistanyň döwlet býujetiniň 80% golaýy her ýyl durmuş zerurlyklaryna gönükdirilýändir. Türkmenistanda her ýyl aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary 10% ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň ilaty üçin dünýä ölçeglerine laýyklykda ýaşaýyş-hyzmat we ulag hyzmatlaryna iň pes bahalary kesgitlenendir. Türkmenistanyň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksine laýyklykda döwlet kömek pullarynyň we maýyplara durmuş kömekleriniň görnüşleri artdyryldy. Maýyplaryň kömek pullarynyň möçberi hem köpeldildi. Çaga dogulanda, 3 ýaşa ýetýänçä oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi köpeldildi. Ekleýjiniň bolmadyk halatynda hem kömek pullaryny bermek göz öňünde tutulan. Şeýle-de durmuşy kömek pullarynyň berilmegine bolan hukugy göz öňüne tutuldy. Derwaýys maglumat Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige erkini aldyran adam ýaşyna garamazdan, saglygyny ýitirýär. Adamlaryň arasynda abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň agyr gününe sebäp bolup, ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere salýar. Hut şonuň üçinem ýokarda ýatlanlarymyza garşy göreş hemişe derwaýys wezipe bolmagynda galýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygynda uly üstünlikleriň gazanylýan döwründe düşündiriş-öňüni alyş işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem prokuraturamyzyň işgärleri şeýle çäreleri geçirip. olaryň täsirliligini gazanmaga uly üns berýärler. Bu çäreleriň geçirilmegi gowy netijesini berýär. Olarda biz neşekeşlikdir beýleki zyýanly endikleriň ynsanyň saglygyna, at-abraýyna, maşgalasyna ýetirýän zyýanyny düşündirip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn bähbitli ýörelgedigini wagyz-nesihat edýäris. Arslan ATAÝEW, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ählisi 28.11.2022 Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi 27.11.2022 «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gurnan “Döwlet mertebesi – Watan baýdagy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. MUZEÝ GYMMATLYKLARY WE WATANÇYLYK TERBIÝESI Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 26.01.2017 ý. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnan “Watançylyk terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. 2017-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda sagat 1000-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde „Berkarar döwletimizde muzeý işini kämilleşdirmegiň meseleleri“ atly okuw amaly maslahaty öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 22-nji dekabrynda “Türkmenistan orta asyrlarda” atly täze sergi bölümleriniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Bitaraplygymyzyň şanly XXI ýyllygy mynasybetli gurnan “Baky Bitarap Watan” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli gurnan “Hasylyňa bereket, eziz Diýarym” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016 ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan “Garaşsyz Watanym – berkarar ýurdum” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň 12-nji awgustynda „Türkmen gawunynyň güni“ mynasybetli gurnan “Türkmenistan – şirin-şeker gawunlaryň watanydyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy ýylyň -nji iýulynda Galla baýramy mynasybetli gurnalýan “Türkmenistan ak bugdaýyň Watany” atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.
Şu gün 20 ýyldan gowrak häkimiýet başynda otyrup, dürli repressiýalara ýol beren Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölenine 3 ýyl boldy. Bu gün geçen iki ýylda Nyýazowyň ýatlama güni hökmünde bellenipdi. Bu ýyl 21-nji dekabyryň bellenilşi barada türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýriýew bize şeýle maglumat berdi. “Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylary, ilatyň sosial-ykdysady durmuşyna degişli meseleler boýunça Nyýazowyň dowründe edilen ýalňyşlyklary ýuwaş-ýuwaş düzetmäge synanşýarlar. Emma Nyýazowyň döwründe başgaça pikirler üçin tussag edilen oppozisiýanyň wekilleriniň, graždan aktiwistleriň köpisi henize çenli tussaglykda saklanýar”. Onuň aýtmagyna görä, Nyýazowyň döwründe bolşy ýaly, onuň ölümine üç ýyl wagt geçendigine garamazdan Türkmenistanda erkin metbugata, söz azatlygyna, köp partiýalylyk sitemasyna henize çenli ýol berilmeýär. Şeýle hem şu gün Orsýetiň köp şäherlerinde, millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan Iosif Staliniň doglan güniniň 130 ýyllygy bellenilýär. Moskwada kommunistik partiýasynyň lideri Genadiý Zuganow Staliniň mazaryna gül goýup, ýörite dabara geçirmegi planlaşdyrýar diýip, “Eho Moskwy” radiostansiýasy habar berdi. Staliniň ölüminden soň häkimiýet başyna gelen Nikita Hruşew üç ýyldan soň, 1956-njy ýylda, Staliniň döwründäki eden etdilikleri, repressiýalary açaçan ýazgaryp çykyş etdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýadaky ýagdaý barada telefon arkaly pikir alyşdylar, diýip iki ýurduň resmileri mälim etdiler. Kremliň 6-njy iýulda aýtmagyna görä, telefon arkaly gepleşik geçirmegi teklip eden Putin Obamadan Siriýada aram oppozision gozgalaňçylaryň we “Al-Kaýdanyň” Siriýadaky “Al-Nusra” fronty ýaly ekstremist toparlaryň arasyny açmaga ýardam sorapdyr. Şeýle-de iki lideriň BMG-niň araçylygynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygy barada ylalaşandygy habar berildi. Ak Tam Obamanyň “Orsýetiň Siriýanyň režiminiň hüjümleri bes etmegi ugrunda basyş etmeginiň ähmiýetini nygtandygyny” aýtdy. Obamanyň we Putiniň arasynda geçirilen bu gepleşik Siriýanyň harbylarynyň ok atyşygy bes etmek boýunça 72 sagatlyk “asudalyk düzgünini” birtaraplaýyn yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu düzgün 8-nji iýunyň gijesine çenli dowam eder. Waşington we Moskwa Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän uruş barada gapma-garşy pozisiýalary eýeläp gelýärler. Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar we ABŞ tarapyndan türgenleşdirilýän we ýarag bilen üpjün edilýän gozgalaňçy güýçlere hüjüm edýär.
Siriýanyň prezidenti Başa al-Assad Siriýa, Orsýet, Eýran we Yrak terrorizme garşy söweşde birleşdi diýdi. Eýranyň telewideniýesi 4-nji oktýabrda Assadyň sözlerini sitirläp, bu dört ýurt «praktiki netijeleri» gazanar diýdi. “Orsýetiň, Siriýanyň, Yragyň we Eýranyň arasyndaky ýaranlyk hökman rowaçlyk getirmeli ýa-da tutuş region weýran ediler» diýip, ol duýdurdy. Orsýet 30-njy sentýabrda Siriýada pitneçi pozisiýalaryna garşy howa kampaniýasyna başlaly bäri Assad ilkinji gezek şeýle sözleri aýdýar. Stambulda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Orsýetiň howa kampaniýasyny «düýpli ýalňyşlyk» diýip häsiýetlendirdi. «Orsýetiň görýän çäreleri we Siriýada bombalaýyş kampaniýasyna başlamagy kabul ederlik däl» diýip, Erdogan aýtdy.
Baş sahypa Resmi Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy 18.11.2022 3540 “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy. Bölümiň soňky habarlary 03.12.2022 Geçiriljek halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy
Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda, Amyderýanyň aşaky akymynyň çepkenar böleginde ýerleşýär. Onuň meýdany 73,43 müň km2 deňdir. Welaýatyň tebigy çäkleri: demirgazykda Üstýurt gyrlary, günortada Üňüz aňyrsyndaky Garagum, günbatarda Gökleňguýy çöketlikleri bilen araçäkleşýär. Welaýatyň çäkleri Amyderýanyň delta düzlüginden, Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň çägeliklerinden, gyrlardan, çöketliklerden, gadymy gury derýa hanalaryndan we belentliklerden ybaratdyr. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Tebigat zalynyň ekspozisiýasy şu welaýatyň toprak kartasy we topraklaryň görnüşleri bilen başlanýar. Soňra witrinalarda Daşoguz welaýatyň klimat kartasy, Üstýurt platosynyň we Sarygamyş kölüň fotosuratlary, gazylyp alynýan peýdaly minerallaryň görnüşleri gökezilýär. Diwarda ýerleşen uly karta şu sebitiň haýwanat dünýäsini görkezýär. “Tokaýlar’’ atly dioramada Garagum çölüniň içinde Sarygamyş kölüň emele gelmegi bilen ösümlikli oazisleriň döreýşini suratlandyrýar. Zalyň merkezi witrinalarynda derman, çöl we başga ösümlikleri görmek bolýar. 1983-1987-nji ýyllar aralykda Ustýurt platonyň çägine gulanlar göçürilýär. Bu bolsa “Gulanlar we Türkmen köli” atly dioramada we diwarda öz ornuny tapýar. “Saýgaklar” dioramasynda bu haýwanlaryň biziň ýurdumyzyň demirgazygyna ýazky göçüşini görkezýär. Mör-möjekleriň köpdürliligi bilen aýratyn bir witrinada tanşyp bolar. Ekspozisiýanyň iň uly dioramalary Üňüz aňyrsy Garaguma, Gaplaňgyra we Sarygamyşa bagyşlanan. © Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 744000, Türkmenistan, ş.Daşoguz. N.Andalyp şaýolunyň 25-nji jaýy. Tel: +993 322 2 28 44, Fax: +993 322 9 28 73
ABŞ-nyň şikaýat sudy 7-nji fewralda prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň ýurda barmagyna wagtlaýyn gadagançylygy dikeldip-dikeltmezlik meselesi boýunça diňlenişik geçirer. San Fransiskonyň şikaýat sudy Ýustisiýa departamentiniň we Waşington hem-de Minnesota ştatlarynyň ýuristlerinden syýahatçylyk gadagançylygyny saklamak boýunça delilleri ýerli wagt bilen öýlän sagat üçe çenli bermegi sorady. Seattle şäheriniň sudy Trampyň immigrasion gadagançylygy boýunça kararyny 3-nji fewralda ýatyryp, Eýrandan, Yrakdan we gadagançylykda agzalan beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara syýahatçylyk etmegine ýol açypdy. Prezident Donald Trampyň karary ABŞ-nyň ondan gowrak ştaty, öňki diplomatlary we tehnologiýalar boýunça kompaniýalar tarapyndan garşylyk döredipdi. Tramp öz kararynyň ýurdy terrorçylykdan goramak üçin zerurdygyny aýdýarka, onuň garşydaşlary syýahatçylygyň din esasynda gadagan edilmeginiň Konstitusiýa ters gelýändigini aýdýarlar.