text
stringlengths
453
39.2k
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi Halkara Bitaraplyk güni myansybetli «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» temasyndan düzme bäsleşigini geçirýär. Bäsleşige Aşgabadyň we welaýatlaryň ýokary synp okuwçyla...
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň çäklerinde suw ulaglarynda döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de söwda deňiz gatnawy ugrundaky döwlet dolandyryşy babatda ygtyýarly edilen suw ulaglary boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormat...
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary halkymyzyň geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, milli el işleriniň nusgalaryny şöhlelendirýän giň serginiň guraýjylary we tomaşaçylary boldular. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Täze eýýamyň üme dessury» atly d...
Owganystanyň Goranmak ministrligi hökümet güýçleriniň geçiren üç operasiýasynda 23 sany “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini habar berýär. Ministrligiň 21-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda söweşijileriň soňky 24 sagadyň dowamynda Gandahar, Gunduz, Kapisa welaýatlarynda öldürilendigi bellenilýär. Şeýle-de, beýanatda ...
Gündogar Aziýa ýurtlarynyň eksportynyň artmagy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýä söwdasynyň has çalt dikelmeginiň esasy sebäbi boldy. (Surat: BMG) COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän çökgünlikden soň global söwda dolanyşygynyň möçberi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň asyl nusgalary” atly her aý geçirilmegi maksat edinilen okuw-seminar maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji iýulyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjewiç Mämmedowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi. Derwaýys maglumat Hor...
Ukrainanyň parlamentdäki üç esasy partiýasy täze koalisiýany döretmek we parlamentiň spikeri Wolodymyr Hroysmany Ukrainanyň täze premýer-ministri wezipesine teklip etmek barada 29-njy martda ylalaşdylar, diýip partiýanyň wekili aýtdy. Täze koalisiýa Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň partiýasyny, prezident...
Dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän meşhur moda we geýim-gejim kompaniýalary daşky gurşawy goramak boýunça ähtnama gol çekişdiler. Olar bu resminamany şu hepde Fransiýada geçirilýän G7 ýygnagynda dünýä liderlerine hödürleýärler. Ähtnama 32 sany kompaniýa, şol sanda Adidas, Chanel, Ermenegildo Zegna, Giorgio Armani, Guc...
Türkiýäniň Siriýa bilen serhetýaka etraplarynyň birinde maşynda ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan 46 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. Häzirki döwürde bu waka bilen baglanyşykly iki goňşy ýurt biri-birini aýyplaýar. Türkiýäniň häkimiýetleri, Siriýanyň aňtaw gulluklary bilen ilteşikli güman edilip, ...
Çarşenbe güni Efiopiýanyň demirgazygynda germaniýaly iki adam, wengriýaly iki adam we awstriýaly ýene bir adam ýaragly söweşijiler tarapyndan öldürildi. Bu barada ýurduň resmileri habar berdiler. Maglumata görä, bu wakadan daşary ýene iki nemes we iki efiop raýaty alnyp gaçylypdyr. Hökümetiň metbugat wekili Bereket Sim...
Çarşenbe güni Siriýa hökümetiniň harby güýçleriniň ýurduň merkezi şäherleriniň biri Homsuň ýaşaýyş kwartallaryna hüjümini ýygjamlaşdyrandygy habar berilýär. Maglumatlara görä, harbylar şäheriň sünnüleriniň ýaşaýan birnäçe raýonyny nyşana alypdyrlar. Şäheriň sünni jemgyýetçiligi 11 ýyllap häkimiýet başyndaky Başar al-As...
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Çehiýa Respublikasynda, Ispaniýada, Italiýada, Fransiýada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlary has köp ýüze çykarylýar. Paýlaş COVID-19: Ýewropa täze çäklendirmeleri girizýär, ABŞ-da üçünji tolkuna garaşylýar share Çap et Ýewropa ýurtlary koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelmegi...
Baş sahypa Hyzmatdaşlyk «Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» formaty – sebit durnuklylygynyň şerti «Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» formaty – sebit durnuklylygynyň şerti 10.11.2022 1963 Golaýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri we bilermenleri onlaýn görnüşd...
2. Daşary ýurt pul möçberindäki ýa-da onuň resmi kursy boýunça milli manatda bolan ekwiwalentindäki geleşikleriň we amallaryň çägini belleýär; 3. Maglumatlary berýän taraplardan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyn...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýurd...
NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyk boýunça kömek goşunynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, hüjümçiniň kimdigi, ýagny onuň owgan esgerimi ýa-da owgan esgeriniň egin-eşigini geýen talyp pitneçisimidigi entek anyklanmandyr. Hüjümçiniň öldürilendigi, ýa ele salynandygy, ýa-da bolmasa onuň gaçyp gutulandygy hem entek ...
Aliýew Gazagystanda 2007-nji ýylda iki bankiri alyp gaçmakda hem-de öldürmekde we başga ýiti aýyplamalar bilen gözlenýärdi. Awstriýanyň polisiýasy 2011-nji ýylda Aliýewe garşy öz derňewlerini başladypdy. Aliýewiň aklawçysy Manfred Aýnedteriň (Manfred Ainedter) 6-njy iýunda beren maglumatyna görä, Wenada Aliýew özüni me...
25-nji ýanwarda Müsürde 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň ýatyrylmagyna garaşylýar. Bu barada 24-nji ýanwarda milli telewideniýede eden çykyşynda ýurduň harby geňeşiniň ýolbaşçysy marşal Huseýin Tantawi aýtdy. Huseýin Tantawi adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň diňe garakçylara g...
Salgysy: Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 2137-nji otag Tel: +993 64 06-50-07 E-mail: tdlutm@online.tm. Stomatologiýa kafedrasynyň taryhy 1966-njy ýyldan başlanýar, terapewtik s...
Nursoltan Nazarbaýew global derejede maglumatlaryň elýeterliliginiň we açyklygyň giňelýän döwründe habar beriş serişdeleriniň ahlak taýdan jemgyýetiň öňünde has jogapkär bolmagynyň talap edilýändigini belledi. Gazagystanyň prezidentiniň bu çagyryşy penşenbe güni Astanada geçirilen Ýewraziýanyň mediýa forumynda okaldy. ...
Öten agşamdan başlap, düýbi Germaniýada ýerleşýän Lufthansa howa kompaniýasynyň pilotlarynyň köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan etmekleri netijesinde, ýüzlerçe ýolagçy uçarynyň gatnawy togtadyldy. Lufthansa kompaniýasy Ýewropadaky iň uly ýolagçy-howa kompaniýasy hasaplanylýar. Dört gün dowam etjek bu iş taşlaýyşlygyň dowa...
Salgysy: Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 3127-nji otag. Çaga stomatologiýasy kafedrasy 1990-njy ýylda döredildi. Soňra bu kafedra täze at berildi we ol 2014-nji ýylda stomatolo...
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny “wagşylarça” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, ol bu sanksiýalaryň Gazagystana zyýan ýetirýändigini aýdyp, Gazagystanyň ykdysadyýetiniň “dollara baglylygyny azaltmaga” çagyryş etdi. 11-nji fewralda Ga...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda “Sahy topragyň berekedi” atly sergi geçirildi Sahy topragyň berekedi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly ser...
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly gibrid görnüşinde halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeg...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keçe türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil nusgasydyr» atly maslahat geçirildi we maslahatyň çäginde sergi gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirileriň taryhy Döwlet muzeýi...
Baş sahypa Hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy 05.10.2022 1907 2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny...
Bosniýadaky uruş wagty zorlamalaryň pidasy bolan aýallar düýn açyk hat ýaýradyp, onda Bosniýadaky uruş barada filmi surata düşürýän režissýor Anjelina Jolini “nadan” diýip atlandyrypdyrlar. Hatyň awtorlary BMG-niň Bosgunlaryň baradaky edarasynyň «hoşniýetli erk-islegiň ilçisi» diýen atdan bu aktrisany mahrum etmek haýy...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gurnan “Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar. TÜRKMEN TOÝ DÄP-DESSURLARYNA BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY WE SERGI Türkmenistanyň ...
2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň...
Hindistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary alan nebiti üçin Eýrana 5 milliard dollar bergisini doly töledi diýip, IRNA habar agentligine Eýranyň Merkezi bankynyň baştutany Mahmut Bahmani aýtdy. Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly onuň garşysyna halkara sanksiýalar girizilendigi üçin, Eýran bilen hasaplaşykda kynçy...
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, be...
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda “bir hojalyga bikanun girmäge synanyşandygy” aýdylýan bir polisiýa uniformaly erkek adamyň ýönekeý raýatlar tarapyndan soraga çekilişini görkezýän wideo sosial ulgamlarda peýda boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň işgärleriniň bu wideo boýunça onlarça adamy...
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň administratiw merkezi bolan Mary şäherinde ilatyň gaz üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleriň ýüze çykandygyny habar berýär. “Mary şäheriniň ýaşaýjylary bir hepde bäri gazsyz ýaşaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden habar berdi. Gaz üp...
2015-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 1000-da “Türkmen halkynyň geýniş medeniýetiniň asyl nusgalary” - TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI Skip to main content 2015-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 1000-da “Türkmen halkynyň geýniş medeniýetiniň asyl nusgalary” Submitted by Andrey on 25.08.2015 Tü...
Gazagystanyň hökümeti Yahoo portalyna kiber hüjümi etmekde ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan günälenýän adamlaryň biri Karim Baratowyň gazak raýaty däldigini aýtdy. ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 15-nji martda eden beýannamasynda 22 ýaşly Baratow “Kanadada ýaşaýan, Kanadanyň we Gazagystanyň raýaty” diýildi. Gazagystanyň...
Pakistan sudy 17-nji fewralda sekiz çagany, şol sanda 7 ýaşly gyzy zorlap öldürmekde günäli tapylan erkegi ölüm jezasyna höküm etdi. Polisiýa Zainab Ansariniň jesedini ýitirim bolany habar berlenden dört gün soň, ýanwaryň ortasynda Lahor şäheriniň Kasur etrabyndaky zir-zibilleriň içinden tapdy. Polisiýa derňewçileri so...
Türkiýe, Eýran we Siriýa ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Golan depelere gözegçiliginiň Waşington tarapyndan ykrar edilmelidigi barada eden çykyşyny ýazgardylar. Orsýet Trampyň bu beýanatynyň "diňe bir çagyryş" bolmagynda galjagyna umyt bildirdi. Tramp ABŞ-nyň Siriýa tarapyndan 1967-nji ýylda basylyp alnan d...
Hamid Nouri, 1988-nji ýylyň tomsunda Eýranda dissident tussaglaryň köpçülikleýin öldürilmegine gatnaşandygy üçin Şwesiýada tussag edildi. Paýlaş Şwesiýada uruş jenaýatlarynda aýyplanýan eýranlynyň sud işi başlandy share Çap et 1988-nji ýylda müňlerçe syýasy dissidentiň jezalandyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýan Eýranyň ...
Türkmenistanyň kanuny goraýjy gulluklarynyň käbir wekilleriniň bikanun neşe söwdasyna gatnaşanlygy, ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň 11-nji maýda geçirilen maslahatynda aýdyldy. Türkmenistanyň prezidenti neşä garşy gaýduwsyz göreşiň zerurlygyny nygtady. Türkmenistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 11-nji maýda geçirilen maslahatynda...
Golaýda muzeýimizde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-nyň welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň...
ABŞ-nyň uçarlary Orsýetiň SU-35 kysymly söweş uçarlary bilen bilelikde Alýaskanyň kenarlarynyň golaýynda peýda bolan iki sany TU-95 bombalaýjy uçaryny anyklady, diýip Demirgazyk Amerikanyň howa giňişligini goramak boýunça NORAD guramasy 4-nji maýda habar berdi. Orsýetiň bombaçy uçarynyň söweş uçarlary bilen bilelikde a...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 8-nji iýulynda sagat 1000-da üstümizdäki ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” GÖWÜNLERIŇ YLHAMYNA BAGYŞLANAN SERGI MILLI MIRASYŇ HAZYNASYNA ZYÝARAT Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 24-nji iýunynda Meden...
Şenbe güni BMG-niň Siriýadaky synçylar toparynyň başlygy general-maýor Robert Mud bu ýurtda zorluklaryň we çaknyşyklaryň güýçlenýändigi sebäpli, synçylar toparynyň Siriýadaky öz işini bes edýändigini mälim etdi. Robert Mudyň bu barada ýaýradan beýanatynda Siriýadaky gandöküşiklikleriň BMG-niň synçylaryna-da howp abandy...
Serb mediasy uly halkara neşe gaçakçysy diýip güman edilýän adamyň serb we montenegro polisiýasynyň bilelikdäki operasiýasy netijesinde ele salnandygyny aýdýar. Darko Sariçiň tutulandygy barada resmi tassyknama ýok. Sariç Balkanlarda guramaçylykly jenaýatyň esasy wekilleriniň biri diýip bilinýär. 2009-njy ýylda Urugwaý...
Ukrainanyň Prikarpatýe raýonunyň polisiýa bölümine 5-nji iýunda talyp Dişli Eli Ziýanyň 31-nji maý gijesinden bäri dereksiz ýitendigi dogrusynda maglumat gelip gowuşýar. 12-nji iýunda bolsa, 1993-nji ýylda doglan gyzyň parçalara bölünip, çemodanyň içine salnan jesedi golaýdaky kölleriň biriniň düýbünden tapylýar. Ukrai...
Patologik anatomiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Bazar Seýitmämmedowiç Halmedow tel: (+99312) 73-75-82 e-mail: bhalmedov@gmail.com Salgysy: Aşgabat ş., 2255(O.Annaýew) köçe, Morfologiýa merkezi 83 jaý. 3-nji gat, 3069-njy otag. Patologik anatomiýa kafedrasy 1934-nji ýylda esaslandyryldy. Häzir...
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda ...
05.12.2022Türkmenistanyň Prezidenti Katarda FIFA-nyň prezidenti bilen duşuşdy ~ 05.12.2022Türkmenistanyň Prezidenti Katarda Niderlandlaryň we ABŞ-nyň futbol duşuşygyna tomaşa etdi ~ 04.12.2022Aşgabada ilkinji gar ýagdy ~ 24.11.2022Hoşallyk maslahaty geçirildi ~ 21.11.2022Katarda dünýä futbol baýramyna badalga berildi T...
Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlanyna bir ýyldan gowrak wagt boldy. Emma aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, bu sebitdäki täze jaýlaryň boş durandygyny görse bolýar. 1 Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze ...
Aliýew Geýdar Alirza oglu 1923-nji ýylyň 10-njy maýynda Nahçywan diýilen azerbaýjan şäherinde eneden bolýar. 1939-njy ýylda Nahçywandaky pedagogik tehnikumy tamamlap, Azerbaýjan industrial institutynyň (häzir Azerbaýjan Döwlet Nebitçilik Akademiýasy) arhitektura fakultetinde okap başlaýar. Başlan uruş okuwyny tamamlama...
Baş sahypa Jemgyýet Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar Ildeşlerimiz ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdylar 30.09.2022 1481 Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri Leýli Ýagşyýewa we Döwran Şammyýew ýaşlaryň ekologik işjeňligi boýunça St...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Diýarym – bagtyýarlygyň binýady” atly ylmy maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň eserleri milli gymmatlyklaryň çeşmesidir Ekspo 202...
Kosowanyň raýaty ABŞ-nyň 1300 çemesi hökümet we harby agzasynyň şahsy maglumatlaryny ogurlap, «Yslam döwleti» toparyna iberendigi üçin 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. ABŞ-nyň Adalat departamenti 23-nji sentýabrda Ardit Feriziniň 2015-nji ýylda Malaýziýada tutulyp, Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilendigini aýt...
Russiýada hökümete degişli däl guramanyň ýolbaşçysynyň ady rus resmileri tarapyndan “daşary ýurt agentleri” atly sanawa girizildi. Russiýanyň Adalat ministrliginiň talaby esasynda ýurduň Wolgograd şäherindäki hökümete degişli däl guramanyň ady “daşary ýurt agentleri” atly sanawa goşuldy. Düýbi Wolgograd şäherinde ýerle...
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarla...
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem...
Goranmak sekretary Çak Heýgel Birleşen Ştatlaryň, Amerika Siriýada harby hereket etmek kararyna gelen ýagdaýynda, zerur boljak harby-deňiz güýçlerini we käbir beýleki zatlary taýýarlamaga başlandygyny aýdýar. Heýgel prezident Obama Pentagondan Siriýa babatda harby çärelere taýýarlyk görmegi sorady, bu çäreleriň käbiri ...
Moskwa şäherinde “GDA+Dünýä” atly GDA agza döwletleriniň Halkara ykdysady forumy hem-de GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 85-nji mejlisi geçirildi. Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçen anna güni “GDA+Dünýä” atly GDA agza döwletleriniň Halkara ykdysady forumy hem-de GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 85-nji mejlisi geçirildi. Bu...
Türkmenistanyň resmi topary türkmen-özbek serhedini kesgitlemek boýunça iki ýurduň bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň işçi toparlarynyň Daşkentde geçirilen maslahatyna gatnaşdy, diýip resmi türkmen mediasy habar berýär. Özbegistanyň paýtagtynda 1-5 maý aralygynda bolan bu maslahatyň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mi...
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdum...
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky medeniýet günleri geçiriler. Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň 11-nji oktýabrda mälim etmegine görä, Türkmenistanyň resmi topary we medeni wekilleriniň 14-nji oktýabrda barmagyna garaşylýar. Täjik metbu...
Soňky ýyllarda paýtagtyň köçelerini giňeltmekde, şäher ýollaryny dünýä standartlaryna gabat geler ýaly derejä ýetirmekde köp işler edildi. Iki gapdallaýyn ýollaryň arasy güller, dürli dekoratiw agaçlar, suw çüwdürimleri bilen bezelýär. Köçelere aýratyn üns berilýändigine seretmezden, merkezi köçeleriň dürli sebäpler bi...
Gowy taraplary hakda pikir edeniňde tebigy gazyň belli bahasy ýok. Gazyň güýji bilen öýler ýylap dur. Adamlar odun daşamak aladasyndan dynç. Gazyň güýji bilen zawod-fabrikler işläp dur. Naharlar minnetsiz bişip dur. Ýöne gaz bilen işlemegi başarmasaň, ol durşy bilen betbagtçylyk. Türkmenistanyň oba-şäherlerinde tebigy ...
Kaýum Taňrygulyýew 1930-njy ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda dogulýar. Ol ýaşlykda şol obada hat gatnadyjy bolup zähmet çekýär. 1955-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Onuň «Altyn aşyk» atly ilkinji kitaby 1956-njy ýylda çapdan çykýar. K.Taňr...
Pakistan polisiýasy bir maşgalanyň 10 agzasynyň ýol hadysasynda heläk bolandygyny aýdýar. Ol maşgalanyň münüp barýan mini awtobusy Indus ýolunda garşy tarapdan gelýän iki awtobusyň aşagyna düşüpdir. “Kiçi awtobusdakylaryň onusy hem ýogaldy” diýip, Şamşora şäheriniň polisiýa sözçüsi 24-nji dekabrda aýtdy. Ölenleriň dörd...
Belgiýaly biznesmen Moskwanyň merkezinde öli tapyldy. Ol ýaşaýyş jaýyndan aşak gaçan ýaly bolup görünýär diýip, 30-njy awgustda rus mediasy habar berýär. Bruno Çarles De Kumanyň (Bruno Charles De Cooman) ölüminiň ýagdaýlarynyň derňelýändigini, polisiýa çeşmesi aýtdy. Ýöne ol De Kumanyň ölümine jenaýat işi hökmünde çeme...
Siriýanyň döwlet mediasy Damaskyň golaýynda ýerleşýän Tartous we Homs şäherleriniň hökümet güýçleriniň gözegçiligindäki böleklerinde bolan birnäçe partlamada azyndan 13 adamyň wepat bolandygyny habar berdi. Emma düýbi Britaniýada ýerleşýän “Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi” atly gurama 5-nji sentýabrda bolan partla...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýrat...
Dört ýyl ozal Owganystanda, göwreli halyna alpinist adamsyna ýoldaş bolan mahaly ýiten amerikan aýalyň ene-atasy «Talybana» haýyş bilen ýüzlendi. Olar ýesirlikde saklanýan är-aýalyň we olaryň iki çagasynyň azat edilmegini soraýarlar. Jeýms we Lin Kolmanyň ynanjyna görä, pitneçi topar olaryň gyzy Keýitlany, onuň Kanadad...
Gresiýada hökümetiň maliýe krizisi babatynda ýöredýän berk çärelerine garşy köpçülikleýin çykyşlar dowam edýär. Şu gün Afinyda çepçi guramalardan çykyş edýän protestçiler Akropoldan “Ýewropa halklary, aýaga galyň!” diýen ägirt uly ýazgyny asdylar. Grek Kärdeşler birleşikleri çarşenbe gününe ähliumumy iş taşlaýyş yglan ...
“Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň daşary gatnaşyklar strategiýasy: dost-doganlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen” atly maslahat <?xml encoding="UTF-8"> Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň daşary gatnaşyklar strategiýasy: dost-doganlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşl...
“The Economist” neşiri "ýylyň ýurdy" hökmünde Ermenistany saýlady. Neşir köçe protestleriniň netijesinde häkimiýetiň parahatçylyk ýagdaýda çalyşmagy bilen Günorta Kawkaz döwletinde “demokratiýa we täzelenmäge mümkinçiligiň” dörändigini aýtdy. Düýbi Londonda ýerleşýän žurnal korrupsiýa garşy iş alyp baran ozalky žurnali...
Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Leonidowiç Teksleriň biziň ýurdumyza dostlukly saparynyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Ural” Döwlet tans ansamblynyň konserti geçirildi. Konsertiň öňýany Türkmenistanyň we Çelýabinsk oblastynyň medeniýet ministrleri tomaşaçylar...
Prezident Dmitriý Medwedew Kuril adalaryna sapar etdi. Ol Ýaponiýanyň özümiňki diýýän adalarynyň birine baryp gören ilkinji rus lideridir. Medwedewiň Kuşanir adasyna sapary onuň Ýaponiýada noýabryň ortalaryna geçjek Aziýa – Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşmagynyň öň ýanlaryna gabat geldi. Ýaponiýanyň ...
Ukrainanyň oppozision deputatlary Kiýew şäher geňeşini “bikanun” diýip atlandyryp, onuň işini petiklediler. Penşenbe güni agzalýan geňeşiň edarasynyň öňünde 500 töweregi oppozision aktiwist howpsuzlyk işgärleri bilen ýakalaşdy. Şondan soň oppozision “Reformalar üçin Ukrainanyň demokratik birleşigi”, “Batkiwşçyna” ýagny...
Ol 1940-njy ýylyň Mart aýynda Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda dogulýar. 1959-njy ýylda orta mekdebi we 1964-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň okuwyny tamamlaýar. Şahyryň eserleri 1955-nji ýyldan çap bolup başlaýar. Ol ilki Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksionunda we 19...
Harytlary “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň resmi saýtyndaky “TurkmenPostMarket” onlaýn dükanyndan sargyt edip bolýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň onlaýn dükanynda satylýan harytlaryň sany artdyryldy. Hususan-da, täze harytlaryň arasynda çagalar we ulular üçin dokma önü...
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa 10-njy oktýabrda parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Resmiler Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş welaýatynda gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasyndaky çaknyşyklar köşeşýänçä saýlawlaryň geçirilmeli gününi yglan etmän geldiler. 10-njy awgustda bu regionda...
Amerikan hökümeti wezipesini terk eden Hosni Mubaregiň esasy kömekçileriniň banklardaky serişdelerini doňdurmak barada Müsüriň täze häkimiýetleriniň haýyşyna seredýär. Duşenbe güni agşam Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň duşuşygy açyldy. Onda Müsüriň öňki ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň ...
Ukrainanyň ot söndürijileri Çernobyl ýadro elektrostansiýasynyň daşynda radiasiýaly daşlaşma zonasynda tokaýda dörän ýangyna garşy göreşýärler diýip, resmiler aýdýarlar. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaranyň aýtmagyna görä, ýangyn 29-njy iýunda günortan Lubýanskoýe tokaýlygynda agaç çapmak boýunça işleriň alnyp bar...
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy: ABŞ-nyň prezidenti "Jo Baýdeniň" Günbatar Aziýa sebtine eden sapary we Eýrana garşy esassyz aýyplamalary Amerikanyň içerki zerurlyklaryny üpjün edýän oýundy diýdi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden anna güni bir ýagdaýda Saud Arabystanyna bar...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde çilim zerarly erkekleriň aýallardan ir ölýändigi mälim boldy. TobaccoControl žurnalynda çap edilen ylmy-barlag işi Ýewropada ýaşaýan adamlaryň ölümi babatdaky statistiki maglumatlarynyň analizine esaslanýar. Köp ýurtlarda erkekler bilen aýallaryň ...
29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 54 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanyp gurnalan konsertde yglan edilmegine görä, “Saňa meniň ak güllerim” atly täze aýdymyň sözlerini-de, sazyny-da prezidentiň özi ýazypdyr. Angliýanyň “The Telegraph” gazetiniň Almatydaky habarçysy Riçard Oranj Berdimuhamedowyň söýgi aýdymyn...
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi şeýle demonstrasiýalary gadagan edeninden soň, Bosniýa-Herzegowinanyň paýtagty Saraýewoda bu ýerde ýaşaýan türk raýatlaryna nazarlanan saýlaw ýygnanyşygyny geçirmekçi bolýar. Saraýewoda 20-nji maýda geçirilýän miting Türkiýäniň 24...
Syýahatçylyk döwletiň durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iň bir girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşary ýurtly syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak...
Tanymal rus ýazyjysy Ýuriý Oleşa Rus imperiýasynyň Ýelisawedgrad şäherinde, belorus dworýanlaryň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy salgytçy bolup işleýän eken. 1902-nji ýylda maşgala Odessa göçýär. Bu ýerde Ýuriý gimnaziýa okuwa girýär. Eýýäm 16 ýaşyndaka onuň «Klarimonda» atly goşgusy çap edilipdir. 1917-nji ýyl...
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açyly...
Öňňin — 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça zähmetde we döredijilik...
Hytaýda 15 milliondygy çaklanylýan uýgurlar Pekiniň alyp barýan syýasatyna garşy uzak wagtdan bäri şikaýat edip gelýärler. Paýlaş ABŞ-nyň dini azatlyklar hasabaty Hytaýyň uýgurlara çemeleşişini tankytlaýar share Çap et Hytaýdaky musulman uýgurlar dowamly ýagdaýda “elhenç kemsitmelere” sezewar edilýärler; emma, bu herek...
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda Hatyra gününe gabatlanyp, türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanynda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyşynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary we 1948-nji ýylyň Aşgabat...
Häzirki wagtda paýtagtda şäheriň köçelerini abadanlaşdyrmak we giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtyň dürli künjeklerinde estakadalardyr köprüler gurulýar. Türkmenistanyň baş şäheriniň köçeleriniň-de ençemesi giňeldilýär. Şol giňeldilýän köçeleriň biri-de Griboýedow köçesi, ol Aşgabadyň iň uly kö...
Orsýet Federasiýasynyň we Gazagystanyň prezidentleri W.Putin (ç) we N.Nazarbaýew (s), Astana, 15-nji oktýabr, 2015 Paýlaş Aşgabat: DIM Gazagystandan nägile share Çap et Türkmenistan Gazagystanyň prezidentiniň Türkmenistanyň serhediniň howpsuzlygyna degişli sözlerine protest bildirdi. “2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda ...
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi. 1 Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýyndan geçip barýan mümkinçilikleri çäklendirilen ýaşaýjy. Türkmenistanyň pension fondunyň maglumatyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurtda 121,810 sany mümkinçiligi çäkli adamlar bolup, ol...
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy iýulda Obama adminstrasiýasynyň Güleniň ekstradisiýa edilmegi baradaky talaba seretjekdigini, emmaWaşingtonyň bu talaby diňe ruhanynyň agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyna açyk subutnama bolan ýagdaýynda ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Kerri 16-njy iýulda Lýuksemburgd...
Ymambaba demirýol stansiýasy Mary-Serhetabat demir ýolunyň ugrundaky iri stansiýalaryň biridir. Bu demirýoluň iki tarapynda hem ilatyň ýaşaýandygyna garamazdan, bu ýerde pyýadalara niýetlenen geçelgeler göz öňünde tutulmandyr. Azatlyk Radiosy Ymambaba demirýol stansiýasy barada fotosergi taýýarlady. 1 Bu demirýol stans...
Baýramçylygyň esasy çäreleri paýtagt Aşgabadyň merkezi meýdançasynda, harby parad we ýurduň bäş welaýatyndan Aşgabada gelen delegasiýalaryň baýramçylyk ýörişi bilen bellenilýär. Ýurduň prezidenti we hökümet agzalary, parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky daşary ýurt missiýalarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň,...
NATO Owganystanyň Helmand welaýatynda amala aşyrylan howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen asuda raýatlaryň öldürilendigi üçin ötünç sorady. Ýaranlygyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, bu howa hüjüminde dokuz adam ölüpdir. Emma, Helmand welaýatynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, şenbe güni amala aşyrylan bu hüjüm...
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi. 1 Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde duran çanak antennalary. Şu ýylyň başyndan başlap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň ýokarsyndaky çanak antennalaryň aýrylmagy bilen, şu günler j...