text
stringlengths
453
39.2k
16-njy noýabrda Tähranyň 740 orunlyk opera öýünde, ýurduň iň meşhur aýdymçy-sazandalarynyň çykyş edýän Wahdat zalynda Eýranyň meşhur aýdymçysy Morteza Paşaýi bilen, soňky ýoluna ugradylmazyndan öň, hoşlaşyk dabarasy geçirilýär. Paşaýiň müňlerçe muşdagy 14-nji noýabrda garyn düwnügi keselinden ýogalan aýdymçynyň hormaty...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, 2015-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan “Hakydadan öçmejek gije” atly sergini görmek isleýänleriň hemmesini çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2015-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Türkmen halkynyň geýinmek we bezenmek medeniýetiniň as...
Geljek ýyllarda täze binalaryň açylan künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy sany 32-ä ýetirilip, bu ýerde täze mekdep, çagalar baglary, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki desgalar bina ediler. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda we Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi Balkanabatda Türkmenistanyň hukuk g...
Londonyň “Sunday Times» gazetiniň ýazmagyna görä, britan hökümeti 15 müň siriýaly bosguny kabul etmäge taýýar we Siriýadaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy howa zarbalaryny urmak üçin oppozisiýadaky Zähmet partiýasyndan goldaw almaga çalyşýar. Ozal bu gazet bosgunlary Siriýanyň serhedindäki BMG lagerinden g...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (sagda) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Bali, Indoneziýa. 7-nji oktýabr, 2013 ý. Paýlaş Siriýa: Kerri we Lawrow gepleşdi share Çap et ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow siriýa konfliktini maslahat etdiler. Kerri ýekş...
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we HZG-niň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini bellediler. Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hün...
Türkmenistanyň sosial durmuşynyň we ilatyň sosial üpjünçiliginiň ýagdaýyna ýurduň ykdysady, maliýe we bank pudaklaryna bagyşlanyp 17-nji awgustda geçirilen maslahatda garaldy. Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ösüşi boýunça 17-nji awgustda geçirilen döwlet maslahatynda berlen hasabatlarda ýurt ýolbaşçylarynyň alyp b...
2. Daşary ýurt pul möçberindäki ýa-da onuň resmi kursy boýunça milli manatda bolan ekwiwalentindäki geleşikleriň we amallaryň çägini belleýär; 3. Maglumatlary berýän taraplardan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyn...
Awstraliýanyň ýangyna garşy göreşýän gulluklary ýurduň günortasyndaky New South Wales ştatanyň uly tokaý ýangynynyň turmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durandygyny duýdurýarlar. Ýekşenbe güni berlen duýduryşda maýyl howanyň we güýçli ýeliň bileleşip, soňky kyrk ýylda görülmedik erbet ýangyny döretmeginiň mümkindigi aýdylýar. ...
BMG geçen ýyl Owganystanda asuda ilatdan öldürilenleriň we ýaradar bolanlaryň 14 prosent köpelendigini aýtdy. BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasy özüniň ýyllyk hasabatynda 2013-nji ýylda asuda ilatdan 8615 pidanyň hasaba alnandygyny, olaryň 2959-synyň öldürilendigini, 5656-synyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy. Bu 20...
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda hereket edip başlady we şol wagt onyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Häzir olar ýetginjek hokkeýçilere öwrüldiler. Hokkeý oýnuna kämilleşmek boýunça ýurdumyzda ähl...
Oba hojalygy Saglyk goraýyş we Sport Medeniýet we Bilim Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby Syýasat habarlary Gurluşyk Habarlaşmak üçin Watanymyzyň geljegi — ýaşlar 30.09.2022 Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Ýaşlaryň m...
BALKAN WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI - TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI Skip to main content BALKAN WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI BALKAN WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI Muzeý öz gymmatlyklaryny ilkinji gezek halk köpçüligine 1974-nji ýylda görkezip başlaýa...
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň o...
Golaýda Orsýetiň ýaşaýyş jaýlar we kommersiýa emlägi boýunça “Penny Lane Reality” agentliginiň spesialistleri dünýäniň 60 ýurdunda ýaşaýyş jaý üçin berilýän ipoteka karzynyň ilata elýeterliliginiň reýtingini düzdüler. Olar emläkleriň nyrhyny, ipoteka karzy üçin tölemeli ortaça göterimi, şol karz üçin hasap açmagyň we ý...
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 30-njy sentýabryndaky Permany bilen Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky (London şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazmyrat Nurniýazowiç Serýaýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Şwesiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşar...
“Apple”-iň bahasy amerikan kompaniýalarynyň arasynda ilkinji bolup $2 trilliondan geçdi. (Surat: “Reuters”) “Apple”-iň bahasy amerikan kompaniýalarynyň arasynda ilkinji bolup $2 trilliondan geçdi. Iki ýyl ozal ol ilkinji bolup $1 trillion baha derejesine ýetdi diýip, çarşenbe güni “Associated Press” habar berdi. Soňky ...
Şu gün Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň paýtagty Kabulyň merkezinde ýaragly söweşijileriň guramaçylykly ýagdaýda amala aşyran hüjümlerinde 16 adamyň ölüp, 30-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler. Ölenleriň arasynda daşary ýurtlaryň hem raýatlarynyň bardygy habar berilýär. Hindistanyň hökumeti Kabul...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 77 ýyllygy mynasybetli «Hakydada baky ýaşaýan gerçekler» atly sergi geçirildi Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi Ita...
Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde ýaglaryň çalgy, motor, dizel, senagat we beýleki görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Seýdiniň nebiti ga...
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralar, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly beýleki taraplaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk bar. Pudag...
Türkmenistanyň şäherara, welaýatara awtoýollarynyň islendiginde diýen ýaly kireý edýän hususy taksi sürüjiler bar. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinden Daşoguza barýan ýolunda-da şeýle. Bu ýoluň Türkmenistandaky ähli welaýatara awtoýollarynyň arasynda iň erbedidigini şol ýoldan taksili geçip görenler aýdýarla...
Soňky döwürde Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda döwlet ýolbaşçylary tarapyndan aladalar edilýär, ýygy-ýygydan forumlar geçirilýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar ýakasyndaky “Awaza” dynç alyş zolagynda uly gurluşyklaryň amala aşyrylmagynyň göz önünde tutulýandygyny bel...
2. Daşary ýurt pul möçberindäki ýa-da onuň resmi kursy boýunça milli manatda bolan ekwiwalentindäki geleşikleriň we amallaryň çägini belleýär; 3. Maglumatlary berýän taraplardan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyn...
Birma hökümetiň «söýgi rehimdarlygy» akty diýip häsiýetlendiren amnistiýasy esasynda 69 sany syýasy tussagy azatlyga goýberdi. Prezident Tein Sein ýylyň aýagyna çenli wyždan ýesirleriniň ählisini azatlyga çykarjakdygyny aýtdy. Anna güni azat edilenleriň köpüsiniň etniki azlyklaryň agzalarydygy aýdylýar. «Amnesty Intern...
Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmilerine salgylanyp, Aleppo şäherinde bolan iki partlamada azyndan 25 adamyň heläk bolandygyny, 175-e golaýynyň ýaralanandygyny habar berdi. Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň beren maglumatynda anna güni amala aşyrylan bu hüjümlerde Siriýanyň ha...
Çarşenbe güni, 29-njy awgustda Ukrainanyň Ýokary sudy wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ýuliýa Timoşenkonyň şykaýatyna garar, diýlip maglumat berilýär. Wiktor Ýanukowiçiň hökümeti Timoşenkonyň Orsýetden gazy satyn almak barada gol çeken ylalaşygynyň Ukrainanyň mi...
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär 02 Awgust, 2021 ý. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymy...
ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady. 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konfer...
Gürjüstanyň prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri barada ýurduň saýlaw toparynyň deslapky ýaýradan maglumatyna görä, premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň ýarany bäsleşigiň anyk ýeňijisidir. Duşenbe güni Gürjüstanyň saýlaw topary ýekşenbe güni geçirilen saýlawlardan soň býulletenleriň ählisiniň diýen ýaly sanalandygyny...
“ICE Futures Exchange” biržasynda sişenbe güni geçirilen söwdalaryň dowamynda Brent nebitiniň aprel aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 57 ABŞ dollaryndan geçdi. Şol bir wagtda, WTI nebitiniň mart aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 54 ABŞ dollaryndan geçdi. ABŞ-da nebitiň gorunyň azalmagy we ýurduň demirgazyk-gündogarynda güý...
Türkmen hem-de özbek halklary heňňamyň irki döwürlerinden bäri goňşy bolup, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup gelipdirler. Ruhy taýdan ýakyn, milli däp-dessurlary bir daragtyň iki pudagyny ýatladýan bu halklaryň gardaşlygy, garyndaşlygy has ezeldendir. Özbegistanyň käbir sebitlerinde türkmenleriň, ýurdumyzyň s...
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly gibrid görnüşinde halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeg...
Türkmenistanda şu gün tamamlanýan “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisinde esasy düşelgeleriniň biri Garagum sähralygyny bezeýän «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Atawatan Türkmenistan Žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanylýan we www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda neşir edilýän makalalar toplumynda bu gün...
Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurduň dürli pudaklarynyň ministrleri paýtagtyň Sergi köşgünde degişme sahnalary bilen çykyş ederler. Şu günler täze ýyl dabarasy mynasybetli ýurduň ministrleri paýtagtyň Sergi köşgünde degişme sahnalaryny görkezmek üçin repetisiýa geçýärler. Ministrleriň degişme sahnalaryna Türkme...
Owgan resmileri ýol ýakasynda goýlan bombanyň partlap, 14-nji iýun agşamy saýlaw uçastogyndan miniawtobusly öýlerine gelýän saýlaw işgärleriniň onusyny we bir çagany öldürendigini aýdýarlar. Samangan welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Sedik Azizi 15-nji iýunda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna ölenleriň dördüsiniň Owga...
Siz nähili oturmagy halaýarsyňyz? Biziň herimiziň öz oturyş ýagdaýymyz, aýratynlygymyz bolup, ol biziň bedenimiziň saglyk ýagdaýyna, endigimize, jemgyýetde tutýan ornumyza baglydyr. Siz aýagyňyzy aýagyňyzyň üstünde goýup oturmagy halaýaňyzmy? Göräýmäge, amatly. Şeýle oturma has hem zenanlaryň arasynda ýörgünli we bu ot...