text stringlengths 453 39.2k |
|---|
BMG-niň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyndaky hüjümiň aňrysynda kimiň bolandygyny anyklamak boýunça derňewi “öli”, emma Orsýet Günbatar ýurtlarynyň “täze mehanizmini döretmek” tagallalary üçin açyk diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi aýtdy.
Wasiliý Nebenziýa bu beýanaty bilen 22-nji noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşin... |
Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemle... |
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 29-njy oktýabrda Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç bilen duşuşýar.
Wuçiç soňky gezek Putin bilen bir ýyl mundan ozal duşuşypdy.
Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda gepleşik geçirýär, emma ÝB-niň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa garşy girizen sanks... |
Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşinýan Ýerewanda, protest mahalynda tussag edildi. Paşinýan premýer-ministr Serž Sarkisýan bilen başa barmadyk gepleşikden gysga wagt soňra tussag edildi.
“Adamlar Nikoly [Paşinýan] azat etmeli” diýip, oppozisiýadaky kanun çykaryjy Sasun Mikaelýan özi hem tussag edilmezinden öň žurna... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Ylym ynsan baýlygy» atly sergi gurnaldy
«Ene kalby nepisligiň nusgasy»
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän «Ylym ynsan baýlygy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak... |
Parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň birnäçesi Hatyra güni mynasybetli muzeýde giňden geçirildi.
TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýatynyň taryhy... |
Oktýabr aýyna çenli dowam etjek bu sergä dünýaniň 200 töweregi ýurdunyň we halkara guramalarynyň gatnaşjakdyklary habar berilýär.
“Gowy şäherde gowy ýaşaýyş” şygary astynda geçirilýan bu halkara sergisine 70 milliona golaý adamyň barjakdygy çaklanylýar.
18 million ýaşaýjysy bolan Şanhaý şäheri dünýaniň iň iri 10 şäheri... |
Salgysy: Aşgabat ş., B.Annanow köç., 28. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi
Tel: (+99312) 43-51-97
E-mail: guljahan7272@gmail.com
Kafedra 1935-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň D... |
Häzirki wagtda “Parahat” HK gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemegiň esasynda çagalar üçin pýureleri, şeýle hem kokteýlleri taýýarlaýar.
“Parahat” hususy kärhanasy şu ýylyň ahyryna çenli ýaşy 6 aýlykdan uly bolan çagalar üçin şüleleriň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Tür... |
2022 nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäginde “Ýüpekçilik – gadymy senet”atly sergi
gurnaldy.
Türkmenleriň ýüpekçilik medeniýeti öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýüpekçiligiň ha... |
Ýyldyz — jümmüşinde termoýadro sinteziniň reaksiýalary bolup geçýän (ýa-da öň bolup geçen), öz grawitasiýasynyň güýji bilen saklanýan, ýagtylyk goýberýän massiw gaz şary.
Alp daglarynda ýyldyzly asman, Şweýsariýa
Ýere iň ýakyn ýyldyz Gün bolup, ol G spektral klasynyň adaty wekilidir. Ýyldyzlar grawitasion gysylmanyň ne... |
Alymlar diňe gara deşikleriň merkezinde duş gelnen we şol sebäpdenem görünmeýän grawitasiýa ýeke-täkliginiň (singulýar) düýpgöter başgaça, ýagny üç ölçegli fazada döräp biljegini görkezipdirler.
Cambridge uniwersitetinden bolan alymlar kompýuter simulýasyýalarynyň kömegi bilen "sap ýeke-täkligiň" bolaýmagynyň ähtimaldy... |
Şu günler Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýynda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Mundan iki hepde ozal başlanan abatlaýyş işleriniň çäginde wokzalyň esasy binasynyň köçe tarapyna demir haýat aýlanyp, onuň öňünden geçýän Gurbansoltan eje şaýolunda agyr tehnika gurluşyk işlerini alyp barýar.
Häkimiýetler bu ýerde näh... |
Noýabr aýynyň 10-11-ne paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu çäre üstümizdäki ýylda hem wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn, şeýle-de adaty tertipde geç... |
Moldowan paýtagtynda 19-njy noýabrda Kişinýowyň şäher häkimini korrupsiýany hem içine alýan aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin wezipesinden boşatmalymy ýa-da ýok diýen sorag astynda referendum geçirilýär.
Dorin Kirtoakäniň (Chirtoaca) işden çetleşdirilmegi üçin saýlawçylaryň azyndan 163,570-si “hawa” diýip ses be... |
Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Kongrese daşary ýurtly liderlere gizlin gözegçilik etmegiň adaty zatdygyny we onuň köp wagtdan bäri ABŞ-nyň gözegçilik operasiýalarynyň bir bölegidigini aýtdy. Şeýle-de, ol bu tejribäniň ähli döwletler tarapyndan amala aşyrylýandygyny sözüne goşdy.
ABŞ-nyň ... |
Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy.
Türkmenistanda duşenbe güni Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellendi.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna we baýdak sütünine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gu... |
Halkara konwensiýalary, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara ulgamynyň wajyp bölegidir we FATF-yň maslahatlary bilen bilelikde bu ulgamda halkara standartlarynyň toplumyny döredýär.
Konwensiýalar, jenaýatçylykly ýol bil... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň noýabrynda «Türkmen topragyň berekedi» atly sergi gurnaldy
Ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda «Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi
Türk... |
Dünýä ilatynyň 8 milliard belligine ýakynlaşmagy bilen, UNFPA bu sebitdäki ýurtlaryň şahsyýetler, jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin bolup biljek...
10 Iýul 2022
Dowamy >
Täzelikler
UNFPA Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy boýunça BMG-nyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýetiniň saparyny gurnaýar
Birleşen Mille... |
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan.
1. Türkmenistanyň raý... |
Orsýetiň komandasynyň awtobusyna çüýşe zyňylyp hüjüm edildi we orsýetli sportsmen Türkiýe bilen 16-njy fewralda geçirilen futbol oýnunda öz köýnegini çykaryp prezident Wladimir Putiniň portretini köpçülige görkezdi.
Türkiýäniň polisiýasy Ýewropa ligasynyň ýaryşynda Türkiýäniň “Fenerbahçe” komandasy bilen duşuşyga barýa... |
Türkiýe ýurduň günorta-gündogarynda, kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde kürt jeňçilerini goldaýar diýip hasaplaýan ýerli häkimlerini işden aýryp, 24 munisipalitetde täze adminstrator belledi diýip, welaýat gubernatorynyň edarasy 11-nji sentýabrda aýtdy.
Bu munisipalitetler Kürt Halk demokratik partiýasynyň – HDP... |
Türkmenistan daşary ýurda syýahat etmek we ýurduň içinde hereket azatlygy baradaky çäklendirmeleri ret edýär. Bu, Türkmenistanyň BMG-nyň Adam hukuklary komitetine 2020-nji ýylda hödürlenen üçünji döwürleýin hasabatynda beýan edilýär.
Hasabatda COVID-19 epidemiýasyndan öňki ýagdaýlar jemlenýär. Soňra yzygiderli gatnawla... |
7-nji fewralda Olimpiýa oýunlarynyň başlamagynyň öň ýanynda, Russiýanyň Soçi şäherindäki olimpiýa desgalarynyň köpüsiniň gurluşygy heniz hem tamamlanmady. Işçiler Olimpiýa oýunlary başlamazdan ozal, gurluşykdan galan zir-zibilleri arassalamaga, kanalizasiýa sistemalaryny berkitmäge we köçeleri bejermäge howlukýarlar.
K... |
Öz ýurdunyň daşynda ýaşaýanlaryň sany geçen ýylkylar bilen deňeşdireniňde barha artýar we mesgen tutmak üçin Birleşen Ştatlar iň meşhur ýer bolmaga dowam edýär.
Bu Birleşen Milletler Guramasynyň ilat bölünişi tarapyndan çarşenbe güni ýaýradylan raportynyň iň esasy netijeleriniň biridir.
Täze statistika görä, 2013-nji ý... |
Birleşen Ştatlar Türkiýäniň häkimiýetleriniň sosial media ulgamy bolan Twitteri gadagan etmek synanyşygyny tankytlady.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Türkiýäniň hereketleri bu ýurduň demokratiýanyň ýokary standartlaryna eýermek islegi barada aýdan beýanatlaryna ters gelýär diýdi.
Anna güni Türkiýäniň ... |
“HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY “WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI - TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI
Skip to main content
“HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY “WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI
“HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY
“WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI
Ösüp gelýän ýaş nesli watan... |
Liwanyň paýtagty Beýrutyň aeroportundan uçan we Efiýopiýa Howaýollaryna degişli uçar Ak deňiziň howa giňişliginde weýran boldy.
Bu uçaryň ýolagçylaryndan 20 adamyň jesedi tapylypdyr.
Liwanyň prezidenti Mişel Suleýman bu waka bilen bagly öz administrasiýasynyň alyp barýan işleri barada şu gün habarçylara maglumat berdi.... |
Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) bilen bilelikde öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny (HYH) giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumlaýyn maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünli... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-y ý. 22-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gurnan “Medeniýet we sungat – ruhubelentlik çeşmesi” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagýar
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2016-njy... |
Stambulda bir türkmen studenti öz janyna kast etdi. Çeşmämiziň habaryna görä, 23 ýaşly Ýazdurdy Ýazdurdyýew 27-nji fewralda Stambulyň Maltepe etrabynda aradan çykdy.
“Oglum 3-nji fewralda Stambulda ýitirim boldy. 5-nji fewralda sagat 23:00-da Türkiýeden bir türkmen aýal bize jaň etdi diýip”-ejesi habar berýär. Ol Ýazdu... |
Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlerde Gazagystanyň oppozisiýadaky Demokratik saýlaw hereketiniň gurnaýan ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy bilen baglylykda onlarça adam tussag edildi.
Polisiýa 23-nji iýunda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, protest geçirmegiň teklip edilýän ýeriniň töwereginde barrikada gurdy we ol ýere g... |
Birleşen Ştatlaryň Goşma serkerdeler ştabynyň başlygy, general Martin Dempsiý we Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg Ysraýyly Eýranyň ýadro programmasyna garşy hüjüm etmezlige çagyrdylar.
Ýekşenbe güni CNN-e beren interwýusynda Dempsiý Eýrana hüjüm etmäge Ysraýylyň mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne haýsydyr bi... |
BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary Neýwi Pillaý Liwiýanyň hökümetiniň protestçilere eden zulmy boýunça halkara derňewleri geçirmäge çagyrdy.
BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça öňki sudýasy Neýwi Pillaý “parahat ilata garşy edilýän dowamly hüjümlere adamzada garşy jenaýat hökmünde seredilip bilner” diýip, Liwiýa... |
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk
Habarlaşmak üçin
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilip geçildi
08.06.2021
Toýlary toýlara ulaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda... |
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk
Habarlaşmak üçin
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy bellenilip geçildi
30.09.2022
Täze okuw ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramy bilen goşulyşyp başlanan üstümizdäki aý şanly wakalary bilen i... |
Çeçenistanyň paýtagty Groznyda az hem bolsa urşuň alamatlary saklanyp galypdyr. Soňky onýyllygyň dowamynda bolup geçen uruşlarda Çeçenistanyň ençeme ýerlerine zeper ýetdi. Reuters habar gullugynyň suratçysy Maksim Şemetowyň taýýarlan fotosergisinde Çeçenistanyň gaýtadan gurlan köçelerini, täsirli täze binalaryny, şeýle... |
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk
Habarlaşmak üçin
“Ak altyn” — 2022
23.09.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlerdir özgerişler... |
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi aprel aýynda mart aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,7% ýokarlandy.
Bütindünýä azyk önümleriniň bahalary aprel aýynda, ýagny yzygiderli 11 aý bäri ýokarlanyp gelýär. Esasanam şekeriň, azyk ýaglarynyň, etiň, süýt we galla önümleriniň bahalary ýokarlandy. Bu barada BMG-niň Azyk we ... |
Kosowada dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly resmi netijesi duşenbe güni yglan edildi.
Bu yglan edilen netijelere görä, Kosowanyň häzirki premýer-ministri Haşim Taçiniň Demokratik partiýasy iň köp ses alan partiýa hasaplanylýar. Onuň partiýasy 120 orunlyk parlamentden 34 orun alypdyr.
Ikinji orun... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan goragy mukaddesdir» atly sergi gurnaldy
Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň ygrarlylygynyň ýurdy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Watan goragçylarynyň günine bagyşlap “Watan goragy mukaddesdir” atly serginiň açylyşyna ony ... |
Bu ýyl Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşiklerine 15-20 gektar meýdana kartoşka ekmek plan borçnamasy berildi, ýöne olaryň hiç haýsysyna döwlet tarapyndan tohumlyk berilmedi. Ýagdaý şeýle bolansoň, daýhan birleşikleriň başlyklary tohumlyk ýer almasy üçin halkdan pul ýygnap ony ekdirmekçi bolýar. Bu barada Azatlyk Radios... |
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma delegatlar... |
ABŞ terrorçylardan dürli howp-hataryň abanýandygy baradaky duýduryşlara garamazdan, 2011-nji ýyl terrorçylyga garşy global göreşde “özgeriş döwri” boldy diýip hasaplaýar.
Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş baradaky ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
Onda terrorçylyga garşy göreşde iň möhüm waka... |
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisiniň çäginde sergi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 77 ýyllygy mynasybetli «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly sergi geçirildi
Mu... |
24.11.2022Hoşallyk maslahaty geçirildi ~ 21.11.2022Katarda dünýä futbol baýramyna badalga berildi ~ 18.11.2022 Katar dünýä çempionatynyň bosagasynda ~ 16.11.20222024-nji ýyldaky Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti oýunlaryň resmi şekilini saýlady ~ 16.11.2022Uniwersiadanyň woleýbol ýaryşy
Arkadagyň ýoly bilen
2022-nji ýy... |
Aşgabatda Aziýa oýunlary mynasybetli has köp köçeleriň ýapylmagy netijesinde, şäheriň käbir böleklerinde uly awtoulag dyknyşygy emele geldi.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri Nurmuhammet Andalyp (öňki “Mir”) köçesinde emele gelen awtoulag dyknyşygynyň uzynlygynyň 2 kilometre golaýdygyny aýdýarlar.
“Nurmuhammet A... |
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin 20-nji oktýabrda giçlik Moskwa bardy. Putin Siriýanyň režiminiň iň güýçli halkara goldawçysydyr.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Assadyň “iş sapary” bilen agşamara Moskwa gelendigini aýtdy.
Siriýanyň döwlet telewideniýes... |
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşally... |
Ortoped lukmanlaryň bellemegine görä, uklanda adamynyň arkan we gapdallaýyn ýatmagy saglyk üçin has ýaramly bolup durýandyr we onuň içki agzalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsiri ýokdur. Ýüzin (garnyň üstünde) ýatmagy halaýan adamlar onuň saglyk üçin oňaýly däldigini we oňurganyň üýtgemegine getirip biljekdigini ýatda saklama... |
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un. 31-nji maý, 2018 ý.
Paýlaş
Demirgazyk Koreýanyň lideri Lawrowa “denuklearizasiýa” ygrarlydygyny aýtdy
share
Çap et
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa özüniň denuklearizas... |
Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Leonidowiç Teksleriň biziň ýurdumyza dostlukly saparynyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Ural” Döwlet tans ansamblynyň konserti geçirildi. Konsertiň öňýany Türkmenistanyň we Çelýabinsk oblastynyň medeniýet ministrleri tomaşaçylar... |
Baş sahypa Wakalaryň jümmüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
26.09.2022
1951
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çe... |
Baş sahypa Jemgyýet Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy
15.11.2022
1529
Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny guramaçylykly geçirmek, ... |
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-ylmy kafedralary döredildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi kafedrasynyň esasynda ýöriteleşdirilen «O... |
Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň prezidentleri ilkinji regional sammitini geçirmek üçin Gazagystanda jemlendiler. Olaryň soňky tas on ýylyň dowamynda ýokary derejede geçirýän bu ilkinji duşuşygyna Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň 2016-njy ýylda ýogalmagyndan soň, regional ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň gowul... |
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Moskwada ors resmileri bilen Eýranyň ýadro programmasy babatda dörän halkara çigşigi çözmek we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat edýär.
Salehi duşenbe güni daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar hem-de Orsýet bilen Eýranyň bi... |
BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) berýän maglumatyna görä, awgust aýynda Siriýadaky gazaplylykdan 100 müň töweregi adam goňşy ýurtlara gaçyp barypdyr.
BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assada garşy başlanan gozgalaňdan bäri, bu ... |
23-nji martda Bişkek şäherinde geçirilen halk maslahatynda eden çykyşynda, Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakiýew Günbatar demokratiýasynyň prinsipleriniň öz ýurduna laýyk gelmeýändigini aýtdy.
Gyrgyz prezidenti erkin saýlawlara hem raýatlaryň şahsy hak- hukuklaryna esaslandyrylýan demokratiýanyň prinsipleriniň Gyr... |
Hytaýyň sudy öňki ýokary derejeli syýasatçy Bo Ksilainiň şikaýatyny ret etdi we parahorluk, bidüzgünçilik we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda onuň ömürlik türme tussaglygyny güýçde saklady.
Döwlet eýeçiligindäki “Xinhua” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu karary Hytaýyň günortasyn... |
1991-nji ýylyň aýagynda Sowet Soýuzy öz ýaşamagyny bes etdi. SSSR-iň dargamagynyň öň ýanynda, Soýuz respublikalarda özbaşdaklyk hem garaşsyzlyk ugrunda örän köp sanly mitingler bolup geçdi.
1 Dekabr wakalary ýa-da Alma-Atadaky (häzir – Almaty diýilýär) Želtoksanda Kremliň merkezleşdirýän hökümetine garşy Sowet Soýuzynd... |
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
Eýranda elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy sebäpli Türkmenistandan elektrik energiýasy import edilip başlandy. Elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy Eýranda temperaturan... |
Daşoguz Tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärhanada miweli, saýaly, pürli agaçlaryň üzümiň, tudyň, bezeg gülleriniň onlarça görnüşini köpeltmek işi alynyp barylýar. Tokaý hojalygynyň işgärleri agaç nahallaryny oturtmagyň her ýyldaky ýazky we gü... |
Çarşenbe güni Bagdatda bolan bomba partlamalarynda azyndan 21 adam öldi we onlarçasy ýaralandy. Partlamalaryň aglabasy şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan territoriýasynda ýüze çykdy.
Yragyň polisiýa resmileriniň berýän maglumatyna görä, hüjümleriň biri Sadria etrapçasynyň merkezinde bolupdyr. Bazarda bolan bu partlamada söwd... |
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-ylmy kafedralary döredildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi kafedrasynyň esasynda ýöriteleşdirilen «O... |
Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna öz synçylaryny ibermek kararyna geldi. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Bu mesele Arkalaşygyň penşenbe güni Minsk şäherinde geçirilen maslahatynyň gün t... |
Penşenbe güni Owganystandaky NATO güýçleriniň resmileri şu hepdäniň başynda koalision güýçleriň ýalňyşlyk bilen ýerli parahat ýaşaýjylardan birnäçesini öldürendiklerini boýun aldylar.
Hususan-da, halkara ýardam güýçleriniň metbugat sekretary şu hepdäniň sişenbe güni Host welaýatynyň Şamal etrapynda ýaragly söweşijilere... |
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda hereket edip başlady we şol wagt onyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Häzir olar ýetginjek hokkeýçilere öwrüldiler. Hokkeý oýnuna kämilleşmek boýunça ýurdumyzda ähl... |
Türkmen Döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda prezident, şol bir wagtda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory diýip tanadyl... |
15-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň sudýasy şäheriň seýilgählerinde protest geçirmek üçin çadyrlar dikmegi gadagan etmek baradaky häkimiýetleriň kararyny makullady.
Suduň hepdäniň sişenbe güni çykaran kararyna laýyklykda, protestçilere şäheriň “Zukotti Parkynda” çadyr dikip, olarda ýaşamak gadagan edilýär.
14-nji noýabr... |
Ýewropanyň Adalat sudy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) başpena gözleýänleri ýerleşdirmek hakynda girizen hökmany kwotasyna garşy Wengriýanyň we Slowakiýanyň gozgan sud işini doly ret etdi.
Suduň 6-njy sentýabrda çykaran kararynda ÝB-niň ýerleşdirmek boýunça kararynyň “Gresiýanyň we Italiýanyň 2015-nji ýylyň migrasiýa krizis... |
Türkmenistanyň ýörite hyzmatlary jurnalist Soltan Açilowa psihiki taýdan basyş etmegi dowam etdirýär. Bu barada Hronika Turkmenistan öz saýtynda habar berýär.
Ony aç-açan yzarlaýarlar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýa-da polisiýanyň işgärleri Açilowanyň duşuşýan adamlarynyň ýanyna gelip, haýsy maksat bilen duşuşandyk... |
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan taslamalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe gün Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda al... |
Gyrgyzystanyň Gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimow saklandy. Onuň ýurduň daşyna çykarylan ýüzlerçe million dollary öz içine alýan korrupsiýa shemasyny açyp görkezen ýokary derejeli žurnalistik derňewde ady agzalýar.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) beren beýanatynd... |
Orsýetiň we Saud Arabystanynyň nebit ministrleriniň Kataryň paýtagty Dohada duşuşýandygy barada habar berilmegi dünýäniň iň uly nebit öndüriji ýurtlarynyň önümçiligi azaltmak meselesini ara alyp maslahat edýändigi baradaky çaklamalary döretdi.
Sitirlenýän çeşmelere görä, 16-njy fewralda geçirilýän gepleşiklere Wenesuel... |
Zakaspiý welaýat muzeýi. Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol gymmatlyklar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi.
1894-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Zakaspiý harby-halk uprawleniýesi muzeýi dör... |
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk
Habarlaşmak üçin
Ajap eýýamyň desgalary
14.10.2022
Üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her güni guwançly wakalary bilen il-günümiziň kalbynda ýokary ruhubelentligi döredýär. Milli ykdysadyýet... |
Depesine dürli reňkler çaýylyp, lowurdap duran gümmezli köşkleriň sany diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň welaýat merkezlerinde hem barha artýar. Olar sanardan kän.
Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanan köşk gurluşygy soňy bilen has-da möwjäp ugrady. Tiz wagtda üç müň adama niýetlenen Maslahat... |
Russiýanyň raýatlary, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşaýanlar, Russiýanyň prezidentligine bir ýa-da başga bir kandidata ses berdiler, ýa-da ses bermediler. Şol sanda Türkmenistandada. Russiýanyň RIAN habar gullugy tarapyndan berlen maglumata görä, bu ýurduň 63000 töweregi ýaşaýjysy Russiýanyň prezident saýlawlar... |
Olar bu ylalaşygyň Eýranyň öz ýadro programmasynyň üstünde işlemek hukuklaryny ykrar edýändigini aýtdylar.
Eýranyň ýokary ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni Ženewada gelnen ylalaşygyň progresi çuňlaşdyrmak üçin baza, esas bolup durýandygyny aýtdy.
Prezident Hassan Rohani konstruktiw gepleşikler we gepleşik... |
Orsýetiň ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial merkezi syýasy repressiýalaryň pidalarynyň hatyrasyna "Atlary dikeltmek" ady bilen Moskwanyň Lubýanka meýdançasynda ýörite aksiýany ýola goýdy. Moskwa, 29-njy oktýabr, 2011.
Paýlaş
Sowet repressiýalary: Ýaşlar näme bilýär?
share
Çap et
Orsýetde we öňki sowet respublikalarynyň... |
Olimpiýa hereketi – bu HOK ýokary ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylalaşykly, guramaçylykly, uniwersal we hemişelik hereketler
Olimpiýa hereketi – bu Halkara Olimpiýa Komitetiniň, olimpizmiň gymmatlyklary bilen ruhlanan ähli adamlaryň we guramalaryň ýokary ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýan ylalaşylan, guramaçalykly,... |
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň, Afrika we musulman ýurtlarynyň garşylygyna garamazdan Floridada geý klubunda köp adam pidaly ok atyşygy ýazgaryp, 13-nji iýunda çykyş etdi.
Howpsuzlyk Geňeşiň BMG-niň rezolýusiýasynyň taslamasynda bu hüjümi “adamlaryň öz jynsy aýratynlygy üçin hüjüme sezewar bolmagynyň netijesi” diýi... |
Salam gadrdan diňleýji.Ýakynda Ýohanna gelen aýanlyk Kitapyny okap durup çuňňur oýa batdym.Resullerden Ýohanna bu aýanlygy alanynda nahilli ýagdaýda bolon eken?Hudaýyň perişdesi Ýohannä jemagatlar hakynda geplan.Hudaýyň bu jemagatlar hakyndaky pikri şol wagtdaky jemagtlara oran ýagşy gollanma bolup hyzmat eden bolsa gi... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Haly türkmeniň köňül nagşydyr” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.
2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygr... |
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonyň Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasy baradaky öňe sürmelerini “ykrar etmeýändigini we hiç haçan etmejekdigini” aýtdy. Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainynyň Krym ýarymadasyny eýeläp, ony anneksiýa edipdi.
“27-nji fewralda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ... |
Russiýanyň iň gurply aýallarynyň biri, “S7 Groupyň” başlygy we onuň eýeleriniň biri Nataliýa Filewa Germaniýanyň günorta-günbatarynda bolan uçar heläkçiliginde öldi diýip, S7 howaýollary kompaniýasy aýdýar.
Howaýollary kompaniýanyň metbugat gullugy özüniň 31-nji martda beren maglumatynda “Epic-LT” kysymly ýeke motorly ... |
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy.
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasyn... |
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, düýn Bakuwda ykdysady hyzmatdaşlyk barada türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahaty tamamlandy.
Duşuşyga gatnaşan türkmen delegasiýasynyň düzüminde ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy spesialistler boldy.
Azerbaýjanyň delegasiýasyna ýurduň premýer-mi... |
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçyly... |
Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. “Döwlet – adam üçindir!” şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň e... |
Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige erkini aldyran adam ýaşyna garamazdan, saglygyny ýitirýär. Adamlaryň arasynda abraýdan gaçýar. Maşgalasynyň agyr gününe sebäp bolup, ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere salýar. Hut şonuň üçinem ýokarda ýatlanlarymyza garşy göreş hemişe derwaýys wezipe bolm... |
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2017-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gurnan “Döwlet mertebesi – Watan baýdagy” atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini çagyrýar.
MUZEÝ GYMMATLYKLARY WE WATANÇYLYK TERBIÝESI
Türkmenistanyň Döwlet ... |
Şu gün 20 ýyldan gowrak häkimiýet başynda otyrup, dürli repressiýalara ýol beren Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölenine 3 ýyl boldy.
Bu gün geçen iki ýylda Nyýazowyň ýatlama güni hökmünde bellenipdi.
Bu ýyl 21-nji dekabyryň bellenilşi barada türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýriýew bize şeýle ... |
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýadaky ýagdaý barada telefon arkaly pikir alyşdylar, diýip iki ýurduň resmileri mälim etdiler.
Kremliň 6-njy iýulda aýtmagyna görä, telefon arkaly gepleşik geçirmegi teklip eden Putin Obamadan Siriýada aram oppozision gozgalaňçylaryň we “Al-Kaýdan... |
Siriýanyň prezidenti Başa al-Assad Siriýa, Orsýet, Eýran we Yrak terrorizme garşy söweşde birleşdi diýdi.
Eýranyň telewideniýesi 4-nji oktýabrda Assadyň sözlerini sitirläp, bu dört ýurt «praktiki netijeleri» gazanar diýdi.
“Orsýetiň, Siriýanyň, Yragyň we Eýranyň arasyndaky ýaranlyk hökman rowaçlyk getirmeli ýa-da tutuş... |
Baş sahypa Resmi Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy
Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibi tassyklanyldy
18.11.2022
3540
“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyk... |
Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda, Amyderýanyň aşaky akymynyň çepkenar böleginde ýerleşýär. Onuň meýdany 73,43 müň km2 deňdir. Welaýatyň tebigy çäkleri: demirgazykda Üstýurt gyrlary, günortada Üňüz aňyrsyndaky Garagum, günbatarda Gökleňguýy çöketlikleri bilen araçäkleşýär.
Welaýatyň çäkleri Amyderýanyň delta d... |
ABŞ-nyň şikaýat sudy 7-nji fewralda prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň ýurda barmagyna wagtlaýyn gadagançylygy dikeldip-dikeltmezlik meselesi boýunça diňlenişik geçirer.
San Fransiskonyň şikaýat sudy Ýustisiýa departamentiniň we Waşington hem-de Minnesota ştatlarynyň ýuristlerinden... |
Subsets and Splits
No community queries yet
The top public SQL queries from the community will appear here once available.